02:12 Mumyýa | |
MUMYÝA
Tapypdyr saglygyň gerek dermanyn, Maral agtaransoň beýik daglary. Ýaşanmyş keseliň garasyn görmän, Ýene gözlänmişin depeläp gary. Bir günem duşupdyr awçy bir goja, Degipdir aýagna onuň güllesi. Dag maraly uzaklary söküpdir, Gelipdir uzakdan aglaýan sesi. Öňki dermanyny tapypdyr ýene, Heniz topragyna bermänkä ýanyn. Gün-günden sagalyp daýanan keýik, Şeýdip halas eden öz şirin janyn. Bereket eçilen syrly tebigat, Saglygyň dermanyn saklaýan gaýa. ...Müň derdiň melhemi bolup bilýäň sen, Belentlikde gizlenseň-de, Mumyýa! | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |