07:47 Ýürek sensiz oñmajagyn... | |
ÝÛREK SENSIZ OÑMAJAGYN...
Goşgular
![]() Ýürek sensiz oñmajagyn bilse-de, Ädimlerme badak atýar mertebäm. Kömür saçlañ kümüş bolan tary bar, Meñ öñümde ellenmedik ertelem. Gülleñ içi seýil-seýran mesgenim, Sen buz basan ýüreklerde taýypsyñ. Aýy apar, ýyldyzy dak boýnuma, Dahana ýaraşmaz diýseñ: "Taýymsyñ". Bilýän, göreçleriñ meniñ kölegäm, Seriñ - serhoş, elleriñde badañ ýok. Gedem-gedem bakyşlaryñ zarbyndan Goramakdan hem söýmekden ýadañok Geçmeli ýollaryñ kartasyn çyzyp Ýelmenipdir pursat bermän soraşma. Pelek çarhyn saklamaga çakym ýok, Ýoluñ açyk, sen meñ üçin garaşma! Gülnabat HURŞIDOWA. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |