22:14 Ümsümlikdäki galmagal | |
ÜMSÜMLIKDÄKI GALMAGAL
Depesinden gyşa tarap inipdik, Dünýäme ümsümlik getiren güýzüň... Iki ýoluň çatrygyna giripdim, Howalar üýtgedip başlanda tüýsün. Serimde sagat deý işledi durdy, Lukmanyň pederim hakda aýdany. Sowuklar ekin däl, kalbymy urdy, (Barmy baglaň güýzden ýaza gaýdany!?.) ...Atam bolsa geljek ýylyň ekini hakda pikir edip mellegimizde, aýlanýardy, derde bermän erkini täze umytlary döredip bizde. Täze ýyldan başlap iki öküzi, Baga bakyp başlajagyn aýdýardy. Alys menzilleri nazarlan gözi, gynanjyma gynanç goşup gaýdýardy. Bilenokdy atam ýürek derdiniň Sanalgyja günlerini kertişin. Men bolsa şol wagtlar pynhan derdinip, Ugruna çykypdym sement, kerpijiň... Akmyrat JUMAÝEW. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |