06:10 Bagtly men | |
Aşyrmuhammet SEÝITNUROW
▶ BAGTLY MEN Jigerbendim, geregim, Sensiz bolmaz deregim. "Ýar-ýar" diýip urup dur Gursagymda ýüregim. Kamatyña maýyl men, Yşk oduña kaýyl men. Gül bolup gowuşmanyñ Hiç bilemok tabyn men. Düşün maña, jenanym, Şeýdasy men lebleriñ. Söýgim saña bor mälim, Bir gün näzli dilberim. Ak ýüzi syýa hallym, Ýürek saña bendiwan. Señ bilen giñ jahanda Hem bagtly men, hem juwan. ▶ KÄTE GARAŞA-GARAŞA Sowgat goýan güllem soldy Käte garaşa-garaşa. Serden hyýalym sowuldy Käte garaşa-garaşa. Bakyp durýan ýoluñ garap, Mütdet ötse, bolýan harap. Diwana dönýän soraglap, Saña garaşa-garaşa. Söýgi azat, bagtly döwrüm, Ýöne durmuş ýoly öwrüm. Ýyksañ-da, gyz, käte göwnüm Bitdi, garaşa-garaşa. ▶ MEN BAGTYÝAR Ýürek gitdi gobsunyp, Kaklyşanda nazarym. Geldim saýýadyñ bolup, Yzlap kalbyñ güzerin. Hak aşyk men, bilsene, Baky bagtym bolsana, Ýalbarýaryn ýalka-da, Gül goýnuña salsana. Gün geldikçe güýjeýär Bu ýüregiñ urgusy. Söýgim beter süýjeýär Artyp näzik duýgusy. Mahy taban gül ýüzüñ Genjidir gül ömrümiñ. Bar jebriñe dözerin Bu mukaddes söýginiñ. Yşkyñ girdabynda men, Ýokdur mende ygtyýar. Erkim elden gitse-de, Bagtyýar men, bagtyýar. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |