08:44 Atama | |
ATAMA
Atam Orazmuhammet Işanguly ogluna bagyşlaýaryn Soňky deminde hem diýenin etdi, Hiç islemedi "gerek dälini"! Ahyr asyrmyň ýeten ajaly, Üýtgetmedi, häsiýetini, pälini. Ol meniň atam, hötjet häsiýetli, Togsan bir ýaşynyň nokadyn goýdy. Ezraýyl bir bada gelmän golaýna, Alty gün diýlende başyna gondy. Ýaşulysy bolup küren obanyň, Mukaddes Oraza ýetdi ýaşaýşy. Anna gün ýer berip Hojaň gonamy, Gelmez diýdik: "asla bärik aşasy". Bakylyga göç etdi, howada gaýyp, Agyrlarna goýdy soňky nokady. "Jaýyň jennetden" ýer etsin atam, Mollalar ruhuňa doga okady. ...Ol meň atam, häsiýetine düşmersiň , Iki asyryň köp pasylyn ýaşady. Görmeris, gömeris toprak sepine, ...Ol ýerden - bu ýere käşge a:şsady. 25.05.2018. ✏AHALLY | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |