13:23

Döredijilik ynsaby

DÖREDIJILIK YNSABY

Hemmelere mälim bolşy ýaly, ýazyja norma, aýlyk tabşyryk, ýyllyk plan berilmeýär. Biziñ jemgyýetimizde döredijilik işgäri öz ynsabyna görä işleýär. Her birimizdäki şol ynsap ilki bilen, hemme zatdan öñ öz Watanymyzyñ graždanynyñ ynsabydyr. Şu ýagdaý döredijilik işinde biziñ pozisiýamyzy kesgitleýär.
Aslynda pozisiýasyz hem-de prinsipsiz edebiýaty göz öñüne getirmek kyn. Biziñ ideologiýa duşmanlarymyz partiýalyk hem-de halkylyk prinsiplerini özüniñ hamyrmaýasy edip alan edebiýatymyza myjabat atanlarynda, göýä biziñ haýsydyr bir görkezme astynda işleýändigimizi her gezek dillerine çolaýarlar. Elbetde, döredijilik adamsy özünde belli bir ideýa, pikir stimuly bolmasa, durmuşyñ "görkezmesine" uýmasa, kemally zat döredip bilmez. Biz ýazyjylar öz jemgyýetimize, halkymyza hyzmat edýäris. Türkmen milli edebiýatynyñ taryhyna azda-kände belet adam biziñ hudožniklik nazarymyzyñ mydama durmuşyñ ahlak esasynda gönükdirilendigini, öz hakykatymyzyñ nurana taraplary bilen bir wagtyñ özünde onuñ ýetmezçilikli tarapyndan-da hiç haçan sowa geçmändigimizi görüp biler. Edebiýatyñ partiýalylygyny we halkylygyny şol edebiýatyñ beýik adamkärçiligi diýip hasap etmäge biziñ hakymyz bar, biz öz eserlerimiziñ adamkärçilikli bolmagyna ýardam edýändigini duýýarys, şeýle belent işe hyzmat edýändigimiz özümizde kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Biziñ edebiýatymyzyñ daşary ýurtly duşmanlary "azat" döredijilik hakynda agyz dolduryp gürlänlerinde, "Düýe öz boýnunyñ egriligini bilmez" diýen türkmen nakyly hakydaña gelýär. Olar "döredijilik azatlygy" diýýän sözleriniñ añyrsynda köplenç halatlarda ahlaksyzlygy ündeýän, okyjylary ruhuboşluga iterýän gözçykgynç pornografiýa, ýürege düşgünç bikeşplik, bihaýalyk, garaz adamkärçilige sygmaýan wejeralyklaruñ baslygyp ýatandugy okyjylar hem-de tomaşaçylar dünýäsine giñden mälimdir. Eýsem şeýle edebiýat hem wagşylygy, melgunlygy ündemek bilen, nähilidir bir filosofiýa hyzmat etmeýärmi näme? Adamlara azgynlygy, göwnüçökgünligi ündeýän ýazyjysumaklar, olary apalaýan tankytçylar goý özleriji syýasatdan üzñe hasaplamasynlar, olar adamlary hakyky ynsanlyk kämilligine ýetirmejek bolup pelesañ urýarlar. 
Buržuaz jemgyýetde döredijilik işgärleriniñ "azatlygy", olara döredilýän şertler barada W.I.Leniniñ "Partiýa guramasy we partiýalaýyn edebiýat" diýen makalasynda aýdyşyndan jaýdar aýtmak mümkin däl:

"Puluñ hökümdarlygyna esaslandyrylan jemgyýetde, zähmetkeşler köpçüliginiñ gedaýlyk çekýän we sähelçe sanly baýlaryñ mugthorluk edýän jemgyýetinde real hem-de hakyky "azatlyk" bolup bilmez... Buržuaz ýazyjynyñ, hudožnigiñ, aktrisanyñ azatlygy pul haltasyna, pula satylmaklyga, özüni ekletmeklige diñe perdelenen (ýa-da ikiýüzlülik bilen perdelenýän) ýapjalykdyr".
(Eserler, 10-njy tom, 34-35-nji sah.).

Buržuaz jemgyýetde ýagdaý şu gün hem şeýle. Kapitalizm bolmajak nogsany döretdi: onuñ jemgyýetçilik gatnaşyklary sosial hem medeni progresiñ esasy maksadynyñ şahsyýeti, onuñ ukyplaryny ösdürmäge gapma-garşy bolmagyny döretdi. Şoña görä döredijilik "azatlygy" olarda ilatyñ aglaba köplügini hususyýetçi açgözler, egoistler terbiýelemek azatlygydyr.
Gowy zat bolsa biz öwrenmegi hiç haçan özümize kiçilik bilmändik. Biz dünýä edebiýatynyñ iñ gowy nusgalaryndan öwrendik we öwrenýäris. Şoña görä-de buržuaz jemgyýetde ýaşap, durmuş hakykatyny öz bolşunda, real suratlandyrýan ýazyjylaryñ gazanan çeperçilik üstünliklerine biz uly hormat goýýarys. Sebäbi, ajaýyp, arassa, adamkärçilikli sungat eserleri tutuş adamzada degişli ruhy hazynadyr.
Öz nobatynda köp milletli sowet edebiýatynyñ görnükli wekilleri Berdi Kerbabaýewiñ, Muhtar Auezowyñ, Resul Gamzatowyñ, Çingiz Aýtmatowyñ, E.Meželaýtisiñ, M.Rylskiniñ, Mirzo Tursunzadäniñ we başgalaryñ kitaplarynyñ dünýäniñ kän dillerinde ürç edip okalýandygy bizi guwandyrýr. Sebäbi şol kitaplarda ynsan mertebesi belende göterilýär, ýönekeý ynsan şöhratlandyrylýar.
Biziñ "tankytçylarymyzyñ" gepine ynansañ, hamana bizde tema-da, kimiñ näme ýazmalydygy-da salgy berilýärmiş, biz öz işimizde haýsydyr bir berilýän görkezmeden çykyp bilmeýärmişik, bardy-geldi şol görkezmä eýermesek, bizi yzarlap başlaýarmyş. Muña näme diýersiñ?!
Men elli ýaşymyñ gylla ýaryny edebi döredijilige bagyşladym. Emma çärýek asyryñ dowamynda öz döredijilik planlarymy görkezme esasynda düzen wagtym ýadyma düşenok. Öz döredijilik ýolumy 50-nji ýyllaryñ ortalarynda Türkmenistanyñ günorta çöllüginde başlanan Garagum kanalynyñ gurluşygyndan başladym. Adalatyñ hatyrasyna bir hakykaty aýtmak zerur - biziñ tebsiräp ýatan topragymyzy Amyderýanyñ bol suwy bilen üpjün etmek şol gurluşyk, dogrudan-da, partiýamyzyñ we hökümetimiziñ karary, syýasy garşydaşlarymyzyñ diki bilen aýdanyñda, görkezme esasynda başlandy. Bu dogry. Emma şol döwürde ýaş şahyr bolan maña Garagum kanalynyñ gurluşygyndan eser ýazmaly diýip hiç kim görkezme bermändi. Çöl bilen başa-baş göreşe çykan şol merdana adamlar hakynda kitap ýazmaga Garagumuñ göwsünde önüp-ösen, çagalygyny geçiren, damja suwuñ gadyr-gymmatyna juda ir düşünen meni - çarwa ogluny öz ynsabym mejbur etdi. Başgaça bolup-da biljek däldi. Men gurak sähramyza suw getirýän gahrymanlara bol suwy asyrlar boýy arzuw edip gelen ata-babalarymyzyñ adyndan hem-de özümiñ we geljek nesilleriñ adyndan minnetdarlygy çeper söz arkaly beýan etmegi ogullyk borjum hasap etdim.
Hakyky progressiw medeniýeti ösdürmek üçin döredijilik azatlygy zerur. Has dogrusyny aýtsañ, munuñ özi medeniýeti ösdürmegiñ esasy şerti hem. Muny biziñ jemgyýetimiz, halkymyz, partiýamyz ykrar edýär. Hut şuña görä-de biziñ Konstitusiýamyzda raýatlaryñ tehniki we çeper döredijilik azatlygy kanuny esasda kepillendirilýär.
