11:48 Gara gözlim meni ýatlagyn şonda | |
GARA GÖZLIM MENI ÝATLAGYN ŞONDA
Aýralykda çekdim nala baryny, Paş edip biljek däl ile baryny. Gaýta-gaýta synlap lälezaryny, Gün yzyna garap-garap ýaşanda, Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda. Güýz gelende otly tomsy boýun edip, Miwelerden bal akdyrar gaýnadyp. Hoşwagt şemal bildiginden oýun edip, Saçlaryňy dolap-dolap gatlanda, Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda. Durna göçse buz gamçyly gyş geler, Bagrym bilen doňsam diýer çeşmeler. Ýalaňaç baglara ýalňyz guş geler, Gülden aýra garyp bilbil üşände, Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda. Gara ýere siňen çagy gar aglap, Gezdim seni sähralardan soraglap. Ýumşak bolsun diýip seni sylaglap, Sähralar ýoluňa güller düşände, Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||