21:44 Bagtyñ nyşany | |
BAGTYŇ NYŞANY
Goşgular
Ömrümde Güneşiň ilkinji gezek, Şeýle gözel dogşun sende synladym. Göz görende sözler aljyraýarmyş, A men seni taryp etdim, dymmadym.. Söze-de hernäçe çeper bolsamda, Waspyňy sygdyrmak kyndyr olara. Bagtyň reňki bilen reňklenen keşbiň, Ylham çeşmesidir şahyr bolana. Zeminiň müdümi kadasy bilen, Ynsan bagty yzlap geçirýär ömrün. Başynda ak guşlar pel-pelläp uçýan, Seniň bilen bagta ýardyr bu göwnüm. Jadyly keşbiňe jadylanan men, Ynha, saňa telwas edýär ýakyn,ýat. Halkymyza asudalyk bagyş eden, Arkadagyň gudraty sen, Aşgabat. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ G.M / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||