01:10 Zynadan nähili goranmaly? | |
ZYNADAN NÄHILI GORANMALY?
Pedagogika we edep-terbiýe
Yslam adama mahsus dogabitdi isleg-meýiller bilen doly ylalaşýar. Adamyň iýip-içmä mätäçliginiñ, dogan-garyndaşlarynyň we tanyş-bilişleriniň arasynda bolmak, adamlar bilen gatnaşyk saklamak zerurlygynyň bolşy ýaly, edil şolar ýaly hem ýaşaýşyň, ýer ýüzünde nesliniň dowam etmegi üçin adamyň garşydaş jynsa (ýagny erkek bolsa aýala, aýal bolsa erkege) meýli bardyr we Allatagala özüniň ýer ýüzündäki halyfy bolmagy üçin bu isleg-meýli adamyň içine ýerleşdiripdir. Muny ýerleşdiren Alla bolandygy üçin, Alla adamlaryň dogabitdi zerurlyklaryny inkär etmändir we munuň üçin adamlary ýazgarmandyr. Emma Alla iýme-iýme zerurlygyna nähili çäk goýan bolsa, gidip isläniň elinden islän emlägini alyp bilmeýşiň ýaly, ýa biriniň elinden zadyny alyp iýip bolmaýşy ýaly, her zadyñ öz çen-çakynyñ bardygy üçin, Alla adamlaryň jynsy meýillerine-de çäklendirme girizipdir we serhet goýupdyr hem-de mundan geçmeli däldigini aýdypdyr. Munuň ýoly näme? Munuň ýoly erkek bolsaň öýlenmek, zenan bolsaň durmuşa çykmakdyr. Adam eger öýlenmek isleýän bolsa, Allatagala oňa maşgala gurmagy mubah (rugsat) kylypdyr we “öýlen” diýipdir. Yslam iki meselede ar-namysly, mertebeli jemgyýeti kemala getirmek isläpdir. Birinjisi, garnyňa buýurmagy, ikinjisi – namys meselesinde ätiýajy elden bermezligi talap edipdir. Ymam Buharyda rowaýat edilen bir hadys bar. Pygamberimiz (s.a.w) sahabalaryna, olara ýüzlenmek bilenem külli mömin-musulmanlara şeýle diýipdir: “Kim maňa iki dodagynyň arasyndakyny kepil geçse we kim maňa iki aýagynyň arasyndakyny (ýagny dilini we garnyny, şol bir wagtyň özünde ar-namysyny) kepil geçse, (ýagny “Eý Allanyň Resuly men şu boýunça Allanyň goýan çäklendirmelerine uýjagyma, her kelläme gelen pikiri aýdyp ýörmejegime, her göwnümiň islän zadyny iýmejegime, her gözümiň eglenenine seretmejegime we oňa el uzatmajagyma kepil geçýärin” diýse) menem oňa jenneti kepil geçýärin” diýipdir. (Buhary, 6474) Ýagny, pygamberimiz şular ýaly ahlakda, şular ýaly hüý-häsiýetdäki möminleriň ýetişmegini isläpdir. Eýse nämüçin şu iki zada üns berilýänini bilýärsiňizmi? Sebäbi adamlaryň iň gowşak ýeri şu ikisidir. Eger bir jemgyýet şu iki meselede ejiz bolsa, galan ähli meselelerde ejizdir. Garnyna nämäni salýandygyna üns bermeýän jemgyýetiň adam gatnaşyklary-da nogsanlydyr. Namys meselesinde gözüne, eline erk edip bilmeýän jemgyýetiň mal-mülk, pul meselesinde-de eline we gözüne erk edip bilýän däldir. Bular adamlaryň iň ejiz ýeridir. Eger adamlar şu iki meselede erk-ygtyýarlaryny güýçlendirip bilseler, eger adamlar şu meselede nebislerine buýrup bilseler, yslamyň beýleki ahlak kadalaryna eýerip bilmekleri aňsatdyr. Emma şöhwetiň iň mese-mälim bolup duran şu iki ýerinde adamlar şöhwetleriniň ýesirine öwrülse, islän zatlaryny etseler, yslam ahlagynyň durmuşa geçmegi, yslam hüý-häsiýetiniň kemala gelmegi mümkin däldir. Şonuň üçin Allanyň duşmanlaryna syn edip göräýiň: nirede Hudaýa duşmançylyk edýän bir düzgün bar bolsa, şu iki meselede adamlary gowşatmak isleýändir. Nirede Hudaýa duşmançylyk edýän düzgün bar bolsa, adamlara garnyna näme salýandygyna üns bermezligi, ar-namys meselesinde ünssüz bolmagy ündäp, muny ýaýbaňlandyrmak üçin jan edýärler. Aşakda bu boýunça käbir mysallaryň üstünde durup geçerin. Yslam ar-namyslylygy buýruşy ýaly zyna etmişine garşy söweş yglan edipdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda yslam şerigatynyňam aýratynlygy barada aýdyp geçsem gowy bolar. Yslam şerigaty bir düşünjäni ýer ýüzüne ornaşdyrmak islände, haýsy ýoldan gidipdir, adamlary nähili terbiýeläpdir, toplumlary nädip ýola getiripdir.... Gürrüňimiň dowamynda bular barada hem aýdyp geçmekçi. Ýaňam aýdyşym ýaly yslam dini möminlere ar-namysly bolmagy buýrupdyr. Öz aýallaryndan başga namys meselesinde başgalara göz gyzdyrmagy, özgäni islemegi gadagan edipdir. Yslam dini adamlary zynadan we namyssyzlykdan goramak üçin näme etdi? Haýsy ýoldan ýöräpdir? Şerigatyň şu boýunça nähili usuly bar? Birinjisi, möminlere öýlenmegi buýrupdyr we maşgala gurmagy jemgyýetçilik jogapkärçiligine öwrüpdir. Din jemgyýetiň içinde sallahlaryň bolmazlygyny aýdypdyr. Allatagala “sallahlaryňyzyň başyny çatyň” diýipdir. Gurhanyň “Nur” süresiniň 32-nji aýatynda: “Içiňizden öýlenmedikleri öýlendiriň, gyrnaklaryňyzyň we jariýeleriňiziň salyhlaryny durmuşa çykaryň. Eger garyp bolsalar, Alla olary yhsan we lutfundan baý eder. Alla (yhsany we lutfy ähli barlygy gurşap biljek derejede giňdir) Wasidir, (hemme zady biliji) Alymdyr” diýilýär. Ýagny biri maşgala gurmagy niýetine düwende, ar-namysyny goramakçy bolanda, Allatagala eger ol maddy taýdan ýeter-ýetmez ýagdaýda ýaşaýan bolsa, öýlenmäge ýagdaýy bolmasa, Alla oňa wada berip: “Men seni öz fazlymdan baý ederin” diýýär. Nämüçin? Sebäbi Alla el-Wasidir – ýagny eçilende ummasyz eçilýär, sebäbi Onuň mümkinçiligi çäkli däl we el-Alymun – hemme zady bilijidir, gullarynyň nähili ýagdaýdadygyny, ýüreginde nähili niýetiniň bardygyny Allaha aýan. Ýagny bir ýaş gardaşymyz öýlenmekçi bolýar, niýeti-de namysyny goramak. Ol “Alla maňa namysly bolmagymy buýurýar, namysly bolmagymyň ýolu-da öýlenmek” diýýär, ýöne onuň maddy mümkinçiligi ýok. Eýse Allatagala muny bilýän däldir öýdýäňizmi? Allatagala bu ýigidiň içinden näme pikirleriň geçýändiginden habarly däldir öýdýärsiňizmi? Habarly. Elbetde, Allatagla onuň duýgusyny sylagsyz goýman, öz fazlyndan, öz kereminden baý etmekçidigini aýdýar. Munuň özi jemgyýetçilik jogapkärçiligidir. Ýagny aramyzda öýlenmedik sallah gardaşymyz bar bolsa, bu eýýäm diňe onuň şahsy meselesi däldir. Bu şol bir wagtyň özünde hemmämiziň meselämizdir. Çünki Allatagala bu meseläniň ýüküni jemgyýetiň boýnuna ýükläpdir. Ene-atalara-da pygamberimiz şeýle jogapkärçiliginiň bardygyny aýdýar. Ebu Hüreýreden rowaýat edilýän bir hadysda pygamberimiz şeýle diýipdir: “Dininden we ahlagyndan razy adamlaryňyzyň biri gelende, ony öýlendiriň. Eger şeýtmeseňiz, ýer ýüzünde uly pitne-pesat dörär” diýipdir. (Tirmizi, 1084; Ibni Maje, 1967). Ýagny, aýdaly, seniň gyzyňa ýa-da uýaňa biri öýlenmek isleýär, munuň üçinem öýüňe sawçy ugradýar. Gelenler gürleşip, siziň sözüňizi almakçy bolýar. Pygamberimiz “Geleniň ilki kisesine seretme, ilki maşgala ýagdaýyna seretme, ilki onuň ata-baba gelip çykyşyna seretme, ilki adamyň dinine we ahlagyna seret” diýipdir. Çünki bir adama dininde we ahlagynda ynanylýan bolsa, namys meselesinde-de, ryzk meselesinde Allanyň etjegine ynanylýandyr. Şeýle adam iki daşyň arasynda galsa-da başşyny çarar - maşgalasyny kişä mätäç etmez, ar-namysyny öz şirini janyny goraýşy ýaly gorar. Pygamberimiz hut şonuň üçinem “Dinine we ahlagyna seret” diýipdir. Ýogsa-da, munuň tersine hereket etsek näme bolar öýdýärsiňiz? Eger şeýtmesek, dini we ahlagy gözel ýaşlarymyzyň başy çatylmasa, pygamberimiz ýer ýüzünde pitne-pesat boljagyny aýdýar. Edil biziň döwrümizde zynanyň ýörgünli giňden ýaýrap gidişi ýaly. Hiç kimiň ar-namys babatda (aýal-gyzlara ynanmaýşy ýaly) arkaýyn bolup bilmeýşi ýaly. Bir ýere gidenimde tanyş ýaş oglanlarymyň birine duş geldim. Onuň yslam dini boýunça üýtgeşik bilýän