Sosialistik realizm hakykaty dogruçyk hem-de şahyrana beýan etmäge doly mümkinçilik berýär. "Gyzgyn sähra" poemasyny ýa-da "Sormowo-27" ("Göreş meýdany") powestini okap her bir adam şol eserleriñ gahrymanlarynyñ we personažlarynyñ uçdantutma "ak guş" däldiklerini gowy bilýändir. Olarda položitel obrazlar bilen birlikde otrisatel tipler hem bar. Maña bu hakda-da görkezme beren ýok. Emma men sosialistik realizmiñ durmuş hakykatyny ýuwmarlaman, ony öz bolşunda çeper hakykata öwürmegi talap edýändigine düşünýärin. Hakykatdan uzakda durmuş wakalary owadanlanyp görkezilen eserleriñ okyjyny özüne çekip, ony ynandyryp bilmejekdigi hemmä belli hakykat ahyryn. Ol hiç haçan sözüñ doly manysyndaky çeper eseriñ derejesine ýetip bilmez. Bu ähli sowet ýazyjylarynyñ, şol sanda meniñ hem ynanjym. Ynanjyñ garşysyna gitmek gürrüñsiz gabahatçylygyñ üstünden elter. Meniñ ýaşuly kärdeşlerimiñ biriniñ jaýdar belleýşi ýaly, biziñ ýaramaz ýazmakdan başga ähli hukuklarymyz bar. Ýaramaz, gowşak eserleri bolsa (gynansak-da, beýle eserler hem bar) başga hiç kim däl-de, ilki bilen öz köp sanly okyjylarymyz ýazgarýar. Düşünjeli, estetiki taýdan ösen, dannawly okyjylary biz iñ ýokary sudýamyz hasaplaýarys.
Hawa, biz kitaplarymyzyñ goruny halk durmuşyndan susup alýarys. Emma hut şu ýagdaý hem biziñ edebiýatymyza hem-de ony döredýänlere myjabat atýanlara ýaramaýan bolarly, olar biziñ il arasyna çykmagymyzy-da, halk bilen üznüksiz aragatnaşyk etmekde durmuşa ornaşdyrýan täze peýdaly formalarymyzy-da nähilidir bir görkezme bilen baglanyşdyrmaga synanyşýarlar. Mysal üçin, doganlyk sowet respublikalarynyñ arasynda geçirilýän, däbe öwrülen edebiýat günlerine hem şübheli garamaga endik edipdirler.
Mundan iki-üç ýyl ozal sowet edebiýatynyñ Azerbaýjan SSR-inde geçirilen günlerine gatnaşmak maña miýesser boldy. Bu edebi baýramçylyga daşary ýurtlardan hem esli myhman gelen eken. Iñ bolmanda, ýer-ýurt görmegiñ, täsir toplamagyñ, ol ýa-da beýleki halkyñ taryhy, medeniýeti, däp-dessury bilen tanyş bolmagyñ ýazyjy üçin diñe bir peýdaly hem däl-de, eýsem zeruryýetdigini, tebigy islegidigini akylly-başly hiç bir adam inkär etmese gerek. Biziñ doganlyk baryş-gelişlerimizi, milli edebiýatlaryñ özara baýlaşmagyna eltýän şu ajaýyp edebi däbimizi myjabatçylar goý "görkezme esasynda geçirilýän çäre" hasap edibersinler, özleri öz toslamalaryna ynanýan bolsalar, goý ynanybersinler. Emma beýle asylly däplerden biziñ asla ýüz öwürmekçi däldigimize-de goý ynansynlar.
Bir gezek men Daşhowuz etrapynda ady dile düşen goja bagbanyñka bardym, ol gowy adam häzir dünýäde ýok,  ýöne dirikä öziüne ajaýyp ýadygärlik galdyrdy, onuñ ýetişdiren çarbagy henizem uly ýoluñ ýakasynda seleñläp görünýär. Şol uly bagyñ ýeri ozal boş ýatan şorluk eken. Gazak aga şol boşlugy çarbaglyga öwrüpdir, ýaşy çene baran goja daýhana şol ýerde bag ýetişdirmäge hiç kimiñ görkezme bermändigi, elbetde, düşnüklidir.
Halajyñ Pelwert obasynyñ günbatar tarapyndaky çägelikde, uly ýoluñ ýakasynda hem uly bir bag bar. Bagyñ ortasynda bolsa sowuk suwly guýy bar. Guýyny gazanam, şol guýynyñ suwundan nahal suwaryp, bag ýetişdirenem Begmyrat aga. Biziñ myjabatçylarymyza bu ýagdaý düşünmek hem juda kyn düşse gerek. Sebäbi goja daýhan uly ýoluñ ýakasyndaky şol guýyny, şol bagy özi üçin däl-de, ýolagçylar sowuk suwuñ başynda dem-dynç alsynlar diýip edipdir. Gazak agany ýa-da Begmyrat agany görmek üçin, olar bilen gürrüñleşmek üçin biz olaryñ ýanyna gitmäge mydama taýyn, şol ajaýyp zamandaşlarymyza bagyşlap, gazet-žurnallarda ençeme oçerkler, goşgular çap edildi. Sebäbi adamkärçilikli sungatyñ nazary mydama ideala tarap gönükdirilendir. Ýokarda ady agzalan goja bagbanlarda biz öz idealymyzy görýäris. Şolaryñ obrazyny döretmek üçin, zähmetini şöhratlandyrmak üçin bolsa biz hiç hili görkezmä garaşyp durmaýarys.
Meniñ goşgularymyñ birinde şeýle setirler bar:

Akar suwsuz Garagumuñ göwsünde
Goşuldym men iñ ullakan akyma.

Eýýäm häzirki nesil üçin bu setirleriñ birneme düşnüksiz bolup görünmegi mümkin. Sebäbi, Aşgabatdan 100 kilometr demirgazyga, merkezi Garaguma, meniñ önüp-ösen ýerlerime häzir Amyderýanyñ şepagatly suwy bardy. Uly diametrli ägirt turbalar arkaly çekilýän sowma kanal demirgazyga, çölüñ jümmüşindäki Ýerbende ýetip barýar. Ýöne men taryhy faktdan ugur alyp, bu setirleri ýazypdym: meniñ ata-babalarym öz ömürlerini çarwaçylyk bilen meşgul bolup geçiren adamlar. Çopan taýagyny olar ellerinden düşürmändirler. Sowet häkimiýeti bolmadyk bolsa, çopan taýagyny meniñem olardan miras alyp galmalydygyna men gowy düşünýärin. Garagumda biziñ "Daşly" guýymyzda çarwalaryñ üýşüp kolhoz gurany meniñ ýadyma ýakymly düýä ýaly bolup düşýär. Kolhozyñ ady hem "Birleşikdi". Onsoñ şol ýerde mekdep açdylar. Biz hem şol mekdepde okap başladyk. Şol mekdepde okanlaryñ biri meniñ obadaşym Rejep Baýramowyñ soñky ykbaly barada aýtsam, biziñ edebiýatymyzyñ töhmetçileri ynanarmyka beri? Hawa, çarwa ogly Rejep Baýramowy indi ýurdumyzyñ ylmy jemgyýetçiligi gowy tanaýar. Ol tehniki ylymlaryñ doktory, respublikamyzyñ Ylymlar akademiýasynyñ habarçy çleni, professor. Ol Gün energiýasyny halk hojalygyna hyzmat etdirýän görnükli spesialistleriñ biri.
Men bolsa ýaşlykdan edebiýaty söýdüm. Gumlularyñ durmuşyndan ýazan romanym üçin Türkmenistanyñ iñ ýokary edebi baýragynyñ - beýik klassygymyz Magtumguly adyndaky Döwlet baýragynyñ laureaty diýen ada mynasyp boldum. Bu durmuş faktlary akar suwsuz Garagumuñ göwsünde biziñ iñ ullakan akyma goşulandygymyz baradaky setirleriñ asla howaýy däldigine güwä geçýär.
Sowet ýazyjysy bolan biz öz professional kärimiziñ tebigaty boýunça aslynda özümizi jemgyýetçilik işgäri hasaplamaga endik edipdiris. Şu ýagdaýyñ özi ilki bilen biziñ graždanlyk pozisiýamyz hem-de borjumyz bilen baglydyr. Emma diñe sowet ýazyjysy däl, eýsem-de özüni dünýä beren halka hormat goýýan her bir ýazyjy özüni halkdan, jemgyýetden üzñe duýup bilmez diýip men pikir edýärin. Gündogar poeziýamyzyñ klassyky pälwanlarynyñ, şol sanda Nowaýynynyñ, Magtymguly Pyragynyñ biziñ günlerimize gelip ýeten ölmez-ýitmez şygyrlary zamanynyñ hem-de halkyñ ar-namysyna, gülküsine hem-de agysyna, söýgüsine hem-de hesretine eýlenendir. Şu görnetin hakykata garamazdan, garaz bize myjabat etmäge dili öwrenen daşary ýurtly tankytçylarymyz bize jemgyýetçilik işlerine işeññir gatnaşýanlygymyz üçin-de dil ýetirmäge synanyşýarlar. Olaryñ pikiriçe, jemgyýetçilik işi edebiýaty döretmäge päsgel berýärmiş. Ol jenaplar biz hakda gör nähili "alada" edýärler?! Emma meb jemgyýetçilik işini artykmaç ýük hasap edýän hiç bir kärdeşime gabat gelmedim. Meniñ özüm hem jemgyýetçilik işleriniñ ençemesini başardygymdan höwes bilen ýerine ýetirip gelýärin. Respublikanyñ Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ çleni hökmünde geçirilýän köp sanly çärelere gatnaşmak ýa-da "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ redaksion kollegiýasynyñ çleni hökmünde redaksiýa kömek etmek, ýa bolmasa, döredijilik soýuzymyzyñ medeni-şeflik komissiýasyna ýolbaşçylyk etmek, çeper edebiýaty propogandirlemek baradaky býuronyñ işine ýardam etmek, elbetde, meniñ belli bir wagtymy alýar. Emma bu zatlary "sen etmeli' diýip zoraýakdan boýnuma dakýan ýok. Şeýle etmäge seni graždanlyk borjuñ, edebi ynsabyñ mejbur edýär. Onsomam jemgyýetden üzñe ýazyjyny meniñ özüm-ä hakyky ýazyjy hasaplap biljek däl. Gaýta şu hili jemgyýetçilik işleri bolup geçýän wakalardan habardar bolmaga, köp taraply durmuşymyza has içgin aralaşmaga gös-göni kömek hem berýär ahyry! Aslynda, jemgyýetçilik borjy ýa-da jemgyýetçilik işeññirligi diýen sözleriñ manysyna bize myjabat atýanlaryñ dogry düşünjekdigime meniñ ynamym ýok, sebäbi ajaýyp sypatlar sowet adamynyñ tebigatyndan gelip çykýar ahyry.
Her niçik-de bolsa sowet ýazyjysynyñ "döredijilik azatlygynyñ çäklendirilýändigi" hakynda olaryñ çyna berimsiz ýalan sözleri bize täsir etmän duranok. Sebäbi özümiz barada kesekiniñ "alada" edýändigini, nebsini agyrdýandygyny görmek bjzj biperwaý ýagdaýda goýanok... Biziñ olara haýpymyz gelýär. Dogrudan-da haýp!
Biz "döredijik azatlygy" diýen söze perdelenip, nämäniñ göz öñünde tutulýandygyna gowy düşünýäris. Hawa, biziñ ýazan, ýazjak zatlarymuz barada geñeşýän bir maslahatçymyz bar, ol hem özümiziñ çep gursagymyzda urýan ýüregimiz, ynsabymyz. Ynsapdan çykmak bolsa biziñ illerde gowy görülýän zat däl. Ýüregimizem, ynsabymyzam bize bir zat salgy berýär ~ halk üçin ýazmaly, adalatly ýazmaly.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 517 | Добавил: Нawеran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]