23:13 Etrabym | |
ETRABYM
Aýdym-saz mekany, seri salamat, Bir ýany Ýarajy, bir çet Ymarat, “Kyrk gyzmy”, “Gyz Bibi”, kändir keramat. Entek ýazylmadyk gat-gat kitabym, Bäherdenim, jigerbendim-etrabym! Aýakýalaň döwrüm goýnuňda geçdi, Gezdim Garrynohur, Mürçe hem Deşti, Öpsem topragyňy, söýsem bu keşbi! Barlygyň baýlygym, Gumum hem Dagym, Bäherdenim, jigerbendim-etrabym! Şaja Batyr, şahyr Garaň yhlasy, Hem aýdymy Orazgeldi Ylýasyň, Pürli Sarysyň sen, Hoja Annasyň! Ägirtler mesgeni, meşhurdyr adyň, Bäherdenim, jigerbendim-etrabym! Ilkinji ädimin üstüňden ätlän, Seýitnur Ata, Annaberdi Atdan, Sanardan kän perzent, duzuňy haklan. Barlygyň bilendir güýç-kuwwat, tabym, Bäherdenim, jigerbendim-etrabym! Keteniň bar, öňdeligi bermeýär, Dokan halylaryň nämä degmeýär?! Şypaly Arçmanyň iç gysdyrmaýar! Saýlan ýoluň eşret, dowam et badyň, Bäherdenim, jigerbendim-etrabym! 2003 ý. | |
|
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||