21:52 Çernyşewskiniň ilkinji terjimehaly Ashabatda ýazylypdyr | |
ÇERNYŞEWSKINIŇ ILKINJI TERJIMEHALY ASHABATDA ÝAZYLYPDYR
Taryhy makalalar
Moskwanyň "Художественная литература" neşirýaty tarapyndan neşir edilýän "Edebi memuarlaryň tapgyry" okyjylar köpçüligine giňden tanyşdyr. Bu tapgyryň nobatdakysy "Çernyşewskiniň döwürdeşleriniň ýatlamalarynda" diýlip atlandyrylýar. Onda Nikolaý Gawrilowiç barada alymlar we publisistler, jemgyýetçilik işgärleri, dostlary, garyndaşlary we tanyşlary gyzykly gürrüňler berýär. Ony okap oturyşyna rus hem-de daşary ýurt rewolýusionerleriniň ençeme neslini tebiýelemekde nusga bolan "Näme etmeli" diýen romanyň diýseň zehinli, her taraplaýyn bilimli, öz halkyny samoderžawiýe zulmundan azat etmekde zerur meseleleri çözmäge taýýarlykly şahsyýet bolup örboýuna galýar. Beýik rewolýusion-demokratyň terjimehalyny ilkinjileriň biri bolup ýazmak ashabatly K.M.Fýodorowa (1866-1947) miýesser edýär. Onuň ýatlamalary hem şol ýygynda girizilipdir. Konstantin Mihaýlowiç Zakaspä heniz ýaş ýigitkä gelýär. Zakaspi ülkesine gelmezinden öň Konstantin Mihaýlowiç N.G.Çernyşewskiniň maşgalasynda ýaşap, Astrahanda hem-de saratowda onuň sekretary bolýar. "Näme etmeli" romanynyň awtorynyň ömrüniň soňky ýyllary onuň gözüniň alnynda geçýär. Bu bolsa ashabatlynyň ýatlamalarynyň gymmatyny has-da artdyrýar. Çernyşewskiý barada ýatlama ýazmaga girişmek pikirini ona Nikolaý Gawrilowiç aradan çykanyndan soň A.N.Pypin salgy berýär. Ol Çernyşewskiniň aýaly Olga Sokratowna ýazan hatynda Fýodorowyň Çernyşewskiý bilen işlän ýyllary barada öz ýatlamalaryny ýazsa oňat boljakdygyny, ony ýazmagyň bolsa hökmandygyny aýdýar. Ol eger şeýle edilse, ýatlamalaryň köpler üçin gyzykly boljakdygyny, onuň ýazjak terjimehalynyň geljek üçin material bolup hyzmat etjekdigini nygtapdyr hem-de bu işi soňa goýman, oňa batyrgaý ýapyşmagy Pypin Fýodorowa maslahat beripdir. Emma Pypiniň maslahaty bada-bat ýerine ýetirilmeýär. Sebäbi Fýodorow entek durmuşda öz ornuny tapmalydy. Ol tolkunly Kaspini aralap, Zakaspi ülkeleriniň paýtagty Ashabada gelýär. Ilki Astrahanyň gazetleri bilen aragatnaşyk saklaýar, soňra bolsa öz gazetini esaslandyrýar. Ol diňe öz maddy ýagdaýy gowulaşandan soň, Çernyşewskiniň ömrüniň soňky ýyllary barada ýatlama ýazmaga girişýär. Beýik rus rewolýusioneri hem-de ýazyjysy hakynda Fýodorow tutuş bir kitap ýazýar. Ol kitabyň ilkinji gezek Köpetdagyň eteginde "dünýä inmegi" aşgabatlylary has-da guwandyrýar. Men indi bibliografiki gymmatlyk bolup giden ol kitaby elime alyp gördüm. Onuň tipografiki çykarylyşynyň oňatdygyny, oňa awtoryň, harp ýygnaýjylaryň, köne Ashabadyň beýleki tipografiýa işgärleriniň köp zähmet siňdirendiklerini belläsim gelýär. Bir ýyldan soň, ýagny 1905-nji ýylda Fýodorowyň Çernyşewskiý baradaky kitaby düzediş girizilen hem-de üsti ýetirilen görnüşde Peterburgda täzeden neşir edilýär. Fýodorow özüniň Çernyşewskiý bilen şahsy tanyşlygynyň 1885-nji ýyla degişlidigini ýatlaýar. Sibir sürgüninden soň, ol puldan mätäçlik çekip Weberiň eserlerini terjime edýär. Oňa korrektor gerek bolýar. Tanyş-bilişleri ýerli gimnaziýany tamamlan ýaş ýigit Fýodorowy maslahat berýärler. Fýodorowyň işine ezberligi oňa ýaraýar. Şeýlelikde, ol N.G.Çernyşewskiniň maşgalasynda ýaşap başlaýar. Nikolaý Gawrilowiç ýaş kömekçisine has jogapkärli işleri hem ynanyp başlaýar. Nikolaý Gawrilowiç ýaş kömekçisine has jogapkärli işleri hem ynanyp başlaýar. Ol Fýodorowa beýleki bir rewolýusioner-demokrat N.A.Dobrolýubowyň hatlar hem-de makalalar arhiwinini düzgünleşdirmekligi tabşyrýar. Fýodorow soňra Dobrolýubowyň elýazmalaryny gözden geçirende özüniň diýseň köp zat öwrenendigini ýatlaýar. Konstantin Mihaýlowiçiň ýatlamalary esasynda bize Nikolaý Gawrilowiçiň edebi işiniň formalary hem-de metodlary barada örän gymmatly habarlar gelip ýetdi. Onuň aýtmagyna görä, Çernyşewskiý köp işläpdir. Ol ir turupdyr, eýýäm çaý başynda korrekturany okamaga ýa-da terjimäniň asyl nusgasyny gözüen geçirmäge ýetişipdir, ertirlikden soň gündiz sagat bire çenli Weberi terjime edipdir. Ol Çernyşewskiniň özüne diýseň talabediji bolandygyny hem ýatlaýar. Onuň özi hem Çernyşewskiniň öz elýazamalryndan närazy bolup, ony ýyrtandygynyň birnäçe gezek şaýady bolupdyr. Ony okap çykanyňdan soň, Nikolaý Gawrilowiç Çernyşewskiý barada şeýle gymmatly faktlar bilen tanyş eden ýatlamalaryň awtorlaryna minnetdar bolýarsyň. Walentin STERLIGOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |