15:24 Amanat / rowaýat | |
AMANAT
Gadym zamanlarda bir garyp, ýekelii aýalyň kendiriginde ýeke urbalyk uny galmandyr. Ol on-on iki ýaşly ogluny obaň harazyna ugradypdyr. Oglan çuwalyny alyp, obaňçetinde ýerleşýän suw harazyna tarap ýönelipdir. Harazman bilen unuň karzyny indiki ýylyň hasyly ýetişende hasaplaşmagy şertleşipdir. Kilwan setili bilen bir put bugdaýy ölçäp, çuwala gapgarandan soň ýetginjege ýüzlenip: —Inim, ýumuş görmeseň, Hudaý ýoluna aýdan sadakam bar, şony ýüzugra Pylan gelnejeňlere düşürip geçsene—diýip, obalaryndaky dul galan, köp çagaly aýalyň adyny agzapdyr. Ýetginjegiň razylygyny alan degirmençi: —Boş gabym ýok, bolaýanda-da iki haltany birden göterip alyp gidip bilmersiň diýip, oglanyň unly çuwalyna ýene bir put un guýupdyr-da: —Çuwalyň gylla ýarysyny bölüp beräýgin, ýöne barmaly ýeriňe ýetýänçäň ýere goýaýmagyn, soň biri kömek edäýmese ýeke özüň çuwalyňy galdyryp bilmersiň, munuň aňramy seň öz agramyňça bolmasa-da bäri ýanyndan gaýdýandyr —diýip, sargapdyr. Kilwan iki putluk çuwaly ýetginjegiň arkasyna gop berip, ugradyp goýberipdir. Ýolda gelýärkä ýetginjek: “Olar ýaly bolsa, biziň kakamyzyň dünýeden gaýdanyna üç ýyl geçdi, onda bize hem sadaka düşýär-dä?! Berjek bolsa degirmençi daýy bizi hem tanaman duranog-a. Bu bir put un biziň bir aýymyza zordan ýeter, öňümizem gyş, bugdaýymyz ýetişýänçä ýaza çenli näçe aýlar bar, ýene dilege gelmeli bolar. Degirmençi daýy bilen gelnejeme-de: “Kelläme bir topar bulam-bujar pikir gelip, ünsüm başga ýana sowlpdyr, säginip geçmegi ýadymdan çykarypdyryn-da, gabadyňyzdan ötüp gidipdirin. Öýmize baramda ýadyma düşdi. Yzyma dolanmakçy bolup, ýere düşüren çuwalymy göterjek boldum, güýjüm ýetmedi diýerin” diýip, oýlanyp gelşine, kilwanyň salgy beren dul aýalyň öýüniň ýakynyna gelipdir we ýadanyny duýup, birneme dynjyny alyp, soň ýoluny dowam etdirmegi makul bilip, arkasyndaky ýüküni ýere goýýar we çuwalyň üstüne geçip oturýar. Demini-dynjyny alan ýetginjek unly çuwalyny göterip egnine atmakçy bolanda, iki putluk çuwalyň agyrlygyny şonda bilip galýar. Asyl, doly çuwal topugyndan ýokary galamasa nätjek! Ol her gezek unly çuwalyny omzuna aljak bolanda, topugyna çenli galdyryp, güýji ýetmän, patyladyp ýere goýýar. Unly çuwal ýerinden butnaýynam diýenok. Ýetginjek aljyrap, haraý gözläp, daş-töweregin göz aýlaýar: tekgelige ne töňňe bar, ne-de ýatan uly daş bar. “Içigar galmyş, arkama gop berer ýaly ýekeje kişi görnenok-da...” diýip, lapykeç halda özüni ýere goýberip, çöküne düşüp oturýar-da, oýa batýar: “Meniň ýaman niýetim özüme hyýanat bolup, ýerimden butnatmady. Men kesekiň rysgalyna göz gyzdyrdym. Eý, Allahym, men ýazykly, mäniň günämi öt!” diýip, toba edensoň, çuwaldaky unuň hak eýesiniň ýanyna baryp, kilwanyň sargydyny aýdýar. Dul aýal degirmençi bilen oglana alkyş baryny okap, öz paýyny alyp galýar. Ýetginjek ýarpy göwresini boşadan çuwaly ýeňillik bilen arakasyna atyp ýola düşýär. Kişiň nesibesinden ýüz öwrenine, ýaman niýeti ret edenine ruhy galkynyp, onuň ýüki bile süňňi hem ýeňleýär. Gelnejesiniň alkyşlaryndan ruhlanan ýigit, edil biri goltugyna gop beren ýaly, aýagy ýere degmän, ejesini we jigilerini begendirmek üçin öýüne “uçup” gelýär. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |