19:44 Aglama, ýürek, aglama! | |
AGLAMA, ÝÜREK, AGLAMA! Saňa ot salan aglasyn, Aglama, ýürek, aglama! Aglasa, galam aglasyn, Aglama, ýürek, aglama! Halys irdim puşmandan-a, Rehim bolmaz duşmandan-a, Köp arzuwlar paşmanda nä, Aglama, ýürek, aglama! Tutdy meni berke dagym, Bir sen ahyr arkadagym, Aglanyňdan, darka ýaryl, Aglama, ýürek, aglama! Çaltam urma, urma haýal, Gaýta giňe, gaýta goýal, Şir pisint aňryňdan uýal, Aglama, ýürek, aglama! Sähra-düzleriň haky üçin, Gözel gyzlaryň haky üçin, Dana sözleriň haky üçin, Aglama, ýürek, aglama! Meni ömür golda:n gelmez, Indi Jumasoltan gelmez, Diý gaýta, mert bol Italmaz, Aglama, ýürek, aglama! Italmaz AKMYRADOW. | |
|
√ "Men şeýle bir goşgy okasym geldi..." / Goşgular - 21.01.2023 |
√ Gar ýaganda / Goşgular - 09.01.2023 |
√ «Я призываю вас шашкой…» / Goşgular - 15.02.2023 |
√ «Нет, мне не надо ни солнца, ни яркой лазури…» / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Вскрыла жилы: неостановимо…» / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Старые часы / Goşgular - 24.01.2023 |
√ Милая дева, зачем тебе знать, что́ жизнь нам готовит…» / Goşgular - 28.01.2023 |
√ Пересветы / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Seret, ýene gar... / Goşgular - 03.02.2023 |
√ Nätsem, ene? / Goşgular - 06.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |