16:52 Was-wasylara... | |
WAS-WASYLARA...
Öňem was-wasylar ýaşap geçipdir, Sany-sajagy ýok eken zeminde. “Kim bolsaň-da parhy ýokdur” diýdiler, Was-wasylyk bolsa eger demiňde. Bus-busular was-wasydyr aslynda, Gorkup gezip ýöreni kän ajaldan. Ýada salyň ilki dädem Gorkudy, Bu rowaýat ýaşap gelýär haçandan? Haýbatlydyr görseňizler daşyndan, Diýer ýaly däldir, walla, “was-wasy”. Toý tutmaz kalbynda, gülmez, barybir, Kalbynyň töründe tutupdyr ýasy. Was-wasylyk betbagtlyk elbetde, Dosty bolmaz, adam bary ýagydyr. Çünki ol was-wasy, Çünki bus-busy, Ýaşan ömri durşy bilen agydyr. Was-wasylar dünýäň gadym gussasy, Dünýäň soňsuz, tükeniksiz kyssasy. Mahlasy, ol em tapylmaz hassasy. 23.12.2023. | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |