12:44 Esger aýdymy | |
ESGER AÝDYMY
Her bagşy aýdypdyr öz ýoly bilen, Mukamdan hersi öz ýolun salypdyr. Ýöne esgerleriñ hatarlarynda, Heñ, aýdym-saz şol durşuna galypdyr. Esgerleriñ sap-sap nyzamlarynda, Ýogyn, güñleç sesde ýañlanýar aýdym. Esgeriñ özi dek mert, gödegräk, Ýöne süññi sada, sözleri aýdyñ. Onda gyz owaznyñ şirinligi ýok, Doññara daşlary eredip bilýän. Düşünip bilenok gökden durnany, Emma ajala dik seredip bilýär. Gör, näçe jeñ şonuñ bilen geçildi, Şol aýdymy ýeñşe äkidip esger. Ýolda galsa, öñe aýdymy gitdi, Hiç zat bakylyga etmedi päsgel. Ajal hökmi ýetmän, ok kär etmedik, Şol aýdymy synmaz nyzamy bilen Alyp barýar, alyp barýar esgerler, Şatlygy, ýeñişi, yzasy bilen. Amanmyrat ATDEKOW. | |
|
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |