07:04 Goşgular -1. | |
GOŞA BAHAR GELSE...
Sahabatly ýerim, eziz höwürtgäm, Uzak ýaşar suwundan bir owurtlan, Säher bilen seň howaňy ýurudýan, Jemalyňa dünýäň geň galan wagty. Gök Hazar dörändir ajy deriňden, Ol döwürler asyl gitmez serimden, Indi ot çykýandyr basan ýerinden, Galkyndyň goşa ýaz deň gelen wagty. Babalarmyň huny ýatyr synaňda, Atalarmyň gany ýatyr synaňda, Ylham gelmän mahal-mahal gynanda, Derýa dek çyrpynýar soň gelen wagty. Çeşmeleň düýbünde gözüm görüner, Daňyň jemalynda ýüzüm görüner, Çyplaň sähralarda yzym görüner, Sesim gowşap, gözüm çöňňelen wagty. TÜRKMEN BINASY Asyl gysmaz ýüregim, atly mekanym barka, Dilim ýiti ýaragym, datly dükenym barka, Bugdaý orsun oragym, çölümde känim barka, Halal bolsun çöregim, ekip, dokanym barka, Suwum gaçmaz meýdana, uly akabam barka, Dürs çykar hasabym, Terslin okanym barka, Garaşsyzlyk ganymda, şudur türkmen binasy. Öz eli, öz ýakasy, başyny çarar türkmen, «Kyýamat gün goňşudan», halyny sorar türkmen, Lebzine wepalydyr, dostuny gorar türkmen, Degmedige hiç degmez, kim degse, drar türkmen, Gaýşaryp gez dçnýäde, göýäki çynar türkmen, Bir güni hoş güni däl, alysa garar türkmen. Gyjagyň owaz etsin, oýnagyň dutar türkmen, Garaşsyzlyk ganymda, şudur türkmen penasy. Şasenem düzlüginde ygşyldaýar ak bugdaý, Uly iliň soltany, deňi-taýy ýok bugdaý, Sary tümmül bolupdyr, depesi gyzyl çog deý. Bulutlara degip dur, harmanlar uly dag deý. Murtlak türkmen içinde gaýşaryp ýör, tüýs beg deý. Üstümize nur ýagdy, oňatlaşdy hal-ýagdaý. Türkmen aga, durmuşyň misli toşaply ýag deý, Toba eden adamyň geçilýändir günäsi. Joş, ýukalan ýüregim, ýada salyp ýaşlygy, Dünýä saňa seredýär, sen dünýäniň aşygy, «Aý dogsa, älem görer», has giňden aç işigi, Bagty gelen türkmeniň alçy gopdy aşygy, ýurdumyň ýaraşygy, Başga näme aýdaýyn, şoldur göwün hoşlugy. Ýapyň halat-serpaýy, şahyr alsyn buşlugy, Garaşsyzlyk ganymda, şoldur türkmen dünýäsi. GÖZÜM DÜŞDI «Ýok, biz kiçi döwlet däl», ýöne göwnümiz kiçi, Depämizde taýagyn kän döwdi, zoňtar «goçy», Çekip süriň başyny çekredi sakar geçi, Gör, ahyryn ýykyldy gahardan çişen gaçy, Owal bir «soýuz» bolsak, bulaşdy ýurduň içi, Çekdi dürli milletler hersi birýana göçi, Çyndyr goh-galmagaldan çalardy dünýäň saçy, Ömrüňiz uzak bolsun, ylaýym Türkmenbaşy. Garaşsyzlyk ganatym, uçmaha gözüm düşdi. Altyn şapak älemi nury bilen boýady. Türkmen aga säherde çalýardy «Ba;saýady», Gara günüň astynda geçen günüň zaýady, Ah, owalam agrasdy, uçrum-uçrum gaýady, Arman, öldi atalar, döwür munuň şaýady, Çykylmady jynaza, alynmady aýady, Dünýä kime dowzahdy, gör, kimsäge saýady, Kim ynanar diýseler, türkmen aga baýady, Garaşsyzlyk gyr atym, uçmaha gözüm düşdi. Kükreginde Gün dogdy, türkmen aga-pederim, Döwran saňa dolandy, özi biler ederin. Atalaryň ot basan ýoly bilen giderin. MERDIWAN WATAN HAKYNDA Açyk penjiräňden nur ýagyp dursa, Ýagşy niýet, ýagşy kesbe uýarlar. Depäňde loruwdap, Gün çogup dursa, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Şahandaz jahyllar, owadan gyzlar, Özlerini guş dek erkin duýarlar. Bir perdeden gopsa, çalynýan sazlar, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Bir adamyň başy çala syzlasa, Goňşy-golam dogany dek söýerler. Dürli millet bir ýaýlada ýazlasa, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Uly derýalaryň batly akymy Bize tabyn, nirä sapsak guýarlar. Birleşdi ynsanyň güýji, akyly Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Bir göreniň ýene göresi gelse, Ýerden, gökden saňa ganat ýaýarlar. Ata ogul, ene gyzdan hoş bolsa, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Çar tarapdan ýagyp dursa sahawat, «Arkadagym» diýip, seni saýarlar. Ýurdum abat, ilim-günüm salamat, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. Heniz gün düşmedik garlar ereýär, Dostlara dogan dek hormat goýarlar. Dünýä bize ynam bilen garaýar, Ine, Watan diýip, şuňa diýerler. MENIŇ DÖWRÜM Meniň döwrüm galagoply, Süňňi agyr, has gazaply. Eý, kiçijik Planetam, Garry enem, garry atam. Sen welin ýaryljak, ynha atyljak, Wulkanyň üstünde oturan ýaly. Aý-Güne garaňda ýumruk ýalyjak, Galaktikada bir owadan haly. Gohuň-galmagalyň özüňden goçak, Betpäller kän bu gün seniň kastyňda. Ýeri, suwy aýry bolsa-da birçak, Olar oňuşanok seniň üstüňde. Seniň derýa, deňiz, okeanyňy Sorup gutarjaklar emelin tapsa. Özleri neneňsi gorar janyny, Üstüňe ajalyň tohumyn sepse. Öňler adam bilen adam çaknyşsa, Indi döwlet bilen döwlet garpyşýar. Bu zemin dursunmy/ ýa ýumrulsynmy, Soragdan elenýär bu gyzgyn ýer şar. Gaýtalanmasyn hiç atom synagy, Çaýkanan beýniler tiz heňlär eken. Akyldan yransa, akyl çanagy. Adam öz öýüni tüpeňlär eken. Bäş materik – bäş burçly ýyldyz sen, Her materik bir ýyldyzyň üstünde. Herhal, herhal, ýaralanýaň gyltyz sen, Häzir dursuň, uly howpyň astynda. SYNAG Gazetde okaýan, bu hemmä belli, Newada ştaty – ýowuz adasy. Ýadro ýaragy synag edildi, ABŞ-nyň edähedi, kadasy. Radiony açýan, diktor okaýar, Ýadro ýaragy ýene ýaryldy. Zährimar ýuwutdy bu çal okean, Ýene ene ýeriň meňzi saraldy, Telewizory açýan, gysgajyk habar, Dünýäni sarsdyrýar, bu wajyp habar. Ýer asty raketa edildi synag, Eşidýärin indi näçinji sapar. Bäşinji, altynjy, onunjy sapar, Bu elhenç habar kim çäre tapar. ÝERIM Synasy gan bilen, gara der bilen hem ak säher bilen eýlenen, ýerim. Düňle sähra bilen, takyr-gyr bilen hem teşnelik bilen saýlanan, ýerim. Kalbyma siňendir ýazyň ýylysy, Beýnimi bekitdi güýzüň ýylysy, Seniň baýdak boýly gyzyň ýylysy, Ýüregmi ýakanda oýlanan, ýerim. Içeýin ak süýde garyp gandyňy, Ýuwutmaryn lebiz bilen antymy, Ene süýdi bilen ata pendini, Gursagyma guýup aýlanan, ýerim. Öwülsin, goý, ene ýerim öwülsin, Säheriň çygyna ýüzüm ýuwulsyn, Sende açylan göz sende ýumulsyn, Eşretli döwrandan paý alan, ýerim. BIR GEZEK Baharda bir gezek gülleýär baglar, Bulutlar asmana syganok dyňzap. Bir gezek, bir gezek Diňe bir gezek, Bu elwan bahara bolsady meňzäp. Adama bir gezek berilýär ýaşlyk, Dirilikde, gatynda däl kitaplaň. Bir gezek, bir gezek, Diňe bir gezek, Ýaşlygyň lowlaýan oduna taplan. Adama bir gezek berilýär söýgi, Söýülýän ojakda uzak ýaşalar. Bir gezek, bir gezek, Diňe bir gezek, Soňra ýürek ýanmaz gözüň ýaşarar. * * * Aşyk ýigit, aşyk gözel, seýle çykyp ýaz günleri, Syr alyşyp, syr berişip, dökerdiler göwünleri. Ajap söýgi, ajap duýgy, ulgamynda gizlenerdi, Ony bir sen, birem ýigit, birem aşyk gyz bilerdi, Kän döküpdim saňa gelip, ýürekdäki söýgi syry, Tohum bolup siňdi saňa, baş söýginiň arzuwlary. ÇAL, DUTARYM Gün ýaşanda, gül Watanda, Dumly-duşum lälezar. Ýaşlar oýnar, barça ýaýnar, Owaz eýlär goşa tar. Gül yşgyna hem joşguna Gujak açar ýara-ýar, Ady arşa çykan ülkäm, Sowulmaz ýazyň seniň. Çal, dutarym, çal, ditarym, Çal, dutarym, saýra sen. Hoş owazyň, şirin sazyň Dumly-duşa ýaýrasyn. Guwanýaryn zähmetime, Zähmetim bagtym meniň, Bagty tapýan zähmetimden Hoş geçýär wagtym meniň. Zähmetimden jan, Watanym Artar şöhratyň seniň, Ady arşa çykan ülkäm, Belent owazyň seniň. Çal, dutarym, çal, ditarym, Çal, dutarym, saýra sen. Hoş owazyň, şirin sazyň Dumly-duşa ýaýrasyn. Dünýä dursa sen durarsyň, Garalmasyn gök asman, Gaýgy-gussa, gara tüssä Bürelmesin gök asman. Sen diregi dünýämiziň Saňa bakýar bar ynsan, Parahatlyk esgeridir, Oglanyň-gyzyň seniň. Çal, dutarym, çal, ditarym, Çal, dutarym, saýra sen. Hoş owazyň, şirin sazyň Dumly-duşa ýaýrasyn. * * * Otuz dördünji ýyl. Segsen dördünji. Elli ýyl suw ýaly akdy arada. Aýdyň, kim oýlanmaz, kim etmez ünji, Hem ölüm barada, ömür barada. Telek iş etdiňmi soraýar wyždan, Nirede, nämede gazandyň sogap, Kyrkda kämillige ýeten bolsaň sen, Ellide özüňe bermeli jogap. Elli meň gerşimde, gider sowulyp, Nätjek-dä, kän zatlar çolanýar dile. Şonda-da adamlar bu-da gowulyk, Soňuny gören ýok, ellini dile. * * * Aslym işçi, soň ýapyşdym galama, Sandal, çekiç arasynda taplandym. Uçgun bolup syçradym men äleme, Oglanlykdan, ýigitlikden saplandym. Mynasypmy, dälmi gutlag sözlere Öz ýanymdan kän oýlanýan bu sapar. Göni garap, baha kesýän gözlere Bilýän, goşgy gerek çeperden-çeper. Elli ýylyň gary düşdi saçyma, Elli ýylyň gasyny bar ýüzümde. Ömür rugsat bermez yza, göçüme, Elli ýylyň ahmyry bar gözümde. ??? Ýuwdy agaçlaryň gyşky kirini, Bulutdan suw alan az damjalary. Şakymly saz ýaly ýagyşyň sesi, Siňipdir goýnuna bar guşuň sesi, Depämde eşdildi elguşuň sesi, Bir demde sowuldy ýaz damjalary. Göz monjugy ýaly paýrap gaýtdy, Gyz monjogy ýaly pytrap gaýtdy, Meň ýürek syrymy ýara aýtdy, Şygyrda öwülen ýaz damjalary. * * * Läläm, tur ýeriňden, aç penjiräňi, Ýazyň ysy gelýär, mele toprakdan. Synla çybyklardan damýan damjany, Ýazyň ysy gelýär, mele toprakdan. Baglar pyntyklady, asman durlandy, Owadan gelin dek zemin nurlandy, Oglanlar gudurap, gyzlar terlendi, Ýazyň ysy gelýär, mele toprakdan. Irkileýin bilbilleriň sesine, Bilbiller oýansyn ýar höwesine, Güller atyr guýdy pyýalasyna, Ýazyň ysy gelýär, mele toprakdan. Diňläýin guşlaryň şirin sazyny, Akgynly çeşmeleň hoş owazyny, Säher apalaýyn bahar gyzyny, Ýazyň ysy gelýär, mele toprakdan. Ilim abat, ýazym-ýaza ulaşsyn, Baş arzuwym, näziň-näze ulaşsyn, Toýum-toýa, sazym-saza ulaşsyn, Ýazyň ysy gelýär mele toprakdan. ÝÖR, KÖŇLÜM Ýör, köňlüm, gideli dogduk Diýara, Çarwaly, çomurly iller bagyrýar. Gökde bulut oýnap, ýagmyr ýaganda, Böreňläp kükreýän siller çagyrýar. Teşnelikden gatap ýatan takyrlar, Alyslarda salgym atan takyrlar, Boz jereni tebsireden takyrlar Gök çemenlik, atyz-çiller çagyrýar. Salgyma at saldy ata-babalar, Suwsuzlykdan göçdi küren obalar, Siňdi çölüstana gamly namalar, Şol ahwala şaýat ýyllar çagyrýar. Gaýrasy Garagum, ilersi Küren, Bu gadymy toprak kän zady gören, Teşnelik öpüşdi akar suw bilen, Bedew aty ýykan ýollar çagyrýar. Diýarym, hoşlaşdyň tozanyň bilen, Barlygymy bilýän ozalym bilen, Barýan ýüregim hem gazalym bilen, Bossany ýelpeýän ýeller çagyrýar. Tebigat ogluna etdi garaşyk, Şemal bulutlary kowdy ugruna. Ýagyş hem bahana ine, ýaraşyk, Bürgüdim gumrusyn basdy bagryna. ŞAHYR GOŞGY OKAÝAR Şahyr söýgi hakda goşgy okaýar, Duşgy damarlaryň tirsildäp gidýär. Ol ýüregin açyp, orta oklaýar, Beýleki ýürekler gürsüldäp gidýär. Bulutlar ýarylýar, çöşläp çekisin, Gülälekli bahar nuruny sepýär. Kelpezje ýigitler açyp ýakasyn, Birisi beýlekä gözüni gypýar. Arassa kalbynda söýgi közürgän, Nakysja gözeller eräp akyp dur. Söýgüden ýüregi set-para bolan, Ortada bir gelin ýere bakyp dur. Ol hem ýaş wagtynda gaty aşykdy, Şahyrlaryň jadylaýjy ýygryna. Ony bu günlere salan ýaşlykdy, Yşk ataşy hanjar urdy bagryna. Enesi öpmedik gyzyň ýüzünden, Bir ýylmanak ýigit aldy posany. Ýatlanynda ýaş paýraýar gözünden, Yşga düşüp, boz jeren dek tasany. Şahyr söýgi hakda okaýar şygyr, Dolup-daşmak şahyrlaryň endigi. Ol başky söýgüden çekse-de ejir, Püre-pürläp barýar göwün sandygy. ADYŇ DESSAN IÇINDE Aýdym ýaly giň sähram, Dünýäm ýaly geň sähram, Ýagty ömre deň sähram, Ýaýna bossan içinde. Gezdik teşne ah çeke, Senden Jeýhun daşdaka, Şaglap indi Başsaka, Gül-gülüstan içinde. Gojalaryň az gepli, Ýigitleriň ynsaply, Gyzlaryň bar edepli, Bagy-bossan içinde. Suwy syldym ýüzüme, Ýaş aýlandy gözüme, Ynan ogluň sözüne, Gezmerin san içinde. Baglaryň gujagy sen, Obamyň saçagy sen, Goşgymyň ajaby sen, Adyň dessan içinde. ÝAZ DAMJALARY Petir ýapyp çykdy mele çägäme, Ak nur sepip gitdi eziz obama, Böreň-böreň suw getirdi ýaýlama, Takyrda döwülen ýaz damjalary. Tutuk asman açdy göwün syryny, Çal bulutlar dökdi maňlaý derini, Meniň dünýäm başga, sen düşünmersiň, Saňa uýsam, jyda düşýän baryndan. Maňa arça ýaly göklük gerek däl, Lezzet alýan şu jepaly kärimden. Bir näkes haýyra şer diýip dursa, Gelmeli ýerinde gelsin gaharym. Kalbymyň töründe harasat tursa, Işläýin, sowasyn çaýym-naharym. Ýagyş ýagsyn, guýsun yzyny kesmän, Ýeller deňziň güwwüldisin getirsin. Çeşmäň suwy ýaly durlansyn asman, Guşlar arzuwymy ýaza ýetirsin. GEZEN ÝERLERIM Hany, düýn dälmidi, guzymy bakyp, Alajasüňk oýnap, gezen ýerlerim. Başyndan seçekli ýaglygyn kakyp, Alaja hünjüsin üzen ýerlerim. Hany, yrym eduip, tahýamy çöwrüp, Ýasyja döşümi şemala öwrüp, Injigime çalyp sary atýüwrük, Ýaryşda hemmeden ozan ýerlerim. Gowy zatdyr özüň bilseň hataňy, Dünýä ýaly saýdym enem-atamy, Hany, halypdan alyp patany, Ilkinji ýygrymy ýazan ýerlerim. Tamdyr ýaly gyzdy mele meýdanlar, synan göwnüm ýaly, çola meýdanlar, Hany, ak takyrlar, ala meýdanlar, Yşkyň söwdasyna gyzan ýerlerim. Bularyň barysy gözümde galdy, Gitse gelmez ýolda, yzymda galdy, Dessana öwrülse, sözümde galdy, Çybykdan at ýasap gezen ýerlerim. ÝÜREK GÜRLEDI Çykdyň alkymymdan topar gyz bolup, Durkuň bilen jadylaýjy saz bolup, Dabandan depäňe gyzyl köz bolup, Gözüm jöwherlendi, ýüzüm derledi. Kamatyňy gözüp gözüm dokundy, Jigerim jigledi, dilim sakyndy, Ýogsam, iki kenar gaty ýakyndy, Yşkyň pyýalasy püre-pürledi. Ýasalypsyň mähir bilen gaýmakdan, Gözleriň pyýala, lebiň oýmakdan, Dirilikde mährim ganmaz söýmekden, Salym gowşak, emma ýürek gürledi. BAHANA Aşyk-magşuk ýüzün sallap ýanaşyk, Bag astynda oý-pikire çümüp dur. Asmanyň hem gyzyň ýüzi gamaşyk, Dymyk howa ýaly, olar dymyp dur. Birden husyt asman atdy topuny, Buludyň öýkesi ýazyldy gitdi. Kineli göwünler açdy sepini, Ballyja dodaklar çyzyldy gitdi. Çeşmäň suwy ýaly durudyr ýaşlyk, Özümem ýaş boldum, ýetik aslyna. Onda bu men-menlik, bu gözi açlyk, Kimden miras galan adam nesline? Bu näme, horanlar gaty köpeldi, Göze-başa düşýär harsydünýäler. Häzir-ä giden ýok, iki köpünli, Öňküsinden üýtgäp ýörmi dünýäler. Kemine köneje donuny geýip, Baranmyşyn bir husydyň toýuna. Sylag-hormat edilmändir «gel» diýlip, Şahyr göwün ynjap gaýdan öýüne. Baranmyş ertesi täze don geýip, Çekilