20:04

Beden hemme zady ýadynda saklaýar

Категория: Psihologiýa | Просмотров: 256 | Добавил: murat_yousef | Теги: Bessel wan der Kolk | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Psihologiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 16
0
1 murat_yousef  
1588
Gadyrly okyjylar, we hormatly agzalar! Men iki günden bäri şu kitaby terjime edip gelýän, aslynda ýazgy hekaýa terjime etmek meniň hobbim diýsemem boljak! Hany siz nähili baha berýärsiňiz, tankyt astyna alyp atybam bilersiňiz, sebäbi siziň pikiriňiz maňa örän wajyp! Meniň doly islegim ýaňky aýdyşym ýaly terjime etmek iň gowy görýän pişäm bolany üçin, nesip bolsa ýaltanmasam arman ýadaman tutuş kitaby terjime etjekde bir hususy çaphanalaryň biri bilen dogowor etjek we hobbimden pul gazanjak! Hany nähili bolýar!? Hobbiňden gazanç etmek nähili oňat duýgydygyny siz bilýärmisiňiz!? Onda näme pikiriňizi orta atyberiň!

0
4 Gurgencli  
324
Hususy çaphana bilen şertnama baglaşyp gazanç etmek arzuwyň amala aşmaýmasa.
Ýalňyş düşünmedik bolsam sen şeýle etmekçi bolýaň:?
Hususy çaphana terjime eden eseriňi berýäň, çaphana kagyz satyn alyp, kitabyň ähli çykdajylaryny özleri çekip, çap edýär we satýar. Girdejiňem belli bir bölegini saňa galam haky hökmünde berýär. Şeýlemi?
Eger-de şeýle bolsa hiç haýsy hususy çaphana bu işi etmez, sebäbi näme, sebäbi hususy çaphanalar esasan etiketka, reklama, wizitka, karopka (önümleriň gutulary) öndürmek bilen meşgullanýar. Bar sen kitap çap etjek hususy çaphana tapaýan ýagdaýyňda hem ähli çykdajylaryny özüň çekmeli bolýaň, kagyz satyn alýaň, dizaýnere kitabyň dizaýnyny etdirýäň we çaphana kitabyňy çap etdireniň, kitap şekline getirdeniň tölegini töleýäň.
Bar şularyň ählisini edip kitap çykartdyňam diýeli, şu döwürde pul töläp kitap satyn aljak okyjy barmy?

0
5 murat_yousef  
1588
Sag boluň! Bu-da mümkin wariantlaryň biri.

0
8 yaran_yagmur_9  
1578
Dogry aýdýaň. Adatça muny şeýle edýärler: iň öňünçä iri edara, kärhana we guramalaryň ýolbaşçylary bilen gürleşmekden başlaýarlar: men kitabymy çykarýaryn, mazmuny eýle-beýle, getirenimde işgärleriňe paýlap, aýlygyndan tutup sataweri (10% özüňe). Ýöne munuň üçin sen edaralara girip bilýän, abraýly adam bolmaly. Bir zadyňy girew goýup, bankdan karz alyp, çaphana töleg geçirip kitabyňy çykardýarsyň. Häzir şeýdip çykardýarlar.

0
9 murat_yousef  
1588
Düşündim, sag boluň!

0
6 Gurgencli  
324
Şonuň üçin dostum bu işler (eser ýazmak, terjime etmek) diňe hobbi hökmünde, nastereniýaň gowy wagty edilýär:)
Nastereniýaň erbet wagty ýazsaň "ataňanälet işden ýeke köpügem gazanç ýok, nämäme gerek şu" diýip eliň sowaşýar:)

0
7 murat_yousef  
1588
Hawa :)

0
2 Haweran  
411
Terjime - dilden dile geçiriljek eseri täzeden ýazmak bilen deñ hasaplanýan azaby kän, inçe iş.
Saýtda psihologiýa boýunça temalar onçakly kän okalmasa-da, känbir seslenmeler-teswirler gelmese-de, saýtyñ elektron salgysyna bu boýunça köpräk bloglar paýlaşylmagyny haýyş edip ýüzlenýänler bar. "Jahan giñdir çendan bilen-de bardyr". Okajaklar, peýdalanjaklar tapylar.
Şonuñ üçin badyñyzy gowşatmañ, dowamy gür bolsun.

0
3 murat_yousef  
1588
Bolýar, sag boluň!

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Howa, şular ýaly ýagşy bir işiň başyny tutana “Tüweleme!”, “Berekella!”, “Işiň şowlasyn!”, “Gaýrat et!” sözlerinden başga zat aýtmaly däldir welin, pikirimizi çyndan soraýanyňyz üçin bu tutuma skeptik garaýyşymyň sebäbini delillendiriýin:

1-njiden, satuwly kitaplary kabul ederden türkmen kitap bazary örän kiçi, çäkli, hatda mewjut däl diýen ýaly. 5000, hatda 3000 tiražly neşirleri hem düw-dagyn edip almazlar (ýokarda aýdyşym ýaly ýerläýmeseň). Bar, kitap soň-soňlar adygyp, iki-üç bahasyna razy bolup gözleselerem, adam eýýäm “ubytka” galandan soň, ol bag guransoň ýagyş sepelän ýaly bolýar.

2-njiden, satuw-ötüw barada bar zat ideal bolanda-da, beýle kitap Siziň original eseriňiz bolmansoň Size at-abraý getirip, reklama bolmaz. Terjimeçi diňe maddy taýdan peýda alaýmasa, adatça kölegede galýar. Şekspiri terjime edip sylag we gonorar baryny alan Marşak ýalylar köpem däl, bular ýaly ylmy-populýar işlere degişli mysalam däl.

3-njiden, bu kitabyň türkmen okyjysynda ýaýramynda örän güýçli konkurentler bar bolup, olar Siziň terjimäňizi dereksiz ýagdaýa getirip bilerler. Bular, meselem, eseriň rusça terjimesi (Siziň originaldan terjime etmeýändigiňiz eýýäm uly mesele bolup durýar), türkçe terjimesi ýa-da iňlisçe originaly. Bu kitap bilen çyndan gyzyklanan türkmen okyjylary Siziň terjimäňizi däl-de, şolary okarlar. Näme üçin?

Jogabyny bilmek üçin eseriň iň başyndaky iki sany epigrafy okap görüň. Olary awtor näme üçin goýandyr öýdýärsiňiz? Okujyda ilkibaşdan güýçli täsir döretmek üçin. Haled Hosseýnden we Jessika Sternden sitatalar (türkmençe berlenler) okyjyda şeýle täsiri döredýändir öýdýärmisiňiz?
“...Ine, trawma adamlary näme edýär. Ol ýordumyň arasyny bölýär... Ol diňe bolup geçýär we soň durmuş dowam edýär”.
Awtoryň bu sitatalary ýöne ýere almandygy belli. Iňlisçe olaryň mukam ýaly ýaňlanyp, lapykeçligi, gussany ýa-da umydy, garaz, awtoryň öz dili bilen berip bilmejek duýgularyny inçelik bilen berýändigine gözüm ýetik. Bir hasratly goşgy okalýan ýalydyr. Rusçada-da, türkçede-de ganymat berýändirler. Emma, bagyşlaň, türkmençe ol bir topbak söz üýşmegi. Munuň Siziň günäňiz däldigini aýtmaga howlugýaryn. Kim bolsa, menem bolsam, muny şondan gowy edip bilmezdik.

Käwagt dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň şu saýtda çykan terjimelerini okan okujylaryň hem “Bu ýerde näme üýtgeşik gowy zat bar?” diýip, kibtini gysýandyklaram şondan. Olar “Munda näme ýazylypdyr arşa çykarar ýaly?” diýýärler. Belki arşa çykarar ýaly hiç zat ýazylan däldir. Emma “Näme däl-de, nähili ýazylypdyr?” Arşa, ine, şonuň üçin çykarylypdyr. Sýužet, mazmun, belki, üýtgeşik bolman biler, emma esere üýtgeşik äheň, reňk, öwüşgin, atmosfera, duýgy, ýitilik, ýumşaklyk, gussa, ýaňsy, ýakym, mukam... berýän stil aýratynlygy – ine, originalda şol gymmatlyklar bar, terjimede bolsa olaryň düşnügi hem ýok. Bizde terjimeçi bir liriki eseriň “galtaşýar” diýäýmeli ýerini “ýapyşýar” ýa “ýelmeşýär” diýip alýar. Ol terjimąniň öňem originalyň gözelligini berip bilýän zady ýok, ýaňky ýaly sözler bilen bolsa terjimäni zibile öwürýär.

Bolýar, gürrüňi edilýän eseriň epigrafy däl-de, esasy muzmuny möhüm diýeli. Bu ýerde-de Siziň günäňiz bolmasa-da, okyjylaryň bu terjimäňi okamaga wagt sarp etmän, başga dildäki terjimeleri (ýa-da originaly) tapyp okamagyna sebäp boljak ýagdaýlar bar. Umumy düşünjäni aňladýan sözler türkmençede az. Meselem, Siz “duýgurlyk” sözüni, eger türkmen-rus sözlügine salgylansaň, “чувствительность, отзывчивость; чувственность; зоркость; избирательность; смекалка; возбудимость; восприятие; впечатлительность; интуиция; чуткость; чутьё; перцепция" sözleriniň, “tolgundyryjy” sözüni bolsa “возбуждающий, волнующий, потрясающий, зажигательный” sözleriniň ekwiwalenti hökmünde ulanýarsyňyz. “Okyjynyň özi kontekst boýunça угадать edip biler” diýmegiňiz mümkin. Emma okyjy bir kitaby söz угадать etmek üçin okanok ahyry. Onuňam wagty çäkli.

Ine, meniň özümiň-ä şular ýaly işleri umytsyz hasap edýänligim şonuň üçin.

Bu problemalary çözmegiň ýollary bar. Emma onuň işi hem, gürrüňi hem uzyn-uzak, gowusy başyny başlamazlyk.

0
11 murat_yousef  
1588
Men size öňem aýdypdym, ýagny siz- Orator, hem-de mugallym! Siz ýaly adamlaryň barlygyna, hakyky zatlary aýtýandygyňyza örän begenýärin! Sag boluň ullak bellikleriňize we maslahatyňyza! Hakykatdan hem eseriň pajygaly ýerlerini degişli pajyga bilen beýan etjek boldum, emma söz baýlygym ýetmedi! Bu anyk zat! Ýene bir gezek sag boluň!

0
12 murat_yousef  
1588
Epigrafy birazrak üýtgeşdiridim..

0
13 yaran_yagmur_9  
1578
Ol epigraflary başga dillerde okap göremok welin, şolarda, aýratynam iňlisçesinde şygra çalşyp bolmajak, gulagyňda galyjy akustikanyň bardygyna gözüm ýetik. Onuň täsiriniň deň ýarysy many-mazmunynda bolsa, galan ýarysy şol many-mazmunyň maýyl ediji stilde beýan edilşindedir. Biz bolsak eýdip-beýdip originalyň manysyny berip bilsek zor boldugymyz. Şonuň üçinem beýle işlere ýapyşmaga-da milt etmek kyn.

Ýöne başga bir hakykatam bar: beýle synanyşyklar hiç haçan düýbünden peýdasyz bolup gidenok. Birtopar gazanylan tejribeler, birtopar täze peýda bolan söz düzümleri, üýtgeşik öwrümler, sypatlandyrmalar... ýaly dilimizde öň bolmadyk, täze açylan usullar dilimizi sähelçe-de bolsa baýlaşdyryp, onuň mümkinçiligini we güýjüni artdyrýar. Şonuň üçinem islendik terjime edebiýatymyzda azda-kände hyzmat edýän sogap pişe bolup durýar.

Şonuň üçin men hem bu pişeden uly üstünlige we göwnemakul şowlulyga umyt etmesem-de, durup bilmän bir zatlar emelleşdirdim. Bir zatlar diýýänimem - Şekspirden dört soneta. "Neneň milt etdiňiz?" diýýänsiň. Meniň pikirimçe bu iş ýene galaba onlarça ýyl geçip, dilimiz degişli derejä barandan soň talabalaýyk ýerine ýetirilip bilner. Ýöne dilimiziň şu derejesinde edip bolýanyny etdim. Örän irigöz tor bilen balyk tutan ýaly boldy: diňe esasy manysyny çolpyma ildirdim, arasyndaky köpsanly inçe manylar bolsa sypyp-dargap gitdiler.

Meniňki diňe ilkinji tagaşyksyz ädimler, bolmalysy ýaly edip, bizden soňrakylar ýerine ýetirmeli.

0
14 murat_yousef  
1588
Oho, onda bu saýta ýapyşdyryň, bizem okaly...:)

0
15 Yusup  
50
Öňki döwürde käbir ýazyjylar 50-60 müň manat gonarar alypdyrlar. Meselem H. Derýaýewiň "Ykbal" romany döwürleýin tomlyklarda neşir edildi. Her tomy 40-50 müň tiraž bilen çykan bolsa. Rus dilinde şonçarak nusga. Başga-da saýuzuň dillerinde neşir edilen bolmaly. Kitabyň umumy nusgasy plança ýüzmüň bolýar we şoňa göräde galamhaky alýar.

0
16 murat_yousef  
1588
Dünýä edebiýaty žurnalynyň redaksiýasyna men çeper eser terjimelerimi ýerleşdirsem näçe gonorar aljakdygym hakynda hat (e-mail bilen) ugratdym. Olardan, žurnalyň her sahypasyna 10-25 manat aralygynda, ýaşlary höweslendirmek üçin ondanam köpräk tölenjekdigini, hem-de gonoraryň 10% möçberini buhgalteriýa tutup galýandygyny jogap geldi! :)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]