AÝTJAKDYM...
Saña şu zatlary öñ aýtjakdym men,
Isleýärdim has öñüräk bilmegñi.
Şonda meni bagtlydyr öýtjekdiñ,
Aýdan bolsam aýtmak islän sözlermi.
Sözler umman, gark bolanlar dymýandyr,
Ýa dymýandyr kenaryna ýetenler.
Adam kalby ýeke söze doñýandyr,
Adam ýanýar söz saklansoñ içinde.
Goý,bu sözler şu bolşunda galmasyn,
Üýtgeşik aýdylsyn aýdylanda ýa.
Bilen ýagşy - ýanjasalar ýanjasyn,
Sözler şol bir zady gaýtalamaýar.
Saza sygsa aýdym bolsun, goý şular,
Kalba sygsa, setir dömsün ýürekden.
Aslynda-ha kalba siñjek goşgulañ
Saña biraz düşünmegi gerekdir.
Pikir sözden, sözler sözden ulalyp,
Bireýýämler çykarlypdyr gundagdan.
Sebäp, biri islemändir şolaryñ
Bir bolşunda galmagyny şondan soñ...
Heniz söze geçrilmedik sözler bar,
Alajyny sözden tapyp bilmedik.
...Şu gün ýene aýtmadyk sözlemden,
Aýtmak islän sözlerimi diñlediñ.
Allanur ÇARYÝEW.
"Nesil" gazeti, 09.09.2021 ý.