17:15

Amul şäheriniñ halas edilişi

AMUL ŞÄHERINIÑ HALAS EDILIŞI

Amul şähri hakynda,
Ençe-ençe rowaýat.
Ýetip gelipdir bize,
Hut hakykat hekaýat.

Jeýhunyň kenarynda,
Ýaşaýan halk ilaty.
Boýun egdirmek üçin,
Sarp edip bar kuwwaty.

Kyn düşüpdir  mduşmana,
Güýç bilen muny almak.
"Surnukdyrarys" diýen,
Aňsat bor penje salmak.

Haýbat atyp şähere,
Gabapdyrlar daşyny.
Garawullapdyr olar,
Galaň aýak-başyny.

Galada hem bar eken,
Meşhur ol Bahaweddin.
Mähri külal şäheri,
Goldapdyr gündiz ertir.

Ýöne söweş tärine,
Belet bolmansoň olar.
Näme edip biljekdi,
Kömegi näme bolar.

Duşman bolsa gün-günden,
Agyr zarba urýardy.
Gabawdakylar bolsa,
Barha güýçden galýardy.

Her kim dogduk şäherin,
Halas etjek bolýardy.
Dürli hili ýollary,
Olar oýlap görýärdi.

Bir gün gijäň ýarynda,
Mähri Külal külbesine.
Gelipdir dana goja,
Pikir getirip kellesine.

Diýen "Eý Mähri külal”,
Sen maňa gulak asgyn.
Bu  gün bolmasa ertir,
Geler güýjümiz asgyn.

Bir çykalga bar ýöne,
Ertir alymlarymyz.
Ýasasalar bir däri,
Ýok bor zalymlarymyz.

Güýjüňi has artdyrýan,
Täsin derman ýasarlar.
Onsoň şäher ilaty,
Ýeňmekligi başarlar.

Şonuň üçin bizlere,
Şonça okara gerek.
Siziň kömegiňizden,
Indi ynjalar ýürek.

Ussalar haýal etmän,
Işiň başyna geçip.
Çarhy köp aýlapdyrlar,
Aýak arasyn açyp.

Gijäniň bir ýarynda,
Okaralar nagt bolan.
Indi bolsa olara,
Diňe bişirmek galan.

Ýöne daşy gabalgy,
Şäherde ne odun  bar.
Hatda çöp-çalamada,
Külallar boldular zar.

Işi bolsa birjikde,
Bökdemeli däldiler.
Soňra bolsa gaplary,
Bir humdana saldylar.

Bahaweddin humdana,
Çöpden ot tutaşdyrdy.
Oňaýly näme tapsa,
Üýşürip atyşdyrdy.

Mähri Külal elini,
Gözüne kölegeledip.
Humdandaky golçalara,
Tekrar-tekrar seredip.

Oduñ pesdigin görüp,
Bahaweddin ýene-de.
“Gaýrat edäý" diýýärdi,
Humdana has serede.

Ot bolsa bilgeşleýin,
Diýen ýaly haýallap.
Ýanýardy juda pessaý,
Odun barýar paýanlap.

Bahaweddin galanja,
Çöp-çalamy oklaýar.
Oduň ýaňky ýalyny,
Bir azajyk saklaýar.

Ot biraz ýalynlaýar,
"Ýene gaýrat et" diýip.
Mähri külal ýalbarýar,
Oduň ahwalyn duýup.

Bahaweddin oýlanman,
Başgabyny taşlaýar.
"Ýene ýanaýsyn” diýip,
Geýimin oklap başlaýar.

Mähri Külal "Ýene-de
Azrak diýip gygyryp".
Özünide ýitirýär,
Dumly-duşa sygyryp.

Gursagyny dolduryp,
Uludan demini alýar.
Soňra ol Bahaweddin,
Oda özüni zyňýar.

Duşmanlar Amul şäherin,
Boýun edip bilmeýär.
Bahaweddiniň ruhy,
Amul sözün diňleýär.

Amul şol külallar,
Bolupdyrlar halasgär.
Bakylyk bagş edipdir,
Bulara şol eziz kär.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 418 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Toýly Muhammetdurdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]