12:40 Žýul Wern Garagumda bolmasa-da... | |
ZÝUL WERN GARAGUMDA BOLMASA-DA...
Edebi makalalar
Beýik fransuz ýazyjysy Žýul Wern ömrüniň dowamynda onlarça kitaplar ýazdy. Ol hiç wagt Pribaltikada-da, Sibirde-de, Çukotkada-da, Garagumda-da bolmandyr. Ýöne, muňa garamazdan, onuň bu özboluşly ülkeler barada gyzykly gürrüň berýän eserleri bar. Žýul Werniň ady dünýäniň iň belli ýazyjylarynyň arasynda tutulýar. Ony hemmeler tanaýar. Fransuz ýazyjysynyň gyzykly kitaplaryny ürç edinip okamadyk adam ýok bolsa gerek. Onuň eserleri ylmy gözlegleriň batyrgaý romantikasy, adamyň parasatlylygyna hormat goýmak, onuň çäksiz mümkinçiliklerine bildirilýän ynam bilen haýran galdyrýar. Buiz dünýäniň beýik ýazyjysynyň gahrymanlary bilen birlikde howply başdan geçirmeleriň şaýady bolýarys, segsen günüň içinde dünýäniň daşyna syýahat edip çykýarys ýa-da suw asty bilen bütin dünýä aýlanýarys. Günleriň birinde-de Hazardan başlap ýaýylyp ýatan gadymy Türkmenistana gelýäris. Biz entek Zakaspi demir ýol gurluşygynyň proýektiniň bardygy baradaky habaryň nädip Žýul Werne ýetendigini kesgitlemeli. Gurluşyk başlanandan soň, bu habaryň aňsatlyk bilen ýaýrajakdygy düşnükli. Sebäbi bu seýrek gurluşyga daşary ýurtly habarçylar hem syýahatçylar yzygiderli gelip durýardylar. Fransuz inženeri E.Bulanžýe hem gurluşykda bolmak miýesser edýär. E.Bulanžýe ýazgy depderçesini ýöredýär. Tiz wagtdan soň bolsa Parižiň we Fransiýanyň beýleki şäherleriniň kitap dükanlarynda onuň “Merwe syýahat” kitaby peýda boldy. Inženeriň bu kityaby türkmen temasyndan roman ýazmakda Žýul Werne belli bir derejede kömek edýär. Ýazyjy eser üçin ýiti, adty bolmadyk sýužetleri saýlap almagy gowy görüpdir. Şonuň üçinem örän seýrek hem batyrgaý proýekt ony içgin gyzyklandyrypdyr: suwsuz çöllüguiň, göçüp-gonup ýören äpet alaňlaryň arasyndan demir ýol geçirmek ýöne-möne iş däl ahyry! Ýazyjy proýekti hakyky demir ýola öwürmäge töwekgellik eden işçileriň we inženerleriň gahrymançylykly zähmetine hem iňňän ýokary baha beripdir. Dogrudanam Žýul Wern adaty ýazyjylara meňzemeýär. Ol öz öýünden çykman diýen ýaly, asyryň esasy ylmy-tehniki başlangyçlarynyň hemmesinden habardar bolupdyr. Ol halklaryň, ýurtlaryň hemmesiniň durmuşy bilen gyzyklanypdyr. Žýul Werniň “Mihail Stergow” atly Sibir bilen baglanyşykly romanyny alyp göreliň. Romanyň köp bölegi Sibiriň tebigatyna, şäherlerine bagyşlanylýar. Hatda eserde Sibiriň nebitli ýerleri barada hem gürrüň gidýär. Bu ýerde Žýul Werniň Sibir bilen tanyşlygynyň Žýul Werniň Sibir bilen tanyşlygynyň gizlin syry ýok: ýazyjy belli Sibiri öwreniji alym P.A.Kropotkin bilen dost bolupdyr. P.A.Kropotkin uzak wagtlap Fransiýada ýaşapdyr we bu giň ülke barada ýazyja gürrüň beripdir. Žýul Wern Garagum çöllüginden geçiriljek demir ýoluň gurluşygy bilen gyzyklananda hem Zakapsi baradaky mümkin bolan maglumatlaryň hemmesini ýygnapdyr, ol gazet hronikasyny gurulýan ýol boýunça gollanmalary, inženerleriň ýazgylaryny ulanypdyr. 1980-1986-njy ýyllarda bütin dünýäniň ünsi Garagumdady – Zakaspi demir ýolunyň gurulýan ýerindedi. Gurluşygyň göwrümleri iňňän uludy: ýoluň Mihaýlowsk posýologyndan Samarkanda çenli uzynlygy 1430 kilometre ýetýärdi. Gurluşykçylar süýşýän çägeleriň içinden demir ýol geçirmek problemasyny dünýäde ilkinji gezek çözýärdiler. Gurluşyk üçin zerur zatlar ýurduň jümmüşinden getirilýärdi. Žýul Wern bu romanyny basym ýazyp bolýar. Eýýäm 1892-nji ýylda “Klodius Bombarnak” romany çap bolup çykýar. Eserdäki wakalar “XX asyr” atly gündelik çykýan fransuz gazetiniň habarçysy Klodius Bombarnagyň gürrüň bermegi arkaly beýan edilýär. Hakyky wakalar ýazyjynyň fantaziýasy bilen gezekleşip gelýär. Romanyň sýužeti Žýul Werniň edil beýleki eserleindäki ýaly ýönekeý. Gündelik gazetiň habarçysy Klodius Bombarnak üç hepdelik möhlet bilen Tiflise gelýär. Klodius Bombarnak örän gallaw adam. Ol gazete gyssagly zerur täzeligi ýetrimek üçin her zada taýyn. Habarçy hojaýynlaryndan telegramma alan badyna, Bakuwa alňasaýar. Ol gele-gelmäne, “Astra” atly gämä münmäge ýetişýär. Ol bu zatlaryň hemmesini Hazaryň gündogar kenaryndaky Uzynadadan Beýik Transaziýa magistraly boýunça ugrajak otla münmek üçin edýär. Awtoryň gürrüňini edýän Beýik magistraly entek diňe aňynda bardy. Hakykatda bolsa diňe 1881-nji ýylyň sentýabrynda ýoluň Uzynada – Gyzylarbat aralygy gurlupdy. Şondan ýedi ýyl geçenden soň, ýol Ashabadyň, Merwiň, Çärjewiň üsti bilen samarkanda çenli uzaldyldy. Žýul Werniň romany çap bolup çykandan iki ýyl soň, ýoluň Samarkant-Andijan böleginiň hem Daşkent şahasynyň gurluşygyna girişildi. Ýöne awtor XIX asyryň anyk oýlap tapyş we ylmy-tehniki açyşlaryna daýanyp, şahyrana fantastika giň gerim berip, öz gahrymanlaryny magistral boýunça syýahat etdirýär. Eseriň iň ähmiýetli tarapy millionlarça okyjynyň Žýul Werniň gahrymanlary bilen birlikde öň bilmeýän ýa-da daş gulakdan eşiden ülkelerine syýahat edenligidir. “Hernä men general Annenkowyň belli bir derejede äpet desgasy barada inžener Bulanžýeniň hasabatlaryny okapdyryn – diýip, Bombarnak pikir äalyşýar. – Amerikalylaryň Uzak Günbatar düzlüginden geçiren demir ýoluny örän gysga wagtda gurandyklary barada köp gürrüň edýärler. Ýöne bu babatda, gurluşygyň çalt alnyp barylýandygy, şeýle hem industrial pikiriň batyrgaýlygy bilen ozdurýan bolmasalar, ruslaryň amerikalylardan sähelçe-de yza galmaýandyklary bilinse gowy!” Awtor amerikalylaryň bir günde dört kilometr, ruslaryň bolsa sekiz kilometr ýol gurandyklaryny hem ýatlaýar. Biz Klodius Bombarnak hem onuň ýoldaşlary bilen birlikde Uzyn ada, Gyzylarbada, Ashabada, Merwe, Çärjewe we beýleki duralgalara baryp görýäris, ençeme gyzykly zatlaryň şaýady bolýarys. Hatda beýik fransuz ýazyjysynyň özi şu ýerlere fransuz žurnalisti bilen gelen bolaýmasyn diýen pikir kelläňe gelýär. Ýöne gynansagam, ol bu ýere gelmändir. Ýazyjy özüniň seýrek duş gelýän fantaziýasyna, ajaýyp zehinine daýanypdyr. “Klodius Bombarnak” romanynda Žýul Wern tebigaty ýeňip geçýän we giňişligi boýun egdirýän adamyň döredijilikli zähmetini, paýhasyny, wasp edýär. Awtor öz çeperçilik taýdan öňde goýýan wezipesini rus inžener-gurluşyk praktikasynyň anyk materiallary esasynda çözýär. Şu jähetden hem roman biziň üçin gymmatlydyr. Žýul Werniň bu romany geografik romandyr. Awtor bu eseri arkaly okyjylary Kawkazyň we Orta Aziýanyň geografiýasy bilen tanyşdyrmak isläpdir. Meseläniň aňsat däldigine garamazdan, ol öňde goýan maksadyna ýetip bilipdir. Romanyň gahrymanlary duralgalarda otly saklananda, wagondan çykmaýarlar-da, diňe onuň penjiresinden gözegçilik edýärler. Şonuň üçinem duralgalar barada gysgajyk maglumat berilýär. Eger Kloduius Bombarnak birden otludan galyp, Garagumuň jümmüşine aralaşaýan bolsa, roman düýbünden başgaça bolardy! Klodius Bombarnagyň Zakaspi demir ýoly boýunça nätanyş ülkäni synlap gidekli bäri ençeme ýyl geçipdir. Romanyň gahrymanlary bu ülkäni häzir synlasalar, olar öňki bolan ýerlerini tanap bilmezdiler. Bu ýerlerde bolup geçen üýtgeşiklikler söz bilen aýdardan kyn. Romany ilki çykan döwründe okan adamlar awtoryň çäksiz fantaziýasyna, göz öňüne getirmesien haýran galyp başyny ýaýkandyrlar. Beýik Transaziýa magistraly barada okan müňkür adamlar bolsa ynamsyzlyk bilen onuň üstünden gülüpdirler. Žýul Werniň “Klodius Bombarnak” atly romany Russiýada ilkinji gezek 1907-nji ýylda peýda boldy. Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde roman birnäçe gezek neşir edildi. W.STERLIGOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |