17:47 Dünýäniň iň yssy ýyly 2024-nji ýyl bolar! | |
DÜNÝÄNIÑ IÑ YSSY ÝYLY 2024-NJI ÝYL BOLAR!
Dünýäniň gyzmagyna sebäp bolýan «El Nino» howa hadysasy başlandy. ABŞ-nyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň Ýerdäki iň yssy ýyl boljakdygyny mälim etdiler. Bütin dünýä täsir etmegine garaşylýan «El Nino» howa hadysasy Ýuwaş ummanda başlandy. ABŞ-nyň Milli Okean we Atmosfera Dolandyryşy (NOAA) tarapyndan berlen beýanatda «El Nino»-nyň öňümizdäki aýlarda täsirini kem-kemden ýokarlandyrjakdygy belleýär. Klimat hünärmenleri «El Nino» howa hadysasy sebäpli dünýäniň käbir ýerlerinde guraklyk, aşa köp ýagyş ýagmagy ýaly dürli ýaramaz täsirleri döredip biljekdigini aýdýarlar. Iňlis alymlary «El Nino»-nyň häzirki wagtda güýçlenýändigini we 2023-nji ýylyň ahyrynda iň güýçli ýagdaýyna ýetjekdigini çaklaýarlar we 2024-nji ýylda täze global temperatura rekordynyň bolmagynyň ähtimaldygyny bellediler. «El Nino» - Afrikada, Awstraliýada we Aziýa yklymynyň käbir ýerlerinde gurakçylyga, Hindistanda musson ýagyşlaryna şeýle-de Amerikanyň günorta we merkezi böleginde güýçli çabgaly ýagyşlara sebäp bolmagyna garaşylýar. Meretmuhammet DURDYÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |