07:11

Bakma

BAKMA

Çyn aşyklar ah çekmäge ýaramaz,
«Aşyk men» diýeniň ahyna bakma.
Dünýäde ýürege höküm ýöremez,
Özgeleriň ýürek şasyna bakma.

Demir bolsaň, magnit bolup çekýän bar,
Jenneti näm etjek—seniň sähraň bar!
Gojalsaňam söýüp ýören Zöhräň bar,
Şonuň göwnün ýykyp, Mahyma bakma.

Bir gataltsa gopar ýigit hamyny,
Başgalardan belent galdyr tamyny.
Şagaly gör, uwlap iýer şamyny,
Awy alakadyr, gohuna bakma.

Gözeliň görküni gözünden aňla,
Gazalyň hörpüni sözünden aňla,
Aňlasaň her kimi özünden aňla,
Daşyndan edilýäin şowhuna bakma.

Dawaň bolmasa-da ýeke-täklige,
Arzuw edişiň dek ýetiş päklige,
Ökünersiň, ömür juda çäklidir,
Bir bozuk perişdäň agzyna bakma.
Категория: Goşgular | Просмотров: 1000 | Добавил: Edebiýatşynas | Теги: Italmaz Akmyradow | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şert / Goşgular - 09.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Edebiýatşynas  
30
Şu şahyra birhili, beýlekilerden üýtgeşik smile

0
2 Garaýolly  
27
Ajaýyp goşgy

0
3 Мylayym  
83
Ajaýyp!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]