21:45 Awçy | |
Awçy giň asmana göz aýlap barýar,
Mukaddes topraga aýagyn diräp. Ol ünüsli, Diňe ünüsli garýar, Ädimin giň ädip, süýegin süýräp. Päkizedir kalby,belki-de, onuň, Päkize asmanyň päkligi ýaly! Kanagat edýändir öz yrsgalyna, Göwni akdyr guşlaň aklygy ýaly! Asla beýle däldi awçyň ýüregi, Atjakdy ol tapyp öz ynsabyny. Şeýle niýet bilen çykypdy awa, Oda ýakyp tüpeňiniň gabyny. Gözi düşdi ak gar ýaly ak guşa, Guş akjady. Gamaşdy oň gözleri. Ýüregi hem daşy ýaly päk guşa Gazaply garady goşaň gözleri. Gara nilden çykdy ajal güllesi- Ysgynsyz sallandy guşuň ganaty. Ol guş onuň ynsabydy-ynsaby, Göruň,awçy öz ynsabyn awlady. Şyhymyrat Abdyllaýew | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |