08:27 Ene | |
ENE
Ak tüýnükli alty ganat ak öýüň Rahatlykdan demin alýan töründe, Ýalňyz özi süzüp gara gözlerin, Ak pagtasyn egrip otyr bir ene. Onuň göz-guwanjy - ýalňyz balasy Bu gün Watan üçin aýaga galdy. Hawa, ol öz iýen mukaddes duzun Müň kerem halallap, ýerine saldy. Aýlar aýlananda, ýyllar aşanda, Kyrk üçünjiň maýy gelende çapyp, Hat geldi ýigitden ýaşyl bukjada, Üç burçuny üç tarapa galgadyp. Obaň ulus ili şol üçburç haty Okap berdi enä göýberip hata. Şeýle gysga haty dürs okamazça Ulus-il aňrybaş sowatsyzmy-ka?! ...Ine, onçasyna menem bilemok, Ýöne umyt edip, şol mährem enäň Soňky deme çenli ýoluna garap, Gözün açyp, göre girenin bilýän. 24.12.2017. | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |