22:44 Biwepa gyza | |
BIWEPA GYZA
Daňdan. Işe barýan, alagarañky. Keýpimi durlaýar sowujak howa... Ne sebäpden hakydamy ýyladyp, Geçip giden günleñ astynda sowan, Pursatlar ýadyma girip geldikä! Dañdan äden sanalgyja ädimlem Munça pursatlary haýsy günleriñ, Jübilerin döküp tirip geldikä?! Eý meniñ terk eden mähriban söýgim! Eý meniñ terk eden beýik ýigrenjim! Ne sebäpden düşdüň bu gün ýadyma, Unutdyryp çeken jepaýu-renjim. Unudypdym azaplaryñ baryny, Serhoşkañ berilen wadalar ýaly. Telim gezek çaknyşypdy göwnümiz Meýlisdäki näzik badalar ýaly... Bolar! Ýatlanyña degmeýändir kän günler. Ýatlanyña degýän günler hem kändi. Lebin dişläp bizi duşuran ykbal, Wagtynda aýñalyp lebzinden dändi... Geçip giden üç-dört ýylyñ içinde, Gözläp-gözläp ir mahalky özümi, Çöpläp köçelerden böleklerimi, Dikeltdim men bir mahalky özümi. Ýatlamaga sebäp ýokka şu mahal, Nämüçindir birden seni ýatladym... Akmyrat JUMAÝEW. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |