11:07 Bahar | |
BAHAR
Salam, Bahar! Gelewer, Geç-de otur, törümde! Çal sazyňy diňläýin, Ses goşaýyn, özüm-de, Aýdaly bile aýdym, Ýaňlandyryp dünýäni, Sowuk gyşyň yzasyn, Şatlyk bilen bezäli! Seniň gelmegiň bilen, Çaýyldy, kalba ýyly, Bu ajaýyp dünýäme, Mahmal düşelen ýaly. Çek suratyn Tebigatyň, Dürli reňkler ýaýrasyn! Ýeller öwsüp, Güller owsup, Baglar başy oýnasyn! Çeşmelerde, Şibir-şibir, Akyp dursun, dury suw! Hem bezegin, Ber gezegin, Ganat ýaýsyn, akja guw! Dag başynda bolsa, ak gar, Eremesin, goý, dursun! Emma, duman bolsa dynman, Poz-da ony, aýyr bir ýan, Oň deregne, Gün lowurdap, Ýyldyrasyn, Ýylgyrsyn! Çünki, ýazda, Hoş owazda, Bolup dursa, Älemgoşar, Seň gelmegiň, Meň kalbymyň, Güýjüne kuwwat goşar... | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||