22:20 Şo-ol pursat | |
ŞO-OL PURSAT
Goşgular
Seniň yzlaryňy yzarlap ýörün, Gözläp ýüregiňe barýan ýollary. Dünýäň gohy bilen başagaý bolup, Okaňok sen hakda ýazýanlarymy. ...Ho-ol gün bolsa ýene gözlerme ildiň, Joraň bilen okuwyňa barýarkaň. Halyň göllerinden zyýadady has, Gyrmyzy köýnege çekilen ýakaň. Sypaýy ýylgyryp, gussaly güýzüň, Gursagynda ne bir gussa duýýardyň. Ýoluňa düşelen altyn halydan, Saralmajak bagül bolup barýardyň. Zemindäki ähli gözellikleriň, Genisi ýol bilen barýan ýalydy. Ýalan boldy geçen günlerimdäki, Bagtym öýden pursatlarmyň barysy. Çuň ummanda ýüzüp bilmänim üçin, Gözlerňe gark boldum ilki göremde. Şol günden soň has başgaça garaýan, Uly dünýäň "Söýgi" atly ýüregne. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |