12:13 Bilbil mysaly biçäre | |
BILBIL MYSALY BIÇÄRE
Sen gyýylma ykbalyma, eje jan, Dilgir-dilgir bakma meniň gijäme. Gurban men bir kile nabada biten Göwnüňe hem gubar tutan didäňe. Hoşlaşmaly boldy harplygym bilen, Şol günler hüwdiň deý oňatdy weli, Dulugma doňduryp şarpygy bilen, Durmuş çagalykdan oýatdy meni. Gögüň ýyldyzlaryn soraýan günlem Ýitdi galdy hol aňyrda öwrümden. Indi soňsuz sowallarym ýok meniň Hem gorkamok ertekileň döwünden. Gorkýan ýüregimde galpyldy bolup, Duýgyň köňle çökjek pajygasyndan. Sowuk, soluk, ýowuz, öt aýralygyň, Bagtyň nämedigini ýatlatjagyndan. Goý, men ýüregimi ýakaýyn, eje, Menden soň-soňlaram oňa kän kişi Göwnün goýsa, köňlün çoýsa, şahyryň Şondan uly näme bagty barmyşyn?! Täleýiň deý jaýryk-jaýryk hem gaty Ýetirme mañlaýňa gamly aýaňy. Eje, umytlarmyň sakçysy sen, hem Dünýäň meni söýen ýalňyz aýaly... * * * Özi çün däl, meniñ üçin, Hakdan dilegi köp eden. Howsalasy bilen maña Gelýän dertleri dep eden. Hemişe hemme ýerde Keşbine suwsan enemdiñ. Ýüregi dert, gözleri dört, Ýollaryma bakyp galan. Gaýgydan, gamdan, görgüden Daña golaý ýatyp galan Janserek-perwaz enemdiñ. Göteren, guwanan, eklän, Yrym edip, çirim etmân. Bagtymyñ ýolunda beklän Sen meniñ ryzwan enemdiñ. Bilbil mysaly biçäre, Gögerçin deý görmegeýim. Owlagyñ - ogluñ ugrunda Keýik kimin keýerjeklän, Maral dek ylgan enemdiñ. Galsam dünýâniñ tümünde, Al şapak kibi lowurdan Albaýym - elwan belendim. Men- gam ýurdunda Ýusup jan, Sen meniñ syrly hazynam, Gaÿgysy pynhan enemdiñ. Ýeketäk öz sesi bilen Gürleýän ynsan enemdiñ. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |