14:52 Ýyllar | |
ÝYLLAR
Goşgular
...Gitjek bolup durka Köne ýylymyz, Gürrüñ etsek diñe oñatlyk hakda. Ugradýan ýylymyz gynanyp gitmez, Razy bolar-da ýaşar ol ýatda. Geljek bolup durka Täze ýylymyz, Gürrüñ etsek diñe oñatlyk hakda. Täze ýylmyz gelendigne ökünmez, Ol öz doganyndan bolar has ökde?! ...Gapymyzdan gülüp gelen ýyldanam Her gün hoş habary sowgat alalyñ! Beýtmek üçin bitirmeli bir şerti: - Oñatlygmyzdan hem oñat bolalyñ! Oñatlyk diýen zat nämedir eýsem?! Ol - äpet daragtdyr, pudaklary kän. Üstünde oturyp şol pudaklaryñ? Elde saklamaly baýdaklary kän: Oñatlygyñ baş pudagy - DOSTLUKDYR! Dostluk hakda geldim şeýle pikire: Toý etsem - toýumy dostlarym tutsun, Ýogalsam - dostlarym tabşyrsyn Ýere. Oñatlygyñ bir çybygy - SÖÝGÜDIR! Köpeldigisaýy söýgiñ güllerem. - Bezäp-bezäp biz ýyllary ugratsak, Bizi bezemäge geler ýyllaram. Oñatlygyñ bir şahasy - ZÄHMETDIR! Şol şahadan kök urandyr bossanym. Süýji zähmet goý ýadatsa ýadatsyn. Süýji zähmet - myrat edýär islänim! Söýgi bolup, Zähmet bolup, Dost bolup, Dulumyza geçsin, Täze ýylymyz! ...Ýyllar adamlary arassa saklar, Ezizläp saklasak Täze ýyly biz?! Gurbanýaz DAŞGYNOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1987 ý. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |