10:04 Älemiň manysy | |
ÄLEMIŇ MANYSY
Näme diýjek?! Şol bir geçilen ýol. Gözýetimden gözýetime çen, ykballaň tükeniksiz birmeňzeş sudury… Çür başynda bolsa kert gaýanyň, ähli adam-sudurlaň Adam atasy... Adam dogulýa… Ýaşaýa… Garraýa… Ruh eýlenende Jennetiň abynda, Dowzahyň odunda, Eşret şemalyna serlip, kakadylsa-da janköýerlik narynda, Undulypdyr, ony bişirmek, biperwaýlyk tan-nurunda*. Şoň üçinem, doglanda närza ynsan, ötüp bilmeýär biparh bolup, bu bipaýan perwaýsyz dünýäň deňinden… Jinnege bagryn ýakýa, dynnyma gynaýa özün, şatlykda-da aglaýa, gaýgyda-da seçeleýä gözýaşyn, gynansyn… begensin… hiçisi gursagyna sygmyýa… belki, şudyr ýorgudy – – bu syry ýorulmadyk Älemiň: Perwaýsyz dünýäni perwaýy bilen oýarmak... © Öwezgeldi BEGLIÝEW. * Tan-nur — gadymy şumerleň (garabaşlaň) dilinde: tan — öý, nur — ot, «oduň öýi» (tamdyr). | |
|
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |