19:35

Gorkunç gülkünçlikler / hekaýalar toplumy - Şaýly gelin kowalasa…☺

…Köçe…
…Ýarygije…
…Agaç sütüne iltelen ýalňyz, ýalaňaç çyranyň ýagtysy…
…Gyralary gür tutluk köçäniň tüm-garaňkylyk derýasynda çaklaňja yşyk adajygyna meňzeýär…
Çyranyň aşagynda dört-bäş sany dürli ýaşdaky goňşular otyr.
Gapdallarynda hum çäýnek…
Gowzapdyr…
Sowapdyr…
Şeşe-beş ýapylyp, çete itilen…
Ýadalypdyr…
Bu mahal keýpi ýyldyza toýnak salýan, köçäň köne döwürden oba belli serhoşy Oraz sakal, nämedir bir zatlary joşup-joşup gür berýär.
Gündeki zährimaryndan gulkudyp, keýpini gaýym kökläp, diliniň mazasyny görmäge tüneginden çykandygy mese-mälim…
Käbir adamlara “içinde perişde ýaşaýar” diýýärler…
Käbirinde şeýtan…
Munuň içind-ä soguljan bilen pohdan başga zat bara çalym etmese-de, köne döwürlerden bäri goýberip gelýän çokgaja köse sakgalyny silkip-silkip gepleýş-ä edil ýöne içi depme-dykyn hümmüldiden dolup giden ýaly…
-Äý onsoň, ýaňky, “gum” diýilýän bela-beteriňem “tüm” diýilýän ynsan tohumy düşmedik ýerinde, bi köpi gören Oraş akgaňyz mottorynyň böwrüne debisgiläp: “çüw atym” diýäkge, ýaňky ogryn-dogryn sürä daramagy endik edinen garagulagyň yzyny çalyp gidip barýar-da, ýaňky…-diýip Oraz sakal, ýaş döwürleri çölde çopançylyk edende garagulak awlaýşy baradaky hekaýatyny süýjüdip dowam etdirýär.
Oturanlaryň hemmesem bu garagulakly gürrüňi Oraz sakal bilen goňşulykda ýaşalan ýyllaryň içinde millionynjy gezek eşitseler-de, syr bermän, hamana bu hekaýat ilkinji sapar gulaklaryna degýän dek, üşerilişip, diňleşen bolup otyrlar.
Diňe ýakynda harby gullukdan gelen degenek jahyl ýeser gözlerini güldürip sorag beren bolýar:
-Oraz kaka, bi ýaňky “Oraş akgaňyz” diýýäniň özüňiz bolýaňyzlarmy?!
-Dagy nä, goňşyň dogmasy?! Garagulakly gürrüň aýdylyp otyrka, o diýýänimiz ilerki obaly Kündük kempiriň ýoz eşegi bolmajagy düşnükli dämi nä-how?! Hä?!-diýip, ençeme toýlarda, meýlislerde, oturylyşyklardyr opurylyşyklarda, gelene ýeňňe gidene baldyz bola-bola, yns-jynsdan gep alyp galmazlyga ezberleşip giden Oraz sakal gürrüňiniň arasynam bölmän, ýüzugruna jogap berýär-de, dowamyny aýdýar gidiberýär:
-Bölme hany, süýji kepiň arasyny, goňşyň dogmasy! Sen düýn-öňňin ädigiňi öýüňde çykaran bolsaň, bi köpi gören Oraş akgaň, ol üýşüp, Berlinde baýdak dikmäge barlyp-gaýdylanda, biraz gögeleräkdigi üçrib ýetişmän, ahmyrly galanam bolsa, şoň bäri ýanlaryndaky bir ýerlerde, ak aýylar-a aparyp, gök läheňleňňem (kit) guýrugyny goparyp, ikisindenem, haýsy gaçyp ujyz sypaýmasa çişlik edinip, geze-geze, ol sizleriň bir sapar, ýarym sapar geýip çykaran ädikleňňiziň azyndan onusyny dagy tozdurmaga-da ýetişendir…
Oturanlaryň Oraz sakala ýaşytdaşragy, hamana ýeser ýigidiň petigulusyny özi beren dek, heziller edip “şyg-şyg” gülmäge başlady.
-Şeý diýip bularyň ugruny-ýoluny bir düzetsen-aý, Oraz dost! Ýogsa, hälden bäri, bular-how, uly kim, kiçi kim saýgarman, şeşe-beşde dagy ýöne lütjek utup ýatyrlar-how!-diýip, ol gülüp oturyşyna Oraz sakala hasam bat berdi.
Zaňňaryň çagasy Sakala bolsa bu mahal goşmaça bat gerekmez.
Bady içinden turýan zaňňaryň köhi ýetik.
Şol agzyny köpürjikledip, barha gyzyklandyryp gidip otyr:
-Äý onsoň ýaňky çüri gulak bela-beteri yzarlaý-yzarlaý ahbetin tapdym-ow!
Mottorymyň şahyna oturdylan ýarty gujaklyk çyraňam bar-a, şü eddiljek ýöne, hol uruşly kinolarda asmandaky nemis samalýotlaň gözüni gapmak üçin ulanylýan äpet yşykhanaň bar-da!
Mähnetden gelen bir, ýoňsuz bir zat-da!
Äý şonuň ýagtysyna bir garadym welin, ýaňky garagulak diýlip atlandyrylýan kiçeňräk düýä çalymdaş bir zat, takmynan ep-esliň ýarysy ýalyrak, äý, şü, şo mahal, çakym çak bolsa, eger-walla, Alla janlarym, gözüm aldamaýan bolsa, gapydaky bakyda duran göläm ýaly çenräk baggoýny gerşine oklapdyr-da, gumaşak ýoldan tozan turzup, zut gidip barýar-da!...
Onsoň diýdim öz-özüme…-diýip Oraz sakal, gürrüň berýän wakasynyň dartgynlylygyny artdyrmak üçin, sözüni tapba kesdi-de, töweregindäkileri birlaý gözden geçirdi.
Misli: “Ýeri, nätdi, garagulagyňam, onuň oljasynyňam gabarasyny mazaly göz öňüňizlere getirip bolduňyzlarmy?!” diýýän ýaly…
Soňam gepindäki jygba-jyg ýerini ýagşyja gyzykdyrdym hasaplap, yzyny aýtmaga başlady:
-Hawa, onsoň öz-özüme aýtdym: “Heý Oraş, Oraş! Ol, seň, takmynan ep-esliň ýarysy ýaly, kilometr beýiklikden uçup barýan guşuň gözünden urup, pil kimin äpet saryja orus kemenniriňe: “Pylanyýep, molodys! Özüm-ä şü mahal tawariş Yssalynyň ornuna bolan bolsamdym, seni göni duranja ýeriňden butnatman mergenleň ministri edip bellärdim! Ty ponýal mnýa synok!” diýdirýän döwürleň kaýda galdy?!” diýdim-de, mottorymy tarladyp barşyma oýurganyberdim.
Bäh, bi diýdim, bir eliň bilen-ä bi Tarlawuk batyryň şahyny pyrlap, beýlekiň bilenem Pöňküldewük batyry nyşanalap, bi ökjesine tüýkürip barýan garagulagy ölseňem wurmaýaň diýdim.
Özem-ä şo pille, bütin dünýe durşy bilen göze dürtme garaňkylyk.
Ymgyr çöl-beýewanyň içinde, diňe öýdäki ikimiziň şo möwritler “Tarlawuk batyr” diýip söýgülän bolýan mottorymyzyň şapbat ýalaky çyrasyndan, sönüp barýan şemiň yşygyna çalymdaş sähelçe ýagty syzýar.
Onsoň bi gaçyp barýan-a gabarasy pişikden sähel uly garagulak bolsa, ony “Pöňküldewük batyr” diýip mahabatlandyran bolýan warak goşaniliň bilen urmalam sen bolsaň, çar ýanyňam garaňky tamda ýorgana bürenip ýatan ýalaky bir ýagdaýda bolsa, dagy nätjek?!
Äý derrew, ýeke çykalga bar diýäkge, Tarlawuk batyry sakga kesertdim-de, Pöňküldewük batyram gerşimden sypyrakga, ýaňkyny sypjygy maýajyma aldym.
Ýöne, çep gözümi ýumup, goşanyň gulagyny gaýtaranym hem şoldy welin…
Oraz sakal ýene-de gepine dyngy berdi. Birdenem birhili, hakykatdanam öz ýatlamasyndan özi elheder alan dek, süňňi bilen gagşap, silkinip gitdi...
-Suw ýokmy-aý?!-diýip söhbetdeşleriniň ýüzüne naýynjar äňetdi.
“Sensiz Hindiň Bolliwudy perýat çekýändir-aý, Oraz jan!” diýip oturanlaryň oňa ýaşytdaşy içinden teýeneli oýlandy-da, myssa ýylgyryp Oraz sakala gapdalyndaky hum çäýnegi uzatdy:
-Sowap ajandyr diýmeseň, şuň düýbünd-ä az-kem çaý galsa galandyr!
Oraz sakal çäýnegi garbap aldy.
Megerem, bendäniň aňyrsy ýanyp barýan bolara çemeli.
Uludan hopurdadyp içdi.
Biraz ýüzi açyldy.
-Äý, öň içimize guýlandan ajy däldir-le!-diýip hüňürdedi.
-Onsoň näme boldy, Oraz kaka?!-diýip täze harby gullukdan gelen ýigit ýene-de dil ýardy.
Oraz sakal onuň ýüzüne nägile bakdy-da, nämedir bir zat diýmekçi bolup dodagyny müňküldetdi.
Birdenem: “Äý jähenneme gitsin-le! Näme-aý şuň bilen ýaňka-ýaňka edip, menem!” diýýän terzde içinden elini salgandyr-da, ýene-de gürrüň berýän wakasyna dolandy:
-Näme bolar öýdýäňiz-aý?! Pöňküldewük batyryň gundagyny egnime diränim hem şoldy welin, ýaňky garagulagyň siňip barýan tümlügi tarapdan ilk-ä bir düşnüksiz ses geldi.
...Şyňňyr-şyňňyr...
...Şyňňyr-şyňňyr...
Edil ýöne, durşy-durmuşy bilen şaý-sepe beslenen kürtesini atynyp, dähedem-dessemläp köçeden täze gelin ýöräp gelýän ýaly...
...Şyňňyr-şyňňyr...
...Şyňňyr-şyňňyr...
Birdenem, başga has düşnüksiz ses gelýär…
…Güpürt-güpürt…
…Tapyrt-tapyrt…
Edil atmy ýa-da öküzmi aýagaldygyna çapyp gelýän ýaly…
…Güpürt-güpürt…
…Tapyrt-tapyrt…
Şol pille-de…-diýdi-de Oraz sakal, tapba sesini kesip, ýene-de on iki süňňi bilen duýdansyz galpyldap-galpyldap gitdi. Guran dodaklaryny ýalap, näme üçindir daş-töweregine howatyrly garanjaklady.
Onuň ýaşytdaşy bu gezek oňa suw soratmady.
Çäýnegi özi uzatdy.
Oraz sakal agyr teşnelikden çykan dek gulkudyp-gulkudyp, arryk bogazynyň ýumry etini aşak-ýokaryk ýöredip, sowuk çaýdan içip bolaryna mähetdelem, onuň ýüzüne çiňerildi:
-Beh, Oraz dost, bi zatlary çynyň bilen aýdyp otymmyň-aý ýa?! Öňler-ä şü kepiň şü taýynda Pöňküldewük batyryňy bir ýola towhuldadakga garagulagy tüwdürýädiň-de, gürrüňiň döwli ýerini tapbatlap, perme müdirinden sylag-serpaý soýup alýan ýerleňňe geçiberýädiň welin, şü sapar-a birhili ugruňy üýtgetdiň! Ýa, nä, düýş-beýleki görüp-dagy etdiňmi?! Hä?! Oraz goňşy?!
-Aý ugruňam bar bolsun, düýşüňem, goňşy! Şu güne çenli adam oglunyň ýanynda aýtman ýördüm welin, şu gün-ä bilmedim näme üçindigini, ýa artygrak düşdi, ýa kemräk kakdy, şo wakany sizlere aýdaýyn diýip tüýs içim byjyklady durdy!-diýip Oraz sakal ýuwdundy-da, ýüzüni sallady.
Ýerden göteren gyýçak daşjagazy bilen köçäniň ýarym döwük köne asfaltyny gorjap başlady.
Oturanlaryň arasyna düşnüksiz oňaýsyzlyk aralaşdy.
Ýene-de birnäçe wagtdan soň il arasyna täzeden goşulýan ýaş ýigit sabyrsyzlygyna tap getirip bilmän geçiň öň aýagyna döndi:
-“Aýdasym gelýä” diýip entek hiç zat aýtmasaň näme, Oraz kaka?!
-Hä şeýlemi? Aýtmadymmy?!-diýip Oraz sakal, keýpsiz halda başyny göterdi-de, özüne lak atana garşy bulançak gözlerini dikdi. Hiç zat saýgarmaýan ýaly birsalym oňa dikilip oturdy-da, ýene-de hümürdäp başlady:
-Äý, aýtsam ýigitler, şol ýaňky “şyňňyr-şyňňyrdyr” “güpürt-tapyrda”, “Be-e, bi nämekä, Alla janlarym?!” diýip üşerilenim hem şoldy welin, ok bolup atylyp barýan garagulag-a çyranyň ýagtysy düşýän ýerden sogrulyp, tümlüge girip gitdi.
Ol garaňkylyk üýşmegindenem, hut ýaňyja keşdeçiniň elinden çykan dek lowurdap duran täzeje, dym-gyzyl kürteli gelin, ýüzüni eda bilen ýapyp, towsup çykdy-da, maňa garşy topulaýandyr edil.
Meňem zaňňar, Hudaý diýen ýerim bardyr-da, elbetde.
“Öz-ä bir syrdam-sagat, kamaty kanagatly gelin eken welin, bi näme, beýle zoňtar güpürdeýärkä?” diýip, aýaklaryna seredäýmenmi?!
Eý Hudaý-eý!!!
Hakyýt, daýaw sygryň ýa-da ers-mers öküzçäniň tüýlek, toýnakly aýaklary bolmazmy?!
Hut şol-da…
Özem her basanda erkek ýaly ätmerläp, toýnaklaryny honda bir atyp urýar.
…Güpürt-güpürt…
…Tapyrt-tapyrt…
Durky-durmuşy bilen gotazlardan doly, galyň işmeklenen kürtesem, ol her ädende…
...Şyňňyr-şyňňyr...
...Şyňňyr-şyňňyr...
Kellesinde-de şahy bar ýaly, kürte birhili, ýokaryk galyp, howalanyp durana çalym edýär.
Kürtäniň çetleri bilen gelin ejabynda ýapylgy ýeriniň yşyndanam, içiňden parran geçip gelýän, ýylanyňky kibi ýiti garçgaý gözleri bakýar...
…Özlerem gözüňe-ýüzüňe-de däl-de, göni ýüregiňe bakýan ýaly olar.
…Güpürt-güpürt…
…Tapyrt-tapyrt…
...Şyňňyr-şyňňyr...
...Şyňňyr-şyňňyr...
Äý, şü, goşanyň iki gözünem özüme garşy ýetmäge sähel galan ol allaja garşy birden gümpüldedäkge, mottoryňam şahyny Hywa gapdala terslikgän burakga, bir böwrüne depenimi bilýän…
Birem, daňyň düýbi çyzylanda, mottorymyň byzzyny tekiz-bütiýn gurap, ýere ýykylyp galanymy bilýän…
Huşuma gelsem, şaýly gelin-de ýok, hiç zat-da…
Özümem şol gaçyp gaýdyşyma, uzak gije ümdüzime tutduryp, obaň gaýra çetine ýeteňkirläberipdirin ekenim.
Hol ýakyndan hellewläp howlymyz görünýär…
Begenjimden ýaňa duranja ýerimde ölerin öýtdüm…
Ýogsa, o gije yzymdan galman, ýeňsämden ýetip gelýän “şyňňyr-şyňňyr” bilen “güpürt-tapyrt” sebäpli, ýol saýlap-seljerere ýagdaýam ýokdy-la welin…
Äý, elbetde, adam pahyr, bir zatdan gaty gorkanda, ilki bilen, özi aňyp-aňman öýüne ylgaýarmyş diýilýäni çyndyr-da…
Oraz sakal sözüne dyngy berip dymdy-da, birsalym oýurganyp oturdy.
Oturanlaram onuň gürrüňine ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän sermisal ýagdaýda seslerini çykarmadylar.
Dymşyp otyrlar.
Her haýsynyň kellesinde-de bir pikir.
Biri oýlanýar: “Aldaýar” diýip.
Beýlekisi oýlanýar: “Bende, içip-içip, mežnun bolupdyr” diýip.
Üçünji içini hümledýär: “Giňdir dünýe geňdir dünýe. Jahanda her hili zat bolup biler” diýip.
Dördünjisi hiç hili oýlanmaýaram-da, diňe başyny aşak salyp oturan Oraz sakala bildirmän, oňa garşy kinaýa bilen gözüni gypýar.
Misli: “Ak gyzzyrma diýilýär, şol seni kowalan şaýly gelniň adyna. Bilseň azrak içmeli, halypa!” diýýän ýaly.
Ýanynda oturanlara üns bermeýän Oraz sakal, birsellem öz oýlanmaryna boýyn çümüp, muňalyp oturandan soň, başyny göterdi-de, ýene-de düýbünde azajyk sowuk çaý galan çäýnege elini uzatdy.
Birdenem pikirini üýtgetdimi nämemi, elini yza çekdi.
Eşidiler-eşidilmez, boguksy hüňürdedi:
-Şondan soň çölem-çopançylygam taşladym. Zährimara bolsa başladym. Hiç kesiň ýanynda-da geplemezlige özüme söz berdim.
Sebäp diýseň, jahyl döwrüm ýaşulularyň birinden eşidipdim.
Ha şaýly gelin bolsun, ha eýe ýa-da başga bir gara jyn, sataşyp aman-esen sypanyňdan soň, oňa uçranyňy kimdir biriniň ýanynda, ýekeje gezegem bolsa agzaýsaň, ol eşidip yzyňdan gelýärmiş diýip…
Şol pille-de çatryk tarapdan düşnüksiz ses eşidildi.
…Güpürt-güpürt…
…Tapyrt-tapyrt…
...Şyňňyr-şyňňyr...
...Şyňňyr-şyňňyr...
Bäş erkek bäş ýerden gözlerini tegeleşip, ses gelýän tarapa bakdylar.
Bäşisiňem, şol sanda şol sözleri aýdanyňam kellesinde ýaňky aýdylan sözler ýaňlanyp gitdi…
…Ha şaýly gelin bolsun, ha eýe ýa-da başga bir gara jyn, sataşyp aman-esen sypanyňdan soň, oňa uçranyňy kimdir biriniň ýanynda, ýekeje gezegem bolsa agzaýsaň, ol eşidip yzyňdan gelýärmiş…
Onýança ýaňky ses hasam golaýlady.
…Güpürt-güpürt…
…Tapyrt-tapyrt…
...Şyňňyr-şyňňyr...
...Şyňňyr-şyňňyr...
Oturanlar bedenlerine aralaşan gorkudan ýaňa saň-gaty bolup, doňdular galaýdylar.
Onýança-da düşnüksiz “şyňňyr-şyňňyr” bilen “güpürt-tapyrt” gaty ýakynjakdan eşidildi-de, birdenkä garaňkylykdan çyranyň ýagtysyna düşnüksiz bir jandar, okdurylyp çykdy.
Daýaw sygryň ýa-da ers-mers öküzçäniň tüýlek, toýnakly aýaklary.
Her basanda erkek ýaly ätmerläp, toýnaklaryny “güpürdedip-tapyrdadyp” honda bir atyp urýar.
Durky-durmuşy bilen ala-zenzele bolup “şyňňyrdaýan” gotazlardan doly, galyň işmeklenen kürtesem kellesinde.
Kellesinde-de şahy bar ýaly, kürte birhili, ýokaryk galyp, howalanyp durana çalym edýär.
Kürtäniň çetleri bilen gelin ejabynda ýapylgy ýeriniň yşyndanam, içiňden parran geçip gelýän, äpet, tos-togalak, ýylanyňky kibi ýiti garçgaý gözi bakýar.
Özem ol göz gözüňe-ýüzüňe-de däl-de, göni ýüregiňe bakýan ýaly…
Şunuň ýaly jygba-jyg pursatlar başa düşende tejribe diýilýän närsäniň nähili gymmatly zatdygy aýan bolýar.
Beýle bela-betere öňem sataşyp görendigi sebäpli köneden tejribeli Oraz sakal, oturanlaryň arasynda ilkinji bolup herekete girdi.
Gorkusyna dikeleýin diýse, onuň tekiz syrylan kellesinde birje gylam ýokdy.
Şonuň üçinem, ol, aýylganç gorkudan ýaňa ilk-ä dim-dik bolup, soňam gulagynyň daşyna çowlanan çokgaja köse sakgalyna üns bermän, ulili bilen çirkin wägirdi-de, tutluk ýaba bökdi:
-Wä-ä-ä!!! Waý ej-ä-ä!!! Şaýly geli-i-i-n-n!!!...
Onuň bu gykylygy beýlekilere-de jan girizdi.
Oturanlardan iň ýaşy, çakgany hem ýeseri, täze gullukdan boşap gelen ýigit hem şunuň ýaly aldym-berdimli pursatlarda tejribeden soň çalasynlygyň hem iňňän wajyp ähmiýetiniň bardygyny aýdyň görkezmegiň hötdesinden geldi.
Oturan ýerinden dikeläge-de, bir towsanda gapdalyndaky sütüniň adam boýy beýikliginden aslyşdy-da, deňelerine ýeten şaýly gelniň ünsüni özüni çekmezlik üçin jyňkyny çykarmanam, göz açyp-ýumasy salymda sütüne dyrmaşyp, onuň çür başynda joňkardy.
Oraz sakalyň ýaşytdaş goňşusy bolsa, şuňa meňzeş ýerlerde tejribedir-çalasynlyk bilen bir hatarda köpi görenligiňem özüne ýetik peýdasynyň bardygyny mese-mälim görkezdi.
Gyssanjynamy ýa-da düşünip aňyrsyna geçipmi, gapdalynda doňňara-daş oturan ýoldaşyny garbap gujagyna gysdy-da, ony özlerine garşy gazap bilen myşlap garaýan şaýly gelin bilen özüniň arasyna galkan edinäýdi.
Üçünji bende bolsa, al-arwaha üstlerini gapyl basdyranlaryň iň haýal oýlanýany bolara çemeli, ýakyn gelen allajydan sypmagyň başga alajyny tapmady-da, gözlerini ýumakga, öňküsindenem beter gatady oturyberdi.
Hamana, mön çagalykdaky ýaly: “Men ýok, diýmek sizem ýok” diýýän mysaly…
Şol müddetem “şaýly gelniň” ala-güpürdi bolup gelen tarapyndan ýakymsyzdan şaňňy aýal sesi eşidildi:
-Häý, haram ölmüşiň öküzi! Gyran degsin saňa gyran degmiş! Nirä güm bolduň-uw-w, gyran degipler galan?!!
Ýeteweriň-uw, adamlar!
Bi haram ölen öküzçe, gazygyndan boşanan-a boşanany welin, “güýe degjek bolupdyr” diýip, ýüpe serlip goýlan gelniň kürtesinem şahyna ildirip, gaçyp gidipdir-ä!
Megerem, elheder almakdan ýaňa heýýaty başyndan uçan bolsa-da Oraz sakal, aýalynyň gulagyňy deşip gelýän sesini tanap ýetişendir-dä, ýaby dolduryp, ýaşyl kerep bilen kerepläp duran suwdan diňe kellejigini çykardy-da:
-Gelnejeňizmi bi?!-diýip, hyýgyldaýana çalymdaş süýkdürip sorady.
Şol wagtam Oraz sakalyň aýalynyň sesinden tebil tapan “şaýly gelin”, ulagyň tekeriniň ýelini boşadan ýaly “hos-s-s” edip ýognas myşlady-da, guýrugyny jaýtardyp ümdüzine tutdurdy…
…Güpürt-güpürt…
…Tapyrt-tapyrt…
...Şyňňyr-şyňňyr...
...Şyňňyr-şyňňyr...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 693 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024

Teswirleriň ählisi: 4
1
1 Gumlygelin  
8
Sag bol @Bagabat."Şaýly gelin"çagalygmyzyñ iñ gorkunç we gülkünç ýatlamasy.

0
2 Bagabat  
43
wink

0
3 Gurgencli  
324
Hahahahaý güldürip hez berdi bu hekaýaňa:))).

0
4 Bagabat  
43
Sen entek beýlekilerinem oka, @Gurgencli, onnoň hakyky gülkiň nämedigini görorsyň! wink

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]