20:55 Zombi neýrologiýasy | |
ZOMBI NEÝROLOGIÝASY
Psihologiýa
• Zombi neýrologiýasy bolup bilermi? Elbetde, isleseñiz, bolup biler! Ylmy-fantastiki kinofilmlerde we kitaplarda barmak büküp sanardan köp mysallara duş gelensiñiz: Hamala dünýäni aldym-berdime salýan wirus gaplap alýar, wirusa ýoluganlar birden-bire zombileşmäge başlaýar. Meselem, “I am Legend”. Kim häzirem tomaşa etmedik bolsa, muny hökman alyp görmegi maslahat berýärin. • Zombiler çendenaşa serhoş ýagdaýda bolup bilerlermi? Lukmanlar alaçsyz halda munuñ antiwirusyny tapmaga çytraşýarka, adamlar zombilerden gaçjak bolýar, aldym-berdimpi yzarlaýyş we adrenalini ýokary döwüş sahnalary bilen garşyma-garşy gelersiñiz. Çüýreşen hamlar, entirekläp - aragy aşa köp içen arakhoruñ ýöreýşini ýatladýan ýöreýişler, düşnüksiz iññildiler we beýnä agram salýan diýetler - bular zombilere mahsus häsiýetleriñ diñe birnäçesi. Frankenşteýn, Kont Drakula ýaly legendarlaryñ ýanyna adyny ýazdyryp başaran zombiler diñe fantastiki eserleriñ muşdaklaryny däl, eýsem alymlaryñam ünsüni özüne çekýär. Näme üçin diýseñiz? • Zombileriñ geñsi hereketleriniñ syry San Diegonyñ Kaliforniýa uniwersitetinden Bredli Woýtek we Karnegi Mellon uniwersitetinden Tom Werstynen "zombi muşdaklaryndan" bolan iki sany neýrohünärmen. Zombi hereketleriniñ añyrsynda ýatan (bolup biläýjek) biologiýa bilen gyzyklanan bu iki ýoldaş baryp-ha talyp döwürleri muña jogap agtarypdyrlar. Siziñem bilşiñiz ýaly, teleseriallarda we kinofilmlerde esasan iki hili zombiler bardyr: 1). Hereketi haýal - çaman zombiler; 2). Hereketi çalt - çakgan zombiler. Woýtekiñ pikiriçe, çaman zombiler organizm koordinasiýasyndan binesip bolandygy we gapylary açyp bilmeýändigi sebäpli, olar kiçi beýnilerinde bir ýetmezçilik bolaýmaly. Çünki mini beýni hökmünde tanalýan bu ýer koordinirlenen hereket babatda uly rol oýnaýar. Muña garamazdan, ähli zombileriñ hakydasy pesdir. Barlagçylar olaryñ añ aýratynlyklarynda düýpli ýetmezçilikleriñ bolmagyny-da, öñki loblarynyñ talabalaýyk işlemeýändigi üçin bolup biljekdigini orta atýarlar. Bu düşündirişlere salgylansak, aslynda zombiler "düşünişme kynçylygyny" başdan geçirýän bolarly. (Aslyýetinde bu döwürdeş adamlarymyzyñ ýagdaýyna ynjalykdan gaçyrjak derejede çalym edýär!) Eýse bu babatda nägileligimiz barmy? Bardyr öýdemok. Näme-de bolsa, zombileriñ biziñ bilen dil tapyşmagyny, düşünişip gitmegini isleýän bolsak gerek. • Zombileriñ beýnisi siziñ pikir edişiñiz ýaly däl Zombileriñ beýni funksiýalarynyñ birnäçe tarapdan alanda näsazdygyna göz ýetirmek kyn däl, emma olaryñ ys alma ukybynyñ bardygyny görmezlige salyp bilmeris. Aýdaly, diri adam bilen maslyk bolup ýatan zombini tapawutlandyrmaga olar diýseñ ökde. Zombileriñ käbir görnüşi sese garşy hem täsin intuisiýasy bar. Biz saza bolan teşneligimize "saz gulagy" diýýändiris. Edil şolar ýaly derejede olaryñam ses duýma ukyby güýçli. Özem çalaja tykyrda hem müñzäberýärler! Bu fantastiki mahluklar hakynda kelle agyrdýan başga bir ylmy barlagçylaryñ birem Garward uniwersitetinde çaga psihiatristi bolup işleýän Dr. Steven Schlozman. Ol özüniñ "Zombi ekspertizalary" kitabynda zombi biologiýasynyñ we zombi wirusynyñ hyýaly hakykatda nähili amala aşjakdygynyñ üstünde pikir alyşýar. Schlozman seljermesine bu wirusy güýçlendirip biljek hadysany derñemekden başlaýar. Zombi keseli pidalaryna nädip ýokuşýar? Elbetde, dişlemek arkaly! Emma Schlozmanyñ romany howada gaýmalaýan we ýeke üsgülewükde birinden başga birine geçýän, ýörite taýýarlanan wirusdan söz açýar. Schlozmanyñ suratlandyran zombi wirusy beýnidäki "söweş ýa-da gaç" pikirinden jogapkär badam şekilli amigdala çenli gemrip taşlaýan bolmaly. Zombiler köplenç beýin diýetalaryna arakesme bermeýärler. (Meselem, wegan zombi ýok.) Çünki, beýniniñ beýleki möhüm bolan - doýýandygymyzy duýdurýan (ventromedial hipotalamus) duýgy olarda işlänok diýen ýaly. Beýniniñ mesele çözmäge ukyply öñki loblaram wirus tarapyndan gemrilendigi üçin zombiler garjaşyk kararlary hem kabul edenok. Meselem, walýuta dolanşygyndaky pese gaçmalar we ýokarlanmalar olara gyzykly däl. • Aýdaly, 2020-nji ýylda zombi çozuşy bolsa? Aýdaly, gözelliklerden doly şu 2020-nji ýylymyz hasam ajaýyplaşdy we zombiler dünýäni ele geçirdi. Şol wagt täsin pikire gaplanarsyñyz. Bir zombini nädende öldürip bileris? Käbir fantastiki zombi eserlerinde zombilere garşy uruşýan gahrymanlarymyz bu mahluklary kellesinden (urup, mynjyradyp, kesip we ş.m.) öldürýändirler, ýadyñyza salyñ. Eýse, nämüçin? Munuñ sebäbi, megerem, bedeniñ iñ esasy işlerini dolandyrýan "beýin sapy" diýilýän böleginiñ beden bilen baglanşygyny kesmek bolsa gerek. Sebäbi, kelle ýok ýerinde ne dem alma bar, ne ýürek urşy. Eýse, zombilerde bular barmy? Ony anyk bilemzok... Aslynda bu ýazgynyñ düýp maksady şu: Ylym elmydama real we köplenç iriziji problemalar bilen gyzyklanmaga borçly däl. Siz nämäni isleseñiz, ylym we ylmy düşünje şoña görä-de peýdaly bolup biler. Emma size ýatladýaryn: meselem, Marwel gahrymanlarynyñ, ýa-da adaty ekşn kinofilmlerdäki personažlaryñ fiziologiki we añ mümkinçiliklerini ylmy taýdan analizlemäge synanyşsañyz, kinofilmleriñ duzy-tagamy gaçyp biler. Biziñki diñe ýatlatmak. Iñ gowsy, oturagetdin, tomaşa edip keýpini görmek! P.S.: Sarymsak iýip zombilerden goranyp bilmersiñiz. Wera SARA POÝRAZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||