15:15

Gorkunç gülkünçlikler / hekaýalar toplumy - Aýjyn aslyşsa…☺


...-Ýeke özüň şo taýyk hijem gidip bilmeýäň!-diýip, dört ýaşlyja Jumajyk özünden bir ýaş uly doganjygy Agamämmedi gižželemegini dowam etdi.
Her niçigem bolsa, ululygyň-kiçiligiň aratapawudy birje ýyl bolsa-da, barybir uly, hemişe uly bolmaly bolýar-da.
Agamämmedem inisine ýeň bererli däl.
Horja göwresine ýel berip, döşjagazyny gaýşardan bolýar:
-Eý, geplemän, otur-eý! Näme gitmän-eý?! Men seň ýaly, gije ýekeje özi aýakýoluna çykmaga gorkup, ejemi ýoldaş edinip ýörenlerden däl-eý! Näme gitmän?! Ýeke özüm mellegiň aýagujuna aýakýoluna häzirem gidip gelýän! Höl günem, gije turasym gelip turanymda, hiç kime aýtman ýeke özüm gidip geldim. Hemmäňizem ýatyrdyňyz, şonda! Ýekkeje özümiň ap-arkaýyn, birjigem gorkman gidip gelendigimi hijiňizem bilmän galdyňyz!
Kiçijigem bolsa, eýýäm ýeserligi ýetik Juma-da gepde basylaýjak däl.
-Bar-da, git-dä onda! Näme dursuň?!-diýýär.
Agamämmet mertsiräp geplese-de gepleýär welin, howatyrlanmadan püre-pür iki gözem hol allaowarrada, mellekleriniň aýagujunda garaňkylyk üýşmegi bolup çala saýgardýan hajathanada.
Bäh, onuň tamyň öňündäki çyranyň ýagtysyndan daşdygyn-aý!
Gündiz-ä bir bat alsaň derrewjik o taýa ýetýäň welin, häzir-ä daş-töweregiňe gorkuly garanjaklap, dähedem-dessemläp oňa ýetäýýänçäňem, gädiklerindäki erik gülläp, düwüp-bişip, ýyglyp mürepbä öwrülmäge-de ýetişäýjek ýaly…
Özem-ä tüm-garaňk-aý, o taýy!
Ol, ejesiniň Juma bilen basalaşanlarynda: “Bes ediň-uw, bezzatlar! Ýogsa-da, häzir gyzylsaç, gyzylgöz aýjyn gelip, sürenine alyp gidýä, ikiňizem!” diýýän, şol aýjyny hem, biler bolsaňyz, şonuň ýaly tüm-garaňky ýerlerde ýaşaýan bolmaly…
Içi byjyklaýan Juma, öňe ýörejeginem, yzyna, öýlerine gitjeginem bilmän, sagynyp duran agasynyň gabat-garşysyna geçdi-de, gepde ýeňenine şat, hekemsiräp, ellerini bykynjygyna diräp, onuň gözüne jiňkerildi.
Agamämmediň özüne üns bermän, şo-o-l aýagujyň tümlügine dikilip durandygy sebäplem, barmajygyny çommaltdy-da, onuň böwrüne dürtekläp goýberdi:
-Gorkýaň geräm?! Hämi?!
Öz etjek bolýan işine elheder almakdan ýaňa dünýäni undan Agamämmet, oslagsyz dürtgülenine ziňkildäp gitdi.
-Nämäňe dürtülýäň-eý?!-diýdi-de, jigisine ýeňseçukuryna doňduryp goýberdi.
Şarp…
Jumajygyň gözünden ot çykdy. Ol, bir bökende Agamämmetden ep-esli daşlaşdy-da, birdenkä öz-özünden kemiş-kemiş kemşerip ugran dodajyklaryna zordan erk edip:
-Hä-ä! Şeýden bolýaň dämi?! Indi, şeýdip uranyňdan soň dagy, häziriň özünde aýaguja gidip-geläýmeseň, göni baryp kakama hiç zat etmedik ýerimden şapbatlanyňy elinjek aýdýan!-diýip, haýbatly sojady.
Agamämmet indi gitmese bolmajagyna magat göz ýetirdi. Ol jyňkyny çykarman, dar agajyna münüp barýanyň lapykeçligi bilen eginjiklerini sallady-da, aýagujyň eýmenç tümlügine garşy mytdyldap ugrady.
Tümlügiň içine tarap her ädýän ädimi bilenem onuň kinniwanja gursagyny doldurýan wehim, egsilmekden-ä geçen, gaýta, barha beter möwjedi.
Öňem, yzam, iki böwrem, astam-üstem garaňkylyk…
Aýaguja gidilýän darajyk ýodanyň iki gapdalynda ösüp duran miweli baglaram, bu mahal bag däl ýaly…
Has takygy, “ýalam” däl-de, olar hakykatdanam bag däl…
Olaryň elhenç haçjaryşyp duran şahalary, şol, ejesiniň aýdýan gyzylgöz aýjynynyň çym-gyzyl saçlary…
Özlerem edil, şol araky görlen gorkunç kinodaky ýylansypat aýalyň ýylansaçlary deýin diri…
“Haşşyldaşyp”, dilik dillerini çykaryşyp, oňa garşy dumly-duşdan üçburç kellelerini uzadýarlar…
Ony çakmaga, daşyny dolap alaga-da aýjynyň elhenç, porsy sürenine dartmaga dyzaýarlar…
Elheder almakdan ýaňa on iki süňňi bilen galpyldaýan Agamämmetjik, kellesini boýnuna ýygyrdy-da, gözlerinem pugta ýumdy. Emma, assajadan öňe ätmegini bes etmedi…
…Oglanjygyň bu şahsy gylsyradyna gadam basanyna hakyky dünýäde iki-üç minutdan köp wagt geçmedigem bolsa, onuň özi üçin-ä azyndan bir milliard ýyl dagy ötene döndi...
Ahbetin, bimaza edilen sygryň närazy “myşlamasyndan” ol özüniň malýatagyň deňesine ýetendigine düşündi.
Ol gabagyny galdyrdy-da, hajathana ýakynlady. Gapysyna elini ýetirdi. Bada-badam özüniň hiç hili zerurlygynyň galmandygyna akyl ýetirdi.
Hamana, şu geçilen howp-hatardan doly ýoluň täsiri bilen, onuň bedenjigindäki ähli suwuklyklar-a öz-özünden gurap, ähli artykmaçlyklaram öz-özünden eräp-ýitip giden ýaly…
Agamämmet bu aýylganç jelegaýlarda gereginden artyk ýeke pursadam eglenmezlik üçin, hyrra yzyna aýlandy. Öýe, hol beýle-de, hellewläp görünýän çyranyň ýagtysyna tarap ökjäni götermäge peýlendi.
Ýöne, şunuň kimin ýerlerde hemişe bolşy ýaly, onuň ökjesini ýerden galdyranam şoldy welin, ýeňsesindäki garaňkylyk üýşmeginden, ejesiniň aýdýan gyzylgöz, gyzylsaç aýjyny dem salymda emele geldi-de, ganguýma gözlerini otlukly lowurdadyp, onuň köýnejiginden ýapyşdy.
Dogrusy…
Agamämmetjik aýjynam, onuň gyzyl gözlerinem, saçlarynam, gözleriniň lowurdysynam görmedi. Diňe köýneginden kimdir biriniň ýa-da nämedir bir zadyň ýapyşandygyny gerşi bilen syzmaga ýetişdi. Galan zatlary bolsa ojagazyň öňem wehimden ýaňa sandyraklap duran aňy, hyýalynda jikme-jik janlandyrdy…
Bu eýmençlik oglanjygyň batyrlygynyň döz gelen iň soňky zarbasy boldy:
-Waý ej-ä-ä! Aýjyn! Aýjy-y-n-n!...-diýip, ol sesinde baryny edip, çirkin-çirkin wägirdi-de, bar güýji bilen bir dyzanda aýjynyň aslyşan köýnejigini “jaýyrdadyp” ýyrtyp, öýlerine garşy ok bolup atyldy.
Onuň wägirmesiniň soňky ýaňy ýatyp ýetişmänkä-de, çyranyň aşagynda agasyna garaşyp duran Jumanyň sesi, onuňkydan on esse iniňi tikeneklediji çykdy:
-Waý ej-ä-ä! Agamämmedi aýjyn iýýä-ä-ä! Ony iýensoň menem iýjek diýýä-ä-ä!!! Wä-ä-ä!...
…Turdy bir tüpgen, gopdy bir gykylyk…
Tas aýjyna lukma bolan iki dogany hossarlary gapyp aldylar.
Gujakladylar.
Höre-köşe etdiler.
Suw içirdiler.
Göz açyp-ýumasy salymda uçuklamaga ýetişen agyzjyklaryny desbi-dähil ýaşyl reňke boýamaga-da ýetişdiler.
Uluraklardan biri “aýjyny” görmek üçin aýaguja gitdi.
Gelende-de “edermenje” Agamämmediň köýnejiginden hajathananyň gaňyrçagyna ilişip, ýyrtylyp galan bölegini getirdi…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 802 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024

Teswirleriň ählisi: 8
1
1 Bagabat  
43
Şu wagt ýene-de şuňa meňzeş durmuşy wakajyklaryň birnäçesini topladym. Mümkin boldugyndan çeperleşdirip, işläp bilsem, goýmakçy..."Gülki ýygyp armaýyn" diýýärmi, Gurbannazar aga?! Biziňkem şoňa barýar. Güldürip bilsek, ne armanymyz bar. Hasam, gaharly gülki däl-de, mähirli gülki döredip bilseň...

1
2 Bagabat  
43
Onsoňam durmuşda şunuň ýaly oslagsyz sataşylanda zähräňi ýaraýgyç wakalar her haýsymyzda-da barmyka diýýärin. Anyk ýadyma düşmeýär welin, öz-ä bir on-on bäş ýyl mundan ozal bolupdy. Gije näme üçindir oýansam, üstüme bir betnyşan biri abanyp, aýylganç dyrnakly gollaryny somlap ýetip gelýär, tas şu hekaýadaky ýaly wägirdýärdi, hernä biraz ukudan açylyp, geýim asylýandan asylgy duran paltoma penjireden düşýän ýagty sebäpli şeýle şumlugyň gözüme görünýändigine düşünip ýetişäýdim. Optiki aldaw-da. "Gorkana goşa görner" diýleni... tongue

0
3 Gumlygelin  
8
Ogluma okap berdim.Çyny bilen Agamämmede gülen bolýa.Emma gije daş çykmaly bolsa Agamämmetden gowy däl.

0
4 Bagabat  
43
Çagalykda hiç haýsymyz hem şondan gowy däl bolan bolaýmasak... biggrin

0
5 Bagabat  
43
Dueýn Jonsonyň oýnaýan "Geraklyny" bolsa ýaňy internetde geçirip-geçirip synladym. Hakykatdanam endamy ýaşyl reňke boýalan, guýyňmy, diwaryň galyndysynyňmy erňeginde sallanyp ýatan maslygyň kellesini galdyranda, ol gözüni açanda ziňkildedýär. Elhençlikler filmlerinde giňden ulanylýan trýuk, gözüň oslagsyz açylmagy...

1
6 Bagabat  
43
Çagalykda, köne rus filmi "WIÝ"-däki aýjyn zenanyň peträp duran gözlerinden öler ýaly gorkanym henizem ýadymdan çykmaýar. Şonda-da ýorgany kellä büräp, gözümi jüýjerdip, soňuna çenli tomaşa edipdim.

1
7 Bagabat  
43
Indiki çagalar bolsa bu giden zombilerden, wampirlerden, çužoýlardyr-hişniklerden, oborotenlerdir-özgelerden, eli benzobyçgyly manýaklardan soň "WIÝ" filmine tomaşa etseler gülküleri tutýar. biggrin

1
8 Gumlygelin  
8
Men çaga wagtym has beter "uçýan tarelka"-dan gorkardym.Ýokarda ýitiräk ýyldyz görsem şodur öýdüp ylgap öýe girerdim surprised

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]