zady, duýýan jogapkärçiligi ýokdy. Men oňa: “nämüçin öýleneňok?” diýdim. Ol maňa “Agamjan, şu döwürde öýlenmäge mynasyp gyz tapaýmak aňsatmy?” diýdi. Menem gyzlar durmuşa çykasy gelýän däldir öýtdüm. Jemgyýetde maşgala gurmaga bolan şeýle islegsizligiň bardygy hemmä mälim. Ýigit “Beýle däl, kime ynanyp, kime bil baglap öýlenjek? Alla bilsin, senden öň näçe erkek bilen gezendigi, näçe oglanyň goýnuna girip-çykandygy belli däl. Şu döwürde öýlener ýaly arassa gyz tapaýmak aňsatmy?” diýdi. Şonda pygamberimiziň bir aýdan sözi ýadyma düşdi: “Jemgyýet dininden we ahlagyndan razy däl ýaşlaryň başyny çatmasa, adamlara şu iki talapdan başga şertler goýan wagty, Alla şol jemgyýeti namyssyzlyk bilen jezalandyrýar, zynanyň ýörgünleşmegi bilen jezalandyrýar”. Şu aýdýanlarymy ýatdan çykarmaň: Zynanyň adaty pişä öwrülen jemgyýetlerinde adamlaryň biri-birlerine ynanmagy mümkin däldir. Eger bir jemgyýetde zyna ýaýran bolsa, adam iň mährem zenanyny-da (ýagny ýakyn hossarlaryny - ejesini, aýalyny, uýasyny, gyzyny) goramakdan ejiz gelýän bolsa, şol jemgyýetde ne aýal ärine ynanýandyr, ne-de erkek aýalyna. Özüňiz bilýänsiňiz, aýallar häzir ärleriniň telefonyna nirä gidýändigini yzarlaýan programmalary ýükleýärler. Erkekler ýörite detektiw tutup, aýallaryny yzarlaýar. Ýa-da är-aýal biri-birleriniň telefonynyň parolyny biljek bolýar. eger telefonyň parolyny aýtmasaň, öýüňde uly dawa turup bilýär. Gaty erbet ýagdaýa gelip ýetdik, ýöne şeýle erbet ýagdaýa gelendigimizi özümizem bilemzok. Aýal nämüçin ärine ynanmaýar? Erkek nämüçin aýalyna ynanyp bilmeýär? Hany biz Allanyň bardygyna we birdigine ynanýardyg-a? Hany, biz Allanyň hemme zady görüp-synlap oturandygyna ynanýardyg-a? Hany, biz ylsam şerigatyna tabyndyg-a? Hany, yslam şerigaty bizi käbir erbetliklerden saklaýard-a? Ýagny özi musulman bolan adamlaryň arasynda-da şular ýaly zatlar giňden ýaýramaga başlan bolsa, bizem şuny tutaryk edip öýlenmek borjuny goýbolsun edýän bolsak, Allanyň bizi uly pitne-pesat bilen jezalandyrýandygyny göreliň! Eger bir öýüň içinde aýal ärine, äri aýalyna ynanmaýan bolsa, mundan has beter pesat, mundan has uly pitne bolup bilermi? Ýassykdaşyňa, ömürlik ýanýoldaşyňa – biri-biriňe hemme zadyňy ynanmaly, gepsiz-gürrüňsiz biri-biriňe söýenmeli ýerde, “iş ýerinde näme edýärkä?” ýa-da “men gidenimden soň öýde näme edýärkä?” diýip kelle döwülýär. Biz Allanyň şerigatyndan ýüz öwrendigimiz üçin Alla hem bizi jezalandyrýar. Bulam şolaryň iň bärkijesi. Biziň jemgyýetçilik taýdan iň uly jogapkärçiligimiz öýlenmedik gardaşlarymyzy öýlendirmekdir. Yslamda şahsy taýdan ene-atalaryň jogapkärçiligi dininden we ahlagyndan razy çagalarynyň başyny çatmakdyr. Ýaşlar garyplykdan gorkmasyn, maddy ýeter-ýetmezçilikden gorkmasyn, ýokarda okan aýatymyzda Allatagala olara wada berýär. Eger olar ar-namysly bolmak üçin gaýrata galksalar, Allatagala olary öz fazlyndan baý eder, öz fazlyndan mätäçlikleriniň ýerini doldurar. • Yslam adamlary zynadan goramak üçin näme etdi? 1). Möminlere maşgala gurmagy buýurdy we muny jemgyýetçilik jogapkärçiligine öwürdi? 2). Yslam bize ar-namyslylygy buýruşy ýaly, namyssyzlyga alyp barýan ýollary-da haram kylypdyr. Bizi ar-namyssyzlyga alyp barýan nähili ýollar bar bolsa, yslam olaryň barsyny haram kylypdyr. Allatagala Gurhanda şeýle buýurýar: “Zyna golaýlaşmaň!” (“Isra” süresiniň 32-nji aýaty). Ýagny, “zyna etmäň” aýry emir, “zyna golaýlaşmaň!” aýratyn emirdir. Allatagala bizden zyna golaýlaşmazlygymyzy isleýär. Gurhanyň şu uslybyndan şuňa düşünmek bolýar: Zyna bir gezekde bolup geçýän zat däl. Namyssyzlyk bir gezekde ýüze çykýan zat däl. Muňa alyp barýan sebäpler, şertler bar, munuň ýollary, usullary bar. Siz bulara golaýlaşan wagtyňyzda tebigy taýdan zyna edeniňizi bilmän galýarsyňyz. Emma bulardan özüňizi gorap, bulardan özüňizi saklan wagtyňyzda, zynadanam uzak durup bilýärsiňiz. Meselem, bizi zynadan, namyssyzlykdan goramak üçin yslamyň näme buýurýanyny bilýärsiňizmi? Bize “ar-namys adamyň iki aýagynyň arasyndan däl-de, iki gözünden başlanýar” diýýär. Ilki bilenem mömin erkeklere ýüzlenipdir: “Mömin erkeklere gözlerini (haramdan) gysmagyy we namyslaryny goramagy aýt”. (“Nur” süresiniň 30-njy aýaty). Soňra mömin aýal-gyzlara ýüzlenipdir: “Mömin aýallara-da gözlerini (haramdan) gysmagy we namyslaryny goramagy aýt” (“Nur” süresiniň 31-nji aýaty). Munuň özi näme diýmegi aňladýar? Allatagala bize daşarky dünýä açylanymyzda (köpçülige çykanymyzda) gözüňizi daş-töweregiňize dikmäň, gözüňizi wideokamera ýaly saga-çepe aýlap durmaň, gözüňi gysyň diýýär. Ar-namysyň gözden başlanýandygyny biliň! Çünki göz kalba barýan ýollaryň biridir. Eger sen gözüň gabagyny ýapmasaň, gözüňi harama iterip biljek zatdan sowmasaň, saňa haram edilen zada seretmekden el çekmeseň, kalpda şöwhet duýgusyny oýandyryp biljekdigiň üçin – bulam seni zyna we erbetlige iterjekdir. Erkek bolsun, aýal bolsun, tapawudy ýok – gözümizi gysmagy öwreneliň. Eger Allanyň haram kylan bu erbetliginden – zynadan daşda durasymyz gelýän bolsa we Allanyň buýruşy ýaly ar-namysly mömin-musulmanlardan bolmak isleýän bolsak, gözümizi gysmagy öwreneliň. Şu boýunça yslam başga näme edipdir? Örtünmegi buýrupdyr. Yslam erkeklere-de, aýallara-da örtünmegi buýrupdyr. Allatagala aýaty-kerimesinde şeýle diýýär: “Şübhesiz, size owrat ýeriňizi örtjek we özi bilen bezenip biljek eşikleriňizi indirdik”. (“Araf” süresiniň 26-njy aýaty). Ýagny, ýaratdyk manysynda muny aýdýar, ýöne şuňa-da düşünmegimizi isleýär: Asmandan ýagyşyň ýagyşy ýaly ryzkyň inişi ýaly, egin-eşigem bir nygmatdyr. Allatagala adama nygmat hökmünde örtünmegi buýrupdyr. Nämüçin? Eşik bilen owrat ýeriňizi örtüň we bezenip diýip. Ýagny owadan görmek we owadan görünmek üçin adamyň içinde gözellige bolan meýil bolýar. Şonuň üçinem şol egin-eşikler bilen bezeniň, owadan görnüň diýip, Allatagala size eşik inderipdir. Aýalyňam, erkegiňem owrat ýeri bar. aýalam, erkegem owrat ýerini (uýat ýerini) örtmäge borçludyr. Nirde ýarym-ýalaňaçlyk bar bolsa, şol ýerde-de namyssyzlyk, ahlaksyzlyk bardyr. Nirde ýarym-ýalaňaçlyk bar bolsa, şol ýerde zyna hem bardyr. Allatagala bizden hem-ä aýalyň, hemem erkegiň owrat ýerlerini örtmek üçin olara eşik inderipdir we örtünmegi buýrupdyr aýalyňam, erkegiňem ýarym-ýalaňaçlykdan saklanyp, ikisiniňem örtünmegi gerek. Allatagala aýal bilen erkegiň arasyndaky gatnaşyklarda-da çäk goýupdyr. Muňa erkek üçin mysal getireliň. Allatagala şeýle diýipdir: “Bir aýalyň ýanynda mähremi ýok bolsa, onuň bilen asla ikiçäk galmaly dälsiň”. Ýagny, adamlaryň sesiňizi eşitmeýän, sizi görmeýän, ýapyk ýerde, eger ýanynda aýalyň ýakyn hossary ýok bolsa, onuň bilen ikiçäk galmaly däldigi aýdylýar. Ymam Buharydan şeýle hadys rowaýat edilýär: “Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, Allanyň Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: “Ýanynda mähremi ýok aýal bilen başa-baş galaýmaň! Ýanynda mähremi ýok aýal bilenem ýola çykmaň!” Muny eşiden biri ýerinden turup: “Eý Allanyň Resuly! Meniň aýalym haj parzy üçin ýola çykdy. Özümem pylan gazawada gitmek üçin ýazyldym” diýipdir. Allanyň Resuly oňa: “Git, aýalyň bilen bile haja git!” diýipdir” (Müslim, 1341). Ýagny aýalyň ýanynda ýa kakasy, ýa äri, ýa erkek dogany, ýa ogly bolmaly, diňe şeýle ýagdaýda sen olaryň ýanynda galyp bilýärsiň, hem onuň ýanynda başga aýallar bolmaly, seniň ýanyňda-da başga adamlar bolmaly. Diňe şeýle ýagdaýda sen olaryň ýanynda galyp bilýärsiň. Ýene bir hadysda pygamberimiz şeýle diýýär: “Jabir ibn Abdylladan rowaýat etmegine görä, Allanyň Resuly: “Allaha we Ahyret gününe iman eden biri ýanynda mähremi ýok aýal bilen başa-baş galmasyn. Şübhesiz bularyň üçünjisi şeýtan bolar” diýipdir”. (Ahmet, 14651). Ýagny aýal bilen erkek ikiçäk galanlarynda, olaryň ýanynda üçünji adam hökmünde şeýtan peýda bolýar we şeýtan olary namyssyzlyga çagyrýar. Bu barada Allatagala şeýle diýipdir: “Şübhesiz, şeýtan size erbetligi, jelepçiligi... buýurýar” (“Bakara” süresiniň 169-njy aýaty). Eger bir aýal bilen erkek ikiçäk galan ýagdaýynda şeýtan olary jelepçilige (jynsy ýakynlyga), namyssyzlyga çagyrýar. Şonuň üçinem aýal bilen erkegiň ikiçäk galmagy berk gadagan edilipdir. Pygamberimiziň aýallarynyň üstünden Allatagalanyň ähli aýallara degişli şeýle buýrugy bar: “Zenana mahsuslyk bilen söz sözlemäň, kalbynda hassalyk bolan kimse (size) tama eder” (“Ahzab” süresiniň 32-nji aýaty). Ýagny gürläniňizde zenanlygyňyzy göze dürtjek bolup durmaň, gürläniňizde aýala mahsus näz-kereşme bilen gürlemäň, gürläniňizde erkegiň kellesinde başga pikirleri oýandyrjak şekilde gürlemäň diýilýär. Eger buýrulanyň tersine hereket etseňiz, onda kalbynda hassahalyk bolan adamda size bolan tamakinçilik duýgusy, size bolan isleg-meýli oýanar. Ýagny, yslam gözümize nähili ünsli bolmagy buýurýan bolsa, gürleýän gepimize-de üns bermegi buýrupdyr. Aýal bilen erkek gürleşende, düzgün-tertipli, seresaply, ölçegli, ätiýaçly bolmaly Ne erkek erkekligiňi göze ildirjek bolup, ne-de aýal aýallygyny göze ildirjek bolup durmaly däl. Bizde şeýle bir mesele bar men muňa Allanyň bize beren jezasy diýip pikir edýärin. Meselem, erkek öýde aýalyndan: “Köýnegim nirde?” diýip gygyrýar. Aýaly hem aňyrky otagda oturan ýerinden: “Belada, merezde. Nirde goýan bolsaň şo ýerdedir-dä” diýýär. Öýde ýagdaý şeýle soň ýaňky aýal supermarkete gidýär. Aýal nämedir bir zady aljak bolanda, satyja: “Şuny äbersene” diýip mylaýym heňde gürleýär, aljak zadynyň eýlesine bir geçýär, beýlesine bir geçýär, sypaýylaşýar, mimikasy üýtgeýär, hatda göwresiniň hereketi-de başga röwüşe girýär. Aý, gadyrdan, sen muny öýde öz äriňe etseň bolmyýamy? Haýsydyr bir satyja, söwdagäre we başga birine beýtmeli däldiň... Ýa-da aýal awtobusa münýär, münjek ýa düşjek bolanda puluny uzadyp, şeýle bir sypaýylaşýar welin, hiý goýaý! “Dogan, puluňyzy alaýyň-da” we ş.m. süzülip-sallanmakdan ýaňa görgüliniň bili üzülere gelýär. Emma öýe gelýär, öýde äri bar bolsa, ýüzüni-gözüni bürüşdirip elindäki zadyny “Al, şuny!” diýip gahar bilen uzadýar. Beýle däl, uýajygym, bu hereketiňi tersine öwürmek gerek. Ýagny öýdäki äriňe “haýyş edýärin” diýmeli, öýdäki äriň bilen mylaýym gürleşmeli, aýalmyň – aýallygyňy öýde görkez, emma daşary çykan wagtyňda Allatagala senden sesiňe belli bir derejede çäk goýmagyňy isleýär. Bu seniň bilen baglanyşykly zat däl. Allatagala garşy tarapdaky adamlar üçin muny aýdýar. Çünki sen beýle gürleseň, kalbynda hassalyk bolan adamlar bar, olar seniň näz-kereşmeli sesiňi eşden wagtynda senden tama ederler, bulam seniň at-abraýyňa, namysyňa şikes ýetirmegi mümkin. Yslam zynany haram kylyşy ýaly, bizi zyna işine ýakynlaşdyryp biljek, aýal-erkek gatnaşyklaryny şular ýaly gowşadyp biljek, aýal bilen erkegiň arasyndaky gatnaşyklaryň tertip-düzgünini bozup biljek näçe ýol bar bolsa, yslam birmeňzeş ýagdaýda bularyň barsyny bize haram kylypdyr. Bize ar-namyslylygy buýran yslam adamlary zynadan goramak üçin şu aşakdakylary buýrupdyr: - Möminlere maşga gurmagy buýurdy we muny jemgyýetçilik meselesine öwürdi; - Yslam bize ar-namyslylygy buýruşy ýaly, namyssyzlyga alyp barýan ýollary-da haram etdi; - Zyna edenler bilen nikalaşmagy gadagan etdi. Ine, yslamyň biziň öňüzmide goýan şerti şular ýaly. Allatagala Gurhanda şeýle diýýär: “Zynahor erkek diňe zynahor aýala ýa-da müşrik aýala öýlenip biler. Zynahor aýaly-da diňe zynahor ýa-da müşrik erkek nikasyna salyp biler bu möminlere haram kylynandyr” (“Nur” süresiniň 3-nji aýaty). Yslam nämüçin beýle berk düzgüni girizipdir, bilýärsiňizmi? Zynany ýer ýüzünden syryp-süpürip aýyrmak üçin! Göz öňüne getiriň, ýaş ýigit ildeşimiz bar diýeli, ol nebsine ýeňilip zyna meýil edýär ýa-da ýaş gyz ildeşimiz zyna etme meýline düşýär. Şonda ol şuny pikir edýär: “Eger men zyna edäýsem, onda meniň musulman jemgyýetinde maşgala gurup bilme mümkinçiligim bolmaýar”. Çünki Allatagala zyna eden adamlar bilen maşgala gurmagy gadagan edipdir. Ertir men öýlenmekçi bolsam, maňa: “Bu oglan zynahor ahyryn, bu adam ar-namys babatda bil baglap bolmaz, muňa gyz berip bolmaz” ýa-da tersine maşgala gurmakçy bolýan gyz bolsa, onda oňa: “Bu zynahor, muňa bil baglap bolmaz, mundan äre wepa beren bolmaz” diýlen ýagdaýynda, adamlar islese-islemeze zynadan daşda dursalar gerek. Çünki adamyň iň esasy islegleriniň birem maşgala gurmak. Eger zyna maşgala gurmagyň öňünde duran iň uly päsgelçilik bolup bolýan bolsa, Allatagala hem şeýle gadagançylyk bilen zynanyň öňüne bent goýupdyr. Zyna edene diňe şu ýagdaýlarda göz ýumup bolar. Eger bir adam zyna eden bolsa we oňa munuň jezasy berlen bolsa, ol mundan soň nasuh tobasyny etse we doly päklenendigine göz ýetirilende, onuň bilen maşgala gurup bolar. Emma zyna edýän we munuň tobasyny etmeýän, zyna edýän we edýän zynasyny özüne edermenlikdir öýdüp, muny endige öwren, zyna edýän we muny geň görmeýän adam bilen musulman adamyň, aýalyň ýa erkegiň onuň bilen maşgala gurmagy mümkin däldir. Yslam zyna alyp barýan ýollary petiklemek üçin bir adamyň bir adama zyna aýyplamasyny bildirmegi günä hasaplapdyr Allatagala şeýle diýýär: “Namysly aýallara zyna töhmetini atyp, soňam aýdanlaryna güwä geçip biljek dört şaýat getirmeýänlere segsen taýak uruň, şondan soň olaryň şaýatlygyny kabul etmäň. Ine, bular pasyklaryň hut özüdir” (“Nur” süresiniň 4-nji aýaty). Ýagny soň bir gün haýsydyr bir meselede şaýat durmaga adam gerek bolanda, olar ýaly adamlaryň şaýatlygyny kabul etmäň diýýär. Ar-namys meselesinde yslam şerigaty şolar ýaly jogapkärçilikli çemeleşýär. Aýdaly, kimdir biri bir aýala: “Bu aýala ynam ýok” diýýär ýa-da bir adama: “Bul adama ynam ederlik ýok” diýýär. Bu nämäni aňladýar? Ýagny, “Men munuň kimdir biri bilen gezýänini güman edýärin”, ýagny “zyna edýändigini pikir edýärin” diýýär. Eger şonda ol bu aýdýanlaryna dört sany şaýat getirmese, köpçüligiň öňüne çykarylyp, segsen taýak urulypdyr. Pikir edip görüň, ol aýyplaýan adamyny kimdir biri bilen bir düşekde ýatandygyny gözi bilen gören dört sany şaýat getirmedik ýagdaýynda, oňa segsen sapar taýak ýenjilme jezasy garaşýar. Segsen taýagyny iýensoň, onuň jezasy gutarýarmy? Gutaranok. Aýdaly, siz bir ýere işe girmäge arza tabşyrýarsyňyz işe girjek bolýan edaraňyz sizden öň sud bolup-bolmandyňyzyň kepilnamasyny getirmegi talap edýär. Nämüçin şeýle kepilnama talap edilýär? Dogrusyny aýtmaly bolsa, beýtmek ýalňyş talap. Sebäp bu, şuny aňladýar: adam bir gezek jenaýat etdimi, mundan soň oňa ynam edesiň gelmeýär. Görgüli jenaýat edipdir, jezasyny çekip türmede ýatyp gelipdir. Eger sen oňa iş bermeseň, ol näme eder? Ýene gidip biriniň janyny awudar-da. Sen oňa işlemäge iş bereniňde, ol halal zähmeti bilen dogry ýola düşer. Iş tapmasa, baran gapysyndan kowulsa, birmahal bir jenaýat edipdir diýip, ol haçan düzelmeli, haçan jemgyýete goşulmaly? Men muny gepiň gerdişine görä aýtdym. Şeýle kepilnamanyň talap edilýänligi bilen bärde başga zada ünsüňizi çekesim gelýär. Yslam jemgyýetinde-de, size ynam edip boljakdygynyň alamaty – siziň şaýatlygyňyzyň kabul edilip-edilmeýänligidir. Eger şaýatlygyňyz kabul edip boljak ýagdaýda bolsaňyz, musulmanlaryň arasynda ynam edilýän adamlygyňyzdyr, onda size ynam edip bolýandyr. Emma eden bir etmişiňiz sebäpli şaýatlygyňyz ret edilýän bolsa, onda siz musulmanlaryň arasynda gepine-sözüne ynanylýan adam dälsiňiz, ýagny siz derege ýaraýan adam däl. Töhmet günäsi adamyň şaýatlygyny aradan aýyrýan sebäpleriň biridir. Emma adam çyny bilen toba etse we beýle ýaramazlyklardan doly arassalansa, olaryň şaýatlygyny kabul etse bolar. Emma mundan daşgaryn ol segsen taýak iýmeli bolýar we şaýatlyklary-da kabul edilmeýär. Yslam näme üçin beýle düzgüni girizipdir? Zyna yslamyň nazarynda şeýle bir hapa, şeýle bir ýigrenji zat welin, jemgyýetde biriniň etmişini dört sany adamyň gözi bilen görmedik ýagdaýynda, “bu adam şu işi etdi” diýlende zynanyň adaty zada öwrüljekdigi üçin, adamlaryň biri-birine zyna töhmetini atyp gezjekdikleri üçin hem hamana mundan beýläk hemmeler zyna edýän ýaly pikirde geziljekdigi üçin yslam muňa barýan ýoly ýapmak üçin “ýok, duruň, her eşden zadyňy gürläp ýörmeli däl” diýipdir, “her güman edýän zadyňy aýdyp, her gören zadyň boýunça özüňçe netije çykaryp, adamlara töhmet atmaga hakyň ýok” diýipdir. Eger etdiňmi, onda köpçüligiň öňünde munuň jezasyny çekmeli bolarsyň, segsen taýagyňy iýmeli bolarsyň diýipdir. Zyna eden adamlara yslam hukugynda iň agyr jeza çäresi bellenipdir. Ýagny kimdir biri yslamyň bütin şu gadagançylyklaryna garamazdan, bu gadagançylyklaryň üstünden aşyp, Alladan gorkman, gidip zyna etse, bu eden işiniň üstünde tutulybam dört sany şaýat häzir bolsa, onda oňa şeýle buýrulypdyr: “Zyna eden aýalyň we erkegiňhersine ýüz taýak uruň” (“Nur” süresiniň 2-nji aýaty). “Allaha we ahyret gününe ynanýan bolsaňyz, olara Allanyň dinini-kanuny amal edeniňizde, ol ikisine rehimiňiz inmesin” (“Nur” süresiniň 2-nji aýaty). Görýäňizmi, Allatagala adamlar zyna etmesin diýip, öňümizde şunça çäklendirmeleri goýupdyr. Muňa garamazdan kimdir biri gidip zyna edýän bolsa, diýmek onuň rehim ederlik ýagdaýy ýokdur. Birden olara nebsiňiziň agyrýandygy üçin Allanyň buýran temmi çäresini ýerine ýetirmän goýaýmaň. Özem muny gizläp etjek bolmaň. Hukuk döwletinde jeza çäresi ýapyk şertlerde ogryn berilmeýär. “Olaryň jezasyna möminlerden bir jemagat şaýatlyk etsin” (“Nur” süresiniň 2-nji aýaty). Yslamyň iň soňky alan çäklendirmesi şular ýaly. Ýagny, yslam “meni diňlemän, gidip zyna etseň, saňa bu jezany bererin” diýip duýdurýar. Sözümiň başyna gaýdyp gelýärin we tekrarlap aýdýaryn: Allatagala biz möminlerden ar-namysly bolmagy isläpdir we hakyky namaz okaýanlaryň şol bir wagtyň özünde eline, diline, biline eýelik edýändigini aýdypdyr. Muny bize buýrup, bizi nebsimiz bilenem başa-baş goýmandyr. Çünki yslamyň iň uly aýratynlygy-da şunda. Yslam adamlara nämedir bir zady buýurýan bolsa ýa-da nämedir bir zady gadagan edýän bolsa, Allanyň buýruklary bolandygy üçin ony hemmetaraplaýyn göz öňüne tutupdyr, hemme taraplaryny gurşap alýan kada-kanunlary inderipdir, adamy we jemgyýetleri mundan gorapdyr. Muny düşündirmegimiň sebäbi şunda: Yslama duşmançylyk edýän adamlar yslamy tankyt etjek bolup çyr-çytyr bolan ýagdaýlarynda: “Kimdir biri zyna etdi diýip köpüň öňüne çykarylyp ýüz sapar taýaklanarmy ýa-da kimdir biri ogurlyk etdi diýip eli kesilermi? Bu nähili wagşyýana düzgün!” diýýärler. Muny aýdýan adamlar yslam diňe adamlara ogurlyk etmäň diýip, ogurlyk eden adamyň elini kesýär diýen manyda düşünýärler. Yslam adamlara zyna etmäň diýýär, eden ýagdaýynda-da ýüz sapar taýak jezasyny berýär... Beýle däl, gardaşlar. Yslam islendik adama jeza çäresini bermezden öň bütin jemgyýete şol işi etmäň diýýär, Allatagala: “Eý adamlar, adamlara iş ýerlerini açyp beriň, ýagny adamlara işlär ýaly, işläp gününi dolar ýaly iş şertlerini döredip beriň. Eger adamlary iş bilen üpjün etmeseňiz, günäkär ogurlyk edän däl-de, sizsiňiz!” diýýär. Kimdir birileriniň kapitaly öz ellerinde jemläp, beýleki adamlary eksplutatirlemegine alyp barýan ähli ýollary yslam gadagan edýär. Ýagny belli-belli adamlaryň baýap, belli-belli adamlaryň garyplaşyp ogurlyk etjek ähli ýollaryny petikleýär. Yslam gara bazaryň haramdygyny, gara bazar bilen meşgullanan adamyň emläginiň ýakylýandygyny aýdýar. Yslam prosentine pul bermegiň, ýagny süýthorçylyk etmegiň haramdygyny aýdýar. Süýthorçylyk etmegiň Hudaýa we pygamberine garşy uruş yglan etmek bilen deňdigini aýdýar. Yslam baýlygyň az sanly adamlaryň elinde jemlenip, monopoliýalaşmagyny haram hasaplapdyr. Yslam munuň bilen hiç bir ýagdaýda ylalaşmaýar. Yslam baýlygyň belli-belli adamlaryň elinde jemlenmegi bilen ylalaşmaýandygy üçin baýlara malynyň zekatyny bermegi parz kylypdyr. Ýagny yslam baýlygy ilki jemgyýetiň içinde makul ýagdaýda paýlaýar. Soňra yslam mal-mülki barlara, baýlara, mal-mülküňi, baýlygyňy güjeňleme, görünjek bolmak haramdyr diýýär. Eger baý bolsaň, mal-mülküň köp bolsa, malyňy il-gün bilen paýlaş, baýlyk toplasyň gelýänem bolsa, edebi bilen, usuly bilen topla diýýär. Hem seniň baýlygyň iliň gözüniň alnynda durka ogurlanan ýagdaýynda, muny ogurlyk hasaplamaýar. Sebäp yslam seniň mal-mülküňe, baýlygyňa mynasyp şekilde eýe bolmagyňy, goramagyňy isleýär. Soňra döwletiň we baýlaryň boýnuna bir jogapkärçilik ýükleýär: “Bütin açlary doýurmaly bolarsyň, ähli garyp-gasar öýsüz-öwzarsyz bendelere ýatar ýaly ýer edinmäge mümkinçiligini döretmeli bolarsyň, ähli adamlaryň iýer-içer ýaly zadyny bermeli bolarsyň” diýýär. Soňra günüň dowamynda bäş gezek metjide namaza çagyryp, adamy arassalaýar. Ýagny adama ahyretden, Alladan gorkmagy öwredýär. Bütin bu zatlar ýerbe-ýer oturandan soň, bütin bularyň üstünden aşyp, kimdir biri döwletiň emlägini ýa-da özi ýaly bir adamyň zadyny ogurlaýan bolsa, yslam oňa “diýmek seniň zannyňda näsazlyk bar, ýagny seniň zannyň diňe saňa uly jeza çäresini berilen ýagdaýda düzeler” diýýär. Bütin bu aýdylanlary, sanalan şertleri görmän, iň soňuny görsek, elbetde, yslama we yslam şerigatyna zulum etdigimiz bolar. Emma yslam şerigaty ogurlyk boýunça beren mysalymda-da, zyna boýunça beren mysalymda-da görşüňiz ýaly, adamlara nämedir buýrup, soňra olara jeza çäresini bellemändir. Yslam özbaşyna ýaşaýyş-durmuş formasyny gurupdyr, düzgün-tertip gurupdyr we şeýle düzgüniň içinde adam goýlan ähli barýerleri aşyp, şeýle günäni eden bolsa, yslam diňe şondan soň olary jezalandyrypdyr. Şeýdibem yslam bizi ar-namyslylyga çagyryşy ýaly namyssyzlyga alyp barýan ähli ýollardanam päk şerigaty bilen gorapdyr. Halis BAÝANJUK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |