23:20 Ýygra söýgi | |
ÝYGRA SÖÝGI
Goşgular
Bolsaňda sen maňa örän golaýda, Göwnüme şonçada uzakda ýaly. Dünýämde gül açan "Söýgi" bagynyň, Saýasynda saňa garaşýan häli. Sen alys ýerlere uçmak isleýäň, A men has golaýa seniň yanyňa. Düşünmek neneňsi kyn bolup biler, Bir inçe ýüp bilen öz ýüregimi, Seniňkä baglamak isleýänime. Biz hemişe şol bir ýoldan ýöreýäs, Şol bir agaçlaryň diňleýäs böwrün. Düýnki aýtjaklarmy bu güne goýdum, A bu gün şolara büdüräp ýörün. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |