04:31 Awtoportrete ştrihler | |
AWTOPORTRETE ŞTRIHLER
1. Anektodmy, degişmemi, nämemi, Bir zatlar-a sebäp bolýan käte men. Ýöne onuň üçin örtäp bu jany, Özümi oklaman ýanar oda men. Goý, aýtsynlar degişmesin, ýenesin, Agzyboşdur, nätjek, gepläbersinler. Diňe setirlerdir sözleň seresin Meniň üçin aýap saklawersinler. 2. Adamyň aýbyny ýüzüne aýdyp, Ýeňsesinden öwmek söýgüli pişäm. Bir kişiň göwnüne degäýsem sähel, Agyr oýlanmada geçýändir gijäm. Eselmek, peselmek – wezipä bagly Diýýänlerdir meniň ganym duşmanym. Ýel barka parlatgyn adalat tugun. «Soň giç bor, Peýdasy degmez puşmanyň! Şol baýdaga sygyn, Hor bolmarsyň sen, Kiçini uly bil, Ulyny beýik...» Her dem öz-özüme akyl berýärin, Öz-özümi köşeşdirýän şeý diýip. 3. Hiç mahal söz başlamadym «men» bilen, Gürlemedim, wagt tapsam, diňledim. Öz aýbyny gizlän, II aýbyn gözlän Näkesleri ýigrendim hem geňledim. 4. Ne uzyn, ne kelte – orta boýly men, Ne dymma, ne ýaňra – şeýleräk bolşum. Ne mekir, ne sada hem däl aýny men, Hemişe bir durkum, şol bir dem alşym. 5. Sakgallar agarýar, Saçlar agarýar, Ýaşlaram alakjap barýandyr öňe. Şindem käbir dostum arzuw ýüwürdip, Geljege göz dikip ýatandyr diňe. Maňa welin, ynan, seniň göwnimden Turmagy başarsam besdir, döwürdeş. Ýola gitjek, ýola düşmezden ozal Taýynlap goýýandyr özüne ýoldaş. Sen wepadar ýoldaş, Ynamdar ýoldaş, Ýüregňi, syryňy ynansa boljak. Seniň bilen bir deňizde gark bolup, Bir oduň howruna ýylansa boljak. Biz bile gideris... Bu ýolda ykbal Biziň aramyza çöp atan güni, Sensiň meni bu dünýäde ýaşatjak, Sensiň ýok etjegem dünýäden meni. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |