07:12 "Adaty halyny saklaýar barlyk..." | |
"ADATY HALYNY SAKLAÝAR BARLYK..."
Goşgular
Adaty halyny saklaýar barlyk, Çylşyrymly mesele deý çözülmän. Adamyň ýerine adam döreýä, Ýaşaýyşyň berk zynjyry üzülmän. Deňlik bolsa öz kaddyny goraýar, Ähli zady eleginden geçirip. Nebisden goranan dana sahylyk, Otyr rysgalynyň ýa:ryn eçilip. Asman gümmeziniň çyrasyn ýakyp, Gije myhman bolup gelen wagtynda. Dertlerini diňläp, teselli berýär, Ilkinji däl, ýüz müňünji agtygna. Säher bilen aýdym aýdýan guşlaryň, Sesi bilen goja tebigat örýär. Ene mähri kimin yssy kalbyndan, Ýaşaýyşyň gursagyna dem berýär, Şonda agras adamlaram ýeňleýär, Sahawatyň boýy ýetip asmana. Eýsem sadalyk däl ,çylşyrymlylyk, Gelişýär barlyga hem-de ynsana Şonuň üçin adaty haly bilen Adamlaryň yhlasyndan bu dünýä, Özüni ýaradan Biribaryndan, Has-da köp ýaşajak ýaly görünýä. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |