02:41 Derýa | |
DERÝA
Bu goşgyny bagyşladym şanyňa, Gursagma giren mähriban derýa. Meniň üçin ýeke-täksiň Sumbarym, Seni görmesem men sygmaýan dünýä. Ýardam berip Hazar deňzine guýýan, Her damjaňda onlap-ýüzläp many bar. Lowurdaýaň, Aý astynda bulanyp, Seniň owazyňda belent jady bar. Meniň üçin eziz ähli derýadan, Sumbar derýam, sende görüpdim bagtym. Şaýady bolduňyz köýen söýgümiň, Bu ýollarda galyp, kösenen wagtym. Towlanyp barýardy söňky göremde, Urýar kenaryna, gazaply haly. ...Çagyryp dur ýaşlygymy özüne, Gojalan kalbymdan habarsyz ýaly. Amansähet ANNASÄHEDOW. | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |