10:58 Bize bir giñ göwün beren Biribar | |
BIZE BIR GIÑ GÖWÜN BEREN BIRIBAR
Goşgular
Bize bir giň göwün beren Biribar, Şol göwni gülmekden binesip etme. Bilip bolmaz-bu çarkandak ýollarda, Büdresek, galmakdan binesip etme. Dinden çykarmawer dine geleni, Sandan çykarmawer sana geleni. Enäň göwresinde Jana geleni, Bu dünýä gelmekden binesip etme. Gaýmakly süýt kimin säheriň çagy, Ýukajyk çal ümür örtende dagy. Guşlar dil açanda, oýadyp bagy, Sag-aman örmekden binesip etme. Bahar help yşkyňa yşk goşanda, Çagajyklar oýnap ýörkä daşarda. Gyzmaç çal bulutlar gylyçlaşanda, Çapaklar çalmakdan binesip etme. Keremlisiň, öz bendäňe ynsap et, Senden gorkmadykdan sora hasabat. Mümkin bolsa, köpbilmişden halas et, Bilimden-bilmekden binesip etme. Gaçyrmawer egne göterenimi, Tapmaga ýardam et ýitirenimi. Adam diýip dünýä getireniňi, Soň adam bolmakdan binesip etme. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |