12:16 Baky Bitarap Watanym | |
BAKY BITARAP WATANYM
Köp okan hem köpügören bäşmüňýyllyk menzil içre, Şonuň üçin danalyk bar seň nurana meňziň içre, Daglar deý belent mertebäň, mähriň köki deňziň içre Taryp welin çogup dur, aňym içre, köňlüm içre, Pederleriň söýgüsini bagtyýar döwre gatanym Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym. Kitaby dädem Gorkut bar, heýjana getir okany, Röwşen janyň kör Jygalyň taglymy bilen bekäni, Daglar içre ýaňlanyp ýör Şükür bagşynyň mukamy, Döwletmämmet Azadynyň ylymdan doly dükanyn, Pyragy şygra öwürdi, okap-okap ýat tutanym Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym. Oguz hanyň neberesi – tanymal türkmen zürýady, Arzuw, isleg, yhlas bilen daşyn böwetläp perýadyň, Beýik-beýik pederlerden gözbaşly döwlet derýasy, Akdy şo-ol akan ýerinden, gülzara besläp her ýany, BMG-de türkmen Tugy bezedi tuglaň hataryn, Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym. Müň dokuz ýüz togsan birde, gurdy Garaşsyz döwletin, Bir garyp aglap duranda gülmez-ä türkmen dogmasy Ynsanperwerlik – adalat, daşynda türkmen degresi, Dünýäň ýüz segsen bäş ýurdy, bu ajap ýoly göwnedi BMG-niň ykrarýeti, çözdi täzeçe mataly Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym. Indi «Il bilen il bolmak» gadym Oguz ýoly biziň, Şondan bäri heňňam içre tejribämiz doly biziň, Dost-doganlyk – ýüpek ýollar, birläp sagu-solumyzy Baky Bitarap ýurt diýip, şana bezäp şanymyzy Günbe-günden artyrýarlar ykrarýetleriň hataryn, Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym. Arş üstünde «TürkmenÄlem 52E», Ýerde bedew bady bilen, Öňe, öňe, diňe öňe şan bilen, şöhraty bilen, Bitaraplyk ýörelgesi ynsanperwer zaty bilen, Ösüşlermiz berk baglydyr Arkadagyň ady bilen, Çünki şol KÄMIL PAÝHASDYR Watany Arşa göteren, Garaşsyz Türkmenistanym – baky Bitarap Watanym. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |