21:49 Dünýä | |
DÜNÝÄ
Öz işleriñe özüñ berin düşýärmiñ, Hebeşiñ saçy deý bulaşyk dünýä?! Baş çykaryp bilmen ýanyp-bişýärmiñ, Ýa kelebiñ ujy çolaşyp dünýä?! Günä örjäp, bogup barýar sogaby, Bu nämüçin beýle, ber-dä jogaby? Ene-ata, söýgä, duza togaby Unutdylar, şere ulaşyp, dünýä. Wezipe köpeldýär zeminde "hudaý", Çemeçil baý, halal ýaşaýan gedaý, "Tañryñ haky üçin sahawat edäý?" Otyrlar sadaka dileşip, dünýä. Barlylara bolupsyñ elgarama, Halallykdyr - ýalñyz melhem ýaraña. Ýylmanak lolular seni harama, Çykarýar biliñe çolaşyp, dünýä! Paýhasy ýüñsakal etdi adamy, Öz garşysyna döretdi ol "Atomy". "Atom" irde-giçde tutdyr matamy, Gazanyp bolmasa geleşik, dünýä! Gabahatlyk barha köpelip barýar, Ajaldan däl, urşdan köp ölüp barýar, "Uçýan tabaklylar" gelip, Ýeri ýa Gyrlyşdyryp, ýörmi üleşip, dünýä? Durmuş - aýlaw galat atlardan ýaña, Hakykatyñ aty garyldy çaña. Geçmiş sapak bolanokmy heý saña, Nuhdan - şu güne çen ýol aşyp, dünýä? * * * "Ýan-ýan meniñ ýyldyzym!" Rus romansyndan. Ýan-ýan meniñ ýyldyzjygym, Haýyş edýän, sönme häli! Ömri - puryjamy uzalt, Özüm subut eder ýaly. Ýan-ýan meniñ ýyldyzjygym, Kiçem bolsañ, öz ýyldyzym. Üzülmedik umyt deýin Ýetse bor ýyldyr-ýyldyryñ. Ýan-ýan meniñ ýyldyzjygym, Añdyr arşda bardygymy. Zeminde özüm añaryn, Inkär ýa ykrardygymy. Ýan-ýan meniñ ýyldyzjygym, Jenanymyñ gözleri deý. Şol gözlerden mähir içmän Ýaşap bilerinmi men heý? Ýan-ýan meniñ ýyldyzjygym, Karam etme, ýan, gardaşym. Perzentlerim - dowamym ýaş, Entekler dik bolsun başym. Ýan-ýan meniñ ýyldyzjygym, Durmuş utar-utularyn. Ýara düşse, Görogly deý, Seni görüp gutularyn. Ýan-ýan meniñ ýyldyzjygym, Sönmäweri, irdir häli. Sönmeli pursat gelende, Şuglamyz saçyp belende, Söneris biz sönen ýaly! Hemra ŞIR. | |
|
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |