18:46 Kämil goşgynyñ döreýşi | |
KÄMIL GOŞGYNYŇ DÖREÝŞI
Goşgular
- Goşgy ýeňil zatmy näme? + Hawa, ýeňil bilmeýäne - A bilýäne? + Oňa agyr Ýeňil zat däl, kämil şygyr, Döretmeli bolsa eger, Şemal bolup sere uran, "Pikirler" harasadyndan, Öz başyny çarap çykar. Ýazar, bozar, ýene ýazar, Ýa mesnewi ýa-da gazal. Pikir çuňda bolsa eger, Galam bilem ak topragy Gazar. Dynman zähmet çeker, Akmasada alnyndan der, Bol hasyly almak üçin, Bolmak gerek zähmetsöýer. Ýeri gekse juwan bolup, Gözellere lak atmaly. Döşlerne güller dakmaly. Parhy ýok elli ýa segsen, Ýaşda bolaý ýüregiňde Yşgyň oduny ýakmaly. Ýeri gelse gül bolmaly, Ýa Müsürde gul bolmaly. Dag bolmaly başy garly, Düz bolmaly alma,narly, Giň bolmaly Asman ýaly, Çüň bolmaly umman ýaly, Gerek bolsa duşman ýaly, Bolmaly tilki hyýally, Hem tersine ýolbars kimin, Mert bolmaly namys-arly, Käte bolsa jomart bolup, Eçilmeli toprak ýaly. Iýjegiňi dilemeli, Göýä,mollatorgaý ýaly. Aý, garaz ýeriň ýüzünde, Ajy,süýji miweleriň, Tagamyny gözüň gyrpman, Datmagy-da başarmaly. Ele galam alan şahyr, Şu zatlaryň ba:ry üçin. Şygryýetde o:t bolmaly, Başarmasa ýok bolmaly... ... - Goşgy ýeňil zatmy näme? + Hawa, ýeňil bilmeýäne - A bilýäne? + Oňa agyr Döredäýmek kämil şygyr. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||