10:13 Agaçlary gorañ!.. | |
AGAÇLARY GORAŇ!..
Goşgular
Topragyň ýüregne kök uran agaç, Adam tarapyndan suwa ýakyldy. Giden bir zähmeti siňdirip, ynha, Ýiti uçly palta bilen çapyldy. Diňe bir agaç däl jomart topragyň, Ýüregine barýan damar çapyldy. Adam yhlasyndan dörän gymmatlyk, Baha keslip "kagyzhana" satyldy. Agaçdan döredi birgiden kagyz, Ujy ýiteldilen ençe galamlar. ...Meni bolsa ýeke bir zat gynaýar, Şol agajy palta bilen çapanlar, Galam alyp kagyzlaryň ýüzüne "Agaçlary goraň!" diýip ýazarlar. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||