22:28 Ýürek buýsanjy | |
ÝOLLARYÑ AHYRY-ÝEÑIŞ
Edebi makalalar
Ýeňiş gazanmak ynsanyň yhlasynyň, çeken zähmetiniň miwesi bolmak bilen bir hatarda, indiki edilmeli yhlasyň, çekilmeli zähmetiň, eliň galamly şöwür çekilmeli ençeme gijeleriň başlangyjydyr. Heniz mekdep okuwçysy wagtym "Berkarar döwletiň ylham joşguny" döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdym. Ine, bu gün ýyllar geçip bagtyýar döwrümiziň bagtly talyby bolup, edil şol bäsleşikde baş baýraga mynasyp bolmagym halypalaryň berýän gymmatly maslahatlarynyň, öwredenleriniň, ündewleriniň miwesi. Biz ýaşlar bagt bagyna ekilen güller misli idegden boý alýas, gül açýas. Goşgularyma halypa nazary bilen garap ak ýollara ugrukdyran halypam, mugallymym Ogulkeýik Nurberdiýewa köp sag bolsun aýdýan. Iki günläp akyldar şahyr Magtymguly atamyzyň dogduk ili, aýak yzy galan, goşgularyna ylham bolan mukaddes topragyň goýnunda myhman bolduk. Aý daglaryny, Magtymguly Pyragynyň muzeýindäki gymmatlyklary, bu ýerdäki gözel tebigaty synlamagyň özi kalbymyza ýene näçe şygyrlaryň ylham tohumyny sepdi. Aslynda, şunuň ýaly Watanda bagtly döwrüň bagtyýar talyby bolup joşmazlyk, döretmezlik mümkin däl. Nesip bolsa, bu günki gazanan ýeňşim galamyma joşgun berip, täze üstünlikleriň gözbaşy bolar diýip ynandyrýaryn. | |
|