23:25 "Zemin perzentleri" | |
“ZEMIN PERZENTLERI”
Teatr we kino sungaty
... SSSR dargar, Oktýabr rewolýusiýasy analizlener, K.Marksyň, W.Leniniň ölmez-ýitmez hasaplanýan taglymatlarynyň ýalňyşlyklary barada söhbet açylar, şol taglymata wepaly ata-babalarymyzyň kommunizm gurjak bolup eden synanyşyklary puja çykarylar diýip hiç kimiň pikir-oýuna gelmändi. Şeýle-de bolsa, şol döwür geldi. Özünem, zemin perzentleriniň gudraty bilen. Bu, näme perzentleriň özlerini dünýä inderen ata-babasyny rewiziýa etmesimikän? Ýa-da her döwrüň bir döwür bolýanlygyndanmykan? Garaz, şolaryň ikisine hem dogry däl diýmek ýalňyş bolsa gerek. Sebäbi, bu togalak dünýäniň ýazgydy şeýle. Şol ýazgytdan bolsa çykma ýok. Döwür yzyndan döwür, nesil yzyndan şo-ol geçip dur, geçip dur. Özünem doňky döwre degişli nesil öňki nesliň ýalňyşlaryny ýaýmak bilen, togalak dünýäniň ýaşaýşyny dowam etdirip, şo-ol gidip otyr, gidip otyr. Şonuň üçinem muňa durmuş diýýärler. Durmuşyň bu pelsepeli gerdişini ilkinji bolup duýýanam Zeminiň öz perzentleri. Ine, “Zeminiň perzentleri” ekrana çykarylmagam şol sebäpli bolsa gerek. Kinodramaturg Hudaýnazar Alowowyň senarisi boýunça režissýor Orazberdi Ärekowyň surata düşüren bu çeper lentasam Zeminiň pelselepeli gerdişinden “Zemin perzentleriniň” şol gerdişi ýaýyşyndan habar berýär. Eger şeýle çeper lenta mundan alty-ýedi ýyl ozal surata düşürilen bolsa, kommunizm gurjak bolup, diş-dyrnak bolýan ata-babalarymyz tarapyndan tozanlyja tekjelerde özüni gaflat ukusyndan oýarjak döwrüň gelerine garaşyp ýatmaly bolardy. Emma beýle bolmady. “Zemin perzentleriniň” bagty çüwdi. Şu setirleriň awtory şu çeper lenta barada ýazmak üçin filme tomaşa etmändi. Ýöne başga bir zat welin film dogrusynda kelam-agyz ýazmaga itergi berdi. Biz elmydama gan döküşikli, ogry-jümrünli, garaz özünde ähli wejeraçylygy jemleýän filmlere tomaşa etmegi, şol filmlerden lezzet almaga halys endik edipdiris. Şeýle filmleriň ruhy dünýämizi wes-weýran edip, özümizi wejeralyga tarap iteleýändiginem duýman galýarys. Soňundanam: “Beýle görlüp-eşidilmedik wejeralyklar biziň ýaşlarymyza nireden ýokuşdyka?” diýip, öz-özümize sowal berýäris. Şol bir wagtyň özünde-de ähli wejeralygy özünde jemleýän filmleri aýaldygyna surata düşürýäris, ýetişibildigimizden kinotreatlara ýaýradýarys. Durmuşyň, pelsepelerini özünde jemleýän filmleri bolsa girdejesiz hasaplap, ünsden düşürýäris. Şeýle kinolara tomaşa etmelidiris hem öýdemzok. Kinoprokatlar barada aýdanymyzda bollsa olar durmuşyň pelsepeleriniň üsti bilen terbiýeçilik ähmiýetli filmlerden gaçýandygyny bellemelidiris. Režissýor O.Ärekowyň surata düşüren “Zemin perzentlerine” uly girdeýjili film diýip bolmaz. Ýöne, film tomaşaçynyň aňynda soňky nesliň özünden öň geçen nesil üçin roluny ýerine ýetirýändigine doly göz ýetirse gerek. Filmde şeýle pikiriň öňe sürülýändigini ähli tomaşaçy kesgitläbem bilenok. Belki-de, tomaşaçynyň dünýewi, filosofiki pikirlere ýugrulan filmlere düşünmezliginiň düýp günäkeri özümizdiris. Sebäbi, türkmen kinoçylarynyň öndüren filmlerini, olarda öňe sürülýän pikirleri tomaşaça ýetirmekden bärden gaýdýandyrys. Şu setirleriň awtory bolan men, indi “Edebiýat we sungat” hepdeliginiň sungat bölümine ýedi ýyl bäri ýolbaşçylyk etsemem, haýsydyr bir režissýoryň režissýory, senariçiniň senariçi, kompozitoryň kompozitor, operatoryň operator barasynda ýazanyna duşamok. Bu näme boldugyka? Ine, şuňa welin düşünmek kyn. Sebäbi biz gowy filmlerimiz barada-da, gowşak filmlerimiz barada-da dymýarys. Kähalatlarda biziň kinoçylarymyz: “Näme üçin kino barada kinoçylar ýazman, žurnalistler ýazýarlar?” diýen iňirdili gürrüňlerem aýdýarlar. Eger-de kinoçylar öz kärdeşleriniň döreden filmleri dogrusynda hiç zat ýazmasalar, dymsalar önümçilige göýberilen ekran eserleri dogrusynda kim ýazmaly? Häzir türkmen kinoçylarynyň örüsi giňäp, öňküler ýaly ýylda iki-üç film bilen çäklenilenok. Olaryň sany köpeldi. Kinorežissýor O.Gummadowyň “Keminesinden” bäri ekrana çykarylan ýekeje film dogrusynda hem derekli zat ýazylmady. Has dogrusy, ýazylmalydyram öýdülmedi. Ynha, biziň öz döreden filmlerimizi propagandirleäşimiz. Garaşsyz döwlet bolup, öz kinomyza özümiz erk edip başlalymyz bäri ikinji ýyla aýak basdyk. Indi name üçin öz kinomyza özümiz baha kesmeli däl. Hany, biziň kino ugrundan çörek iýýän kinoöwrenijilerimiz? Hormatly okyjy, kinoçylaryň žurnalistlere igenýändigini aýdyp, özümiňem kinoçylara igenme kemini goýmandygymy bagyşlaweri? Gürrüňi “Zemin perzentlerinden” başlasa-da, başga ýere sowuldy diýmäweri! Esasy gürrüň “Zemin perzentleri” dogrusynda bolar. “Zemin perzentleriniň” ilkinji kadrlarynda öz täryh mugallymlary Akynyň (art. Hezret Öwezow) yzyna düşüp barýan okuwçylar peýda bolýar. Göräýmäge, şol okuwçylaryň ählisi şu günüň mekdep okuwçylaryny ýada salýar. Emma, filme ýiti nazar aýlan adam şol mekdep okuwçylarynyň eginelerine geýen lybaslaryndan kän zady okap biler. Şol lybaslar saňa Uly Zeminiň ähli ýerinden habar berýär. Şol lybaslar saňa Ýer ýüzündäki ähli dinlere üýýan adamzat ähliniň birdigini, olaryň ählijisiniňem şu biziň ýaşaýan goja zeminimiziň perzentleridiginden söhbet açýar. Filmde zynjyr halkasy kimin biri-birine sepleşip gidýän sýužetler, göräýmege, aýry-aýry zatlar dogrusynda açýan ýaly. Emma, biri-biriniň içinden eriş-argaç kimin geçip gidýän sýutleriň düýbi, esasy maksady bir. Filmde şol maksatlaryň esasy özeni bolup hyzmat edýän adalatlykmy örboýuna galsa-da, şol adalatlylygy Ýer ýüzünde tapmagyň kyndygy, ýowuzlygy awtorlar tarapyndan geregiçe teswirlenipdir. Filmiň režissýory Orazberdi Ärekow bilen bir duşuşykda: “Her bir çeper eser ýazylanda, çeper film surata düşürilende nämedir bir maksat göz öňünde tutulýar. “Zemin perzentlerini” surata düşürmek bilen nämäni göz öňünde tutduňyz?” diýen sowaly orta atdym. Göz öňünde tutan zadymy bar. Eger şeýle bolmasa “Zemin perzentleri” dünýä inmezdi. Türkmen halky öz ata-babasyndan gaýdýan halky, milli zatlaryň köpüsini ýatdan çykaryp, tas özüniň soňuna çykypdy. Türkmen halky öz garaşsyzlygyny alandan soň, şol ata-babalaryň däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň düýpgöter ýitip gitmezligi üçin alada edilmese, halkyň asyrlarboýy ýygnan genji-hazynasynyň iň gowy nusgalary gaýtarylyp halka berilmese, onda ol halk bizden – döredijilik adamlaryndan, alymlardan nägile bolar – diýip, sözüne dyngy berdi. O.Ärekow müň keren mamla. Geçen döwürde türkmeniň aňyna, ganyna siňip giden toýlar, sadakalar, sünnet ýaly halkyň köp, onda-da juda köp özboluşlylygyny görkezip duran milliligini ýatdan çykartjak bolup nämeler etmedik. Netijede name boldy? Bu sowala indi herimiz özümizçe jogap bermäge başladyk. Öňler jogap bermegem, şeýle sowaly orta atmagam howpludy. Ara düşen dymyşlygy ýene-de onuň özi bozdy-da, filmiň döretmegiň ilkinji ädimleri hakynda gürrüňini dowam etdirdi: Men indi filmi döretmäge girişişimiz barada kelamtagyz aýdaýaýyn. Film üçin ilkinji ýazylan ssenarini özümiz oňlamadyk. Indi sebäbini düşündirjek bolaýyn. Üýtgedip gurmak döwrüniň başlanmagy bilen köp zat üýtgäp başlanam bolsa, Türkmenistan ýurtda yglan edilen üýtgedip gurmany dessine, köre-körlük bilen kabul etmedi-de, endiganlyk, ýuwaş-ýuwaşdan kabul edip başlady. Häzir görüp otursak, biz dogram edipdiris. Kinodramaturg Hudaýnazar Alowowyň ýazan ssenarisine şol wagt düşünermidiler? Ine, şu sowala köp jogap gözledik. Ahyram ssenarini özümiz oňlamadyk. Ýöne şol ssenari-de göz öňünde tutulan maksat bizi öz günümize goýmady. Öz oňlamadyk zadymyzyň ugruna täzeden çykdyk. Netijede iki ýarym ýylyň dowamynda şol ssenariniň dört görnüşini taýýarladyk. Birinji görnüşini o okatdyk aňlamadylar. Ikinji görnüşem oňlanmady. Emma, şol öňki ýörelgä görä Moskwaly birini gapdalymyza goşmak maslahat berildi. Ilki şeýle teklibe razy hem bolduk. Soň üçünji görnüşini okatdyk, bu-da kabul edilmedi. Garaz, biziň ssenarimiziň geçmejegi belli boldy. Gönüläp aýdylmasa-da, şul ýok, nobatyňyz ýetenok diýlip bahana bary edildi. Soň senarimizi Orsyýede ugratmaly diýen karara geldik. Şol ýerde ol bada-bat kabul edildem. Surata düşürmek üçin pulam tölendi. Özünem bir million manat göýberdiler. Şeýdibem kişiniň pulunyň hasabyna biziň filmimiz “Türkmenfilmiň” önümçiligene göýberildi. Film kabul ediläýende-de ýene-de Orsyýede gitmelidi. Ony biziň öz filmimiz hasaplap bolanok. Orsyýet diýýäniň SSSR-mi? Hawa, Orsyýet diýýänim SSSR Kinematogrfaiýaçylar birleşigi – diýdi. Şujagaz söhbetdeşlik gazet sahypasy üçin hökmanam däldi. Ýöne şunça hupbaty başdan geçiren “Zemin perzentleriniň” ekranlara ýaýraman, ykbalynyň şu günlerem doly çözülmän gidip oturandygyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Ýene-de “Zemin perzentlerine” dolanalyň. Filmiň awtorlary halky şu derejä ýetiren zadyň köküniň nireden gaýdýandygyny açmak isläpdirler. Ýöne şol düşülen ýagdaýdan çykmagyň ýoluny salgy bermekden awtorlar saklanypdyrlar. Belki, olar şeýle etmegi göz öňünde tutanam däldirler. Şu ýerde ýene-de gaýtalaýaryn, filmed göz öňünde goýlan zat, düşen ýagdaýymyzy tomaşaça açyp görkezmekdäki edilen synanyşyk. Şeýle synanyşyk ýerine düşüpmi, düşmänmi, oňa tomaçylar baha berse gerek. Filmiň gahrymanlaryna içgin üns berseň, olar şu döwürde ýaşaýan adamlar ýaly, bir görseňem, adamzadyň iň ir döwürleriniň Nuh eýýamynyň adamalaryna çalym edýär. Ynha, Ata Döwletowyň döreden obrazy Weli aga. Şol obraza ýöne ýerden Weli diýlenok. Ol Ýeriň teýindäki gowakda duşýar-da, aýtjagyny aýdýar, diýjegini diýýär-de, ýene-de şol ýerde ýatyberýär. Ine, muňa nähili düşünmeli? Weli aga şu günüň adamsy däl-de, öň düýewden öten ägitlerimiziň ruhy. Ýadyňyzda bolsa Weli aga şol gowagyň içinde bir topar ýeri ata-babalarymyzyň yzy diýip görkezýändir. Şol gowaga nähili at berilse-de, gowak Zeminiň içini aňladýan zat bolup hyzmat edýär. Film umman bir tema bagly edilip surata düşürilmändir. Bu ýerde örän köp dürli tema orta atylýar. Filmde oba bar. Göräýmäge, şol oba hem beýleki obalar ýaly. Olardan başga üýtgeşikligem ýok. Şol obanyň başlygy oba göni baryp giräýýän däldir. Ol asmandan inýändir. Şol asmanda hem adamlary Kabul edýär. Diýmek, olam Ýeriň adamsy däl. Kolhoz başlygy arşyň adamsy. Filmde ýene-de bir temanyň üstünde saklanalyň. Biz nähili bolsagam, geljekki kazymyzyň öz çagalarymyzyň, öz neslimiziň boljagy ikuçsuz. Ine, şu temanam kartinada açyp görkezjek bolupdyrlar. Çagalar öz mugallymlaryna dürli sowallar berip, özleriniňkiniň dogrudygyny subut edýärler. Özünem nähili ýerde? Soltan Sanjar ýaly adamyň mawzoleýiniň ýanynda. Näme üçin film şol ýerde surata düşürilipdir. Onuňam özüne ýeterlik sebäbi bar. Türkmen topragyndaky köne gonamçylyklar, galalar halkyň sežde edýän ýerleri. Şonuň özem uly rol oýnaýar. Çagalaryň şol ýerdäki surata düşürilmegem, olaryň ruhy päkliginden habar berýär. Sebäbi şol çagalar heniz garaýokuşmadyk päk çagalar. Olara sud edenlerinde näme diýýänlerini eşidensiňiz? Adamyny adamynyň sud etmäge hakyny ýokdugy aýdylýandyr. Adama diňe Hudaý sud edip biler. Adam diňe özüniň gaty görenini ýa-da şonuň ýaly başga bir zadyny aýdyp biler. Umuman, ýeriň ýüzünde adam adama sud etmek, adam adamyň öňünde kellesini ýalaňaçlap oturmak akyla sygmaýan zat. Sebäbi her bir adamyň öz wyždany bar, şol wyždany bilenem ýaşap geçmeli. Ynha, filmdäki taryh mugallymyny alyp göreliň. Ol ilki bilen kolhoz başlygyna jany-teni bilen ynanan adam. Kolhoz başlygy bolsa tut diýseler tutýar, bas diýseler basýar. Soň kolhoz başlygyna ynanan taryh mugallymy, kolhoz başlygyna bolan ynamyny ýitirýär. Kolhoz başlygyna bolan ynamyny ýitiren Aky mugallym ynam çagalarda gözleýär. Emma olaram-da ony taşlap gidýärler. Ol ýeke galýar. Ynamyny ýitiren adama täze bir ynam tapmak aňsat zat däl. Ol onda-da şony tapmanyň aladasynda, gözleýär, tapjak bolýar. Ynam bolmasa-da, ýaşamak gerek hem däl. Ine, taryh mugallymy şeýle adam. Film üçin ýazylan ssenari bilen surata düşürilen kadrlary, epizodlary deňeşdirip görýärsiň. Film surata düşürilende ýol ugruna köp zat üýtgäpdir. Beýle zat ähli filmde hem bolýan ýagdaý. Ssenaride film diňe türkmen durmuşy bilen baglaşdyrylanam bolsa, film dünýewli bolansoň, onda diňe türkmen durmuşyny almak azlyk edipdir. Şol sebäplem türkmen halkynda bar bolan häsiýetler ähli dünýä halklarynyň häsiýetleri bilen umumylaşdyrylypdyr. Megerm, bu ýerde film hemme halk üçinem düşnükli bolar ýaly, sungatdaky umumylaşdyrmak prinsipinden ugur alnan bolsa gerek. Şonuň üçinem “Zemin perzentleri” hemme halka hem düşnükli. Ýer şarynda häzir esasan dört sany dünýä garaýyş bar. Ol häzirem dowam edip gelýär. Filosofiki pikirlenme-de şolardan gelip çykýar. Şol dört dünýä garaýşa häzir din diýýäris. Ynha, adam dünýä inýär-de, men daşa çokunjak diýýär. Goý, olar ýüreginiň islän zadyny edibersin. Oňa garşy bolup durmak gerek däl. Bu onuň özüne ideal gözledigi. Adamlar esasan dört zada çokunypdyrlar. Şolam bize din bolup hyzmat edipdir. Olar Yslam, Hristian, Buddizm, Iudizm. Yslam iň soňky dörän din. Ol dinler getirilip-getirilip edil aý gören ýaly aýdyňlaşdyryldy. Hersiniň biri-birinde aýratynlygy edil aýnada görlen ýaly. Şol dinleriň hemmesem adamyň suňňüni arassalamak. Ähli dinlerdäki esasy zat adamyny Allanyň öňünde arassa etmek. Başga zat däl. Ýöne, hersi bir hili ýagdaýda. Olaram çokunma ýollaryndan, oturyp-turuşlaryndan, çalynýan saz gurallaryndan we beýlekilerden. Ynha, otparazlar adamynyň içki dünýäsini arassalajak bolanlarynda otdan bökdürýärler. Bu ýagdaý beýleki dinlerde başga hili. Bu filmde-de şu zatlar aýdyň edilipdir. Arassalamak düzgüni başlan wagtdan hemme dinde-de ilki bilen asmandan perişde inýär. Şol perişde hudaý tarapyn ugradylan zat bolmaly. Ol dürli ýagdaýda gelýär. Käbiriniň oturmaly ýeri bolýar. Ynha, türkmenler ýüzäligi oýnamaga adamy arassalamakda ulanýan däldir. Filmde kolhoz başlygyny atýarlar. Ok iki ädimden sowa geçýär. Atylan okuň başlyga degmezigindenem köp many okasa bolýar. Ýeriň ýüzünde ähli erbetçilikleri döredýän adamlar bir. Ine, şol adamlary “topam” alanok diýildigi. Ýöne, şeýle adamlary näme alyp biler diýen sowalam filmde ýerboýuna galýar. Kolhoz başlygy taryh mugallymyny urýar. Ondan näme üçin beýdýänligi soralanda öz günäsini ýuwjak bolandygyny aýdýardyr. Ýogsam, ony urar ýaly zadam ýok. Taryh mugallym bary-ýogy hakykaty gözleýändigini aýdýar. Kolhoz başlygy bolsa: “Me, saňa hakykat” diýip ony ýenjýär. Taryh mugallymy başlygyň urgusyna gaýtawulam berenok. Sebäbi ol hakykaty gözleýän adam. Ol özünem günäläp baranok. Ýöne şeýle durmuşyň Ýeriň ýüzünde bardygyny görkezýär. Kolhoz başlygynyň mugallyma urýan urgusyndanam bir zat aňmak bolýar. Olam onuň Ýeriň ýüzünde, ýalan sözläp ýaşandygyndan jibrinýändiginiň alamaty. Mugallymyň el gaýtarmazlygy bolsa: “Sen-ä meni aldadyň, menem saňa ynanyp okuwçylary aldadym” diýen pikir ýatyr. Garaz, ikisem öz günälerini ýaňýan obrazlar. Filmde oba sowetiniň başlygy 1937-nji ýyllarda oba adamlaryny basdyrmajak bolup, düzülen spisogy gizläp, näbelli tarapa gaçyp gidýär. Ýöne çagalaryna wesýeti ömrüniň soňky güni diýara dolanmak. Emma diýarda ýüz tapanok... Bu biziň taryhymyzyň bir sahypasy. Häzirki başlyk, öňki başlygyň ogly ahyryn. Onuňam atasy öz elinde işlän öňki oba sowetiniň başlygyndan äge bolmagy wesýet edip giden ahyryn. Şu kadrlarda durmuşyň pelsepesi geregiçe ussatlyk bilen berlipdir. Özünem köpsözlülikden gaçylyp, kino serişdeleri bilen ugry tapylypdyr... Dogrusy, köpsözlülikden filmiň bütin dowamynda gaçylypdyr. Beýle etmek bilen awtorlar filmiň esasy çözgüidini tomaşaça goýupdyrlar. Meýlis HASAR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |