10:27 Zibilsiz dünýä mümkinmi? | |
ZIBILSIZ DÜNÝÄ MÜMKINMI?
Publisistika
Döwrebap durmuşyñ hemmämize gowy ýaraýandygyny, hemme zadyñ añsatlaşandygyny pikir edýäris. Emma beýleki bir tarapdan döwrebap dünýäniñ getiren problemalarynyñ garşysyndaky aladalarymyzam gün geçdigisaýy artýar. Iñ düýpli problemalarymyzyñ birem: "Zibilleri näme etmeli?" • Näme üçin zibil beýle köp çykýar? Gaty uzaga gidup oturmagyñ geregi ýok, mundan bary-ýogy 30-40 ýyl öñem zibil diýip görýän-eşidýän zadymyzyñ köpüsi öýden çykýan odur-budur zatlardy. Öýlerimizde şumatky ýaly paketli önümler ýokdy. Daşardan alynýan görnüşdäki naharlardyr iýmitleri getiremzokdyk. Häzir gelip ýeten sepgidimiz 30-40 ýyl mundan öñe garanda has köp we köp dürli sarp edijilige girip, öndürilýän köp zady paketlere gaplanan ýagdaýda satyn alýarys ýa-da zakaz edip gapymyza getirdýäris. Hawa, ösen tehnologiýanyñ we aragatnaşygyk serişdeleriniñ berýän mümkinçilikleri bilen mobil programmalaryñ üstünden eden zakazlarymyzy kurýerler birnäçe minudyñ içinde getirip gidýär. Biz munuñ üçin "Döwür üýtgedi, hemme zat añsatlaşdy" diýip öwünenem bolýarys. Fotosurat: AA Ähli günäni ahyrynda sarp edijä (müşderä) atmak dogry däl. Diñe iýip-içme ugrunda däl, hemme pudakda diýen ýaly iñ soñky ulanyja önümler paketlerde, korobkalarda ýetirilýär. Mysal üçin, dükandan bir zat satyn alanyñyzda, 25 teññelik ýolharjy bilen alan önümiñizi özüñiz öýüñize äkidip bilýärsiñiz, emma şol bir önümi dükanyñ internet saýtynyñ ýa-da mobil programmasynyñ üstünden zakaz etseñiz, önüm size karton gapjagazlarda we üstünde ýarlygy bilen bile getirilip gowşurylýar. Aýratynam pandemiýadan öñ başlan arzanlaşyk kampaniýalarynda adamlar öýünde aýagyny uzyn salyp zakaz eden önümine garaşyp durka, ýük daşaýjy şereketlerde dag ýaly üýşüp duran korobkalar eýelerine gowşurylmagyna garaşýardy. Söwdanyñ bular ýaly görnüşe geçmegi bolsa, has köp korobkanyñ, nebit galyndylaryndan alynýan önümleriñ we tebigatda kyn ereýän paketlenen önümleriñ ulanylmagyna sebäp boldy. Adamlarda pandemiýa bilen birlikde ýetjek derejesine ýeten gigiena eserdeñlihi ulanylýan onlarça önümiñ paket gaplara girmegine sebäp boldy. Şeýle-de ýeke gezeklik ulanylýan önümler öýleede köp ulanylmaga başlandy. Şular ýaly güýçlenen gigiena eserdeñligi has köp zir-zibiliñ üýşmegini hem öz ýany bilen alyp geldi. Fotosurat: AA • Näçeräk zibil üýşürýäris? Türkiýede öýlerde we iş ýerlerinde adam başyna ortaça zibil mukdary 1,13 kg, 2020-nji ýylyñ görkezijilerine görä 33 million tonna ýaly düýpli zibil galyndysynyñ gürrüñini edýäris. Bu zibiliñ bary-ýogy 15-20%-ni yzyna gaýtaryp (gaýtadan işläp) bilýäris. Statistiki görkezijilere seredilende bolsa, her ýyl geleñsizlik bilen zyñylýan taşlandylaryñ barsyny yzyna gaýtaryp getirmeýşimiz ýaly, durnukly çözgütleri hem orta atyp bilemzok. Ýewropa bileleşigine girýän ýurtlarda bolsa 2020-nji ýylyñ statistikasyna görä, adam başyna düşýän zyñyndynyñ mukdary 1,4 kg. ÝB ýurtlarynyñ zyñyndyny yza gaýtaryp getirme derehesi bolsa 48%-e barabar. Şeýle-de ÝB ýurtlary 2020-nji ýylda 32,7 million tonna zyñyndyny eksprot hem edipdir. ABŞ-da bolsa 2018-nji ýylyñ statistikasyna görä, adam başyna 2,2 kg zyñyndy düşýär. ABŞ zyñyndynyñ 32,1%-ni gaýtadan işläpdir. ABŞ-nyñ zyñyndy eksporty ýyl geçdigisaýy azalýar. Zyñyndy satýan ýurtlarda emele gelen daşky gurşaw düşünjesi we jemgyýetçilik basyşy zyñyndy satýan ýurtlar üçin zyñyndy eksportyny we gaýtadan işleýişini çäklendirýän işleriñ durmuşa geçirilmegine sebäp bolýar. Her ýyl millionlarça tonna zibiliñ döredýän problemalarynyñ hötdesinden gelmäge synanyşýan ýurtlar üýşen zyñyndylary ýa-ha netijeli görnüşde gaýtadan işlemäge ýa-da eksport etmäge synanyşýar. Fotosurat: AA • Zibilleri sortlamak çözgüt bolup bilermi? Zyñyndylary üýşürmezden öñ aýry-aýry gaplara bölmek çözgüde belli bir derejede oñyn peýdasyny ýetirýär. Bu boýunça ÝB ýurtlarynyñ zyñyndy sortlamak boýunça alyp barýan işleri zyñyndylaryñ has çalt we netijeli görnüşde gaýtadan işlenmegine goşany goşýar. Türkiýede bolsa zyñyndylary sortlama aýratynam käbir uly şäherleriñ munisipalitetleri we şahamçalary tarapyndan paýlanýan gaplarda we merkezi punktlarda goýlan zibil konteýnerleri tarapyndan guralýar. Aslynda halkymyz zyñyndy sortlama babatda örän jogapkärli we düşünjeli çemeleşýär. Men zibil üýşürme gaplarynyñ we edaralarynyñ işiniñ ýeterlik derejede ýola goýulmaýandygyny pikir edýärin. Bu boýunça saglygy goraýyş edaralarynda we söwda merkezlerinde ulanylýan zibil gaplarynyñ öýlerde-de ulanylmagy zyñyndylaryñ azalmagyna mazaly täsirini ýetirip biler. Elbetde, zyñyndylary sortlamak sortlamazlykdan has gowy çözgüt bolup biler, emma zyñyndy çykyşyny azaldyjy öñüni alyş çärelerini ýola goýmak iñ makulydyr. Jemgyýet bolup "tüssesiz howa" kampaniýasynda we söwda merkezlerindäki tölegli sellofan pakediñ ýola goýulmagynda netijeli sepgitlere ýetendigimizi pikir edýärin. Jemgyýetde köpçülikleýin pikir döretmek üçin birnäçe üýtgeşmelere we serişdelere zerurlyk bar. Diñe "zibillerimizi sortlalyñ" diýmegiñi ýerije adamlara zibillerini sortlap biljek şertler döredilse we höweslendirilse, jemgyýet şeýle çagyryşa çalt eýerer. • Zyñyndylar näderejede howply? Uludag uniwersitetiniñ geçiren barlaglaryna görä, diñe deñizlerdäki plastiki zyñyndylaryñ mukdary 150 million tonna! Her ýyl ortaça 300 million tonna plastiki zyñyndy! Her ýyl ulanylýan 500 milliard sellofan paket! Okeanlara zyñylýan plastiki zyñyndylaryñ mukdady 8 million tonna! Plastiki zyñyndylardan täsirlenýän janly-jandarlaryñ görnüşi 400! Plastiki zyñyndylaryñ tebigatda eräp-ýitip ýok bolmagy 400 ýyla çekýär! Sanlar hakykatdanam çagalarymyza goýup gitmek isleýän ertirimiz üçin gorkuzyjy gerek? Emma adamzat, tebigat, haýwanat we ösümlik dünýäsi, howamyz düýpli ýagdaýda zyñyndylaryñ emele getirýän oñaýsyz täsirleri astynda sferalaýyn heläkçilige tarap barýar. Guran "ajaýyp" medeniýetimiz zir-zibilleri bilen diñe bize däl, biziñ bilen birlikde ähli janly-jandarlara-da howp salýar. Tebigata taşlanan zyñyndylar diñe daşky gurşawyñ hapalanmagyna getirmän, eýsem adamlarda plastiki önümleriñ günüñ şöhlesi bilen sürtüşmeginden emele gelen toksinler düwnük keseline we birnäçe kesele sebäp bolýar. Şeýle-de ýakylýan zir-zibilleriñ ýaýradýan zäherli gazlary tebigata ýaýrap, iýýän gök önümlerimize we ir-iýmişlerimize çenli siñip bilýär. Iñ täsin we gutulgysyz ýeri bolsa, adamlar iýýän zatlarynyñ üstünden bir ýylda 250 grama golaý görmedik mikroplastikalaryny alýarlar. "The Guardian" gazetiniñ habar bermegine görä, alymlaryñ geçiren synaglaryndan alynan netijelerde synaga gatnaşanlaryñ 80%-niñ ganynda mikroplastika gabat gelnipdir. Barlagyñ ýene bir gorkuzyjy tarapy bolsa, mikroplastikalaryñ organizmimize aralaşyp, hemişelik galyp biljekdigi ýüze çykdy. Deñiz jandarlarynyñ plastikadan ýaýraýan ysy iýmitdir öýtmeleri bilen birlikde plastiki galyndylary iýmeleri netijesinde janly-jandarlara zyýan ýetişi ýaly, olaryñ deñizden alynan önümleri iýýän adamlara-da ýetirýän täsirleri öwrenilip ýör. Fotosurat: AA • Zibil problemasyna çözgüt tapylyp bilnermi? Emele gelen ýagdaýa seretseg-ä, anyk we durnukly çözgüt tapana meñzämzok. Maksadymyz - zyñyndylarymyzy köpeltmegimizi dowam etdireliñ, emma bulary sortlap, gaýtadan işläliñ. Bu boýunça iñ jogapkärli ýurtlardyr jemgyýetlerem heniz anyk netije gazanyp bilenok. "Nol zyñyndy" syýasatyny durmuşa geçirip biljek çözgütler tapylmasa, gynansak-da, göz öñüne getirýän tebigy dünýämiz bizden gün geçdigisaýy daşlaşyp barýar. Ine, käbir teklipler: Zyñyndy çöpleýän şäher sowetleriniñ zibil sortlamak üçin zyñyndylary sortlap biljek gaplary adamlaryñ hyzmatyna has köp hödürlemegi gerek. Onlaýn satuw, kurýerler bilen söwda edýän firmalara gönükdirilen zyñyndy azaldyjy öñüni alyş çäreleri we berjaý edilmeli kadalar boýunça düzgünler girizilip bilner. Öýden çykýan zyñyndylaryñ azaldylmagy ugrunda işlere we sapaklara, hatda jemgyýetçilik duýduryşlaryna has köp üns berlip bilner. Käbir şäher sowetleriniñ zibilhanalara zibil äkidýänlere niýetläp girizýän düzgünnamalary has köp ýaýradylmaly we elýeter bolmaly. Daşy gaplanan önümleriñ çydamlylygy artdyrylyp, grammažy (agyrlygy) ýeñledilip bilner. Deniz UNAÝ, Sosial mediýa hünärmeni. @denizunay denizunay@gmail.com Çarşenbe, 01.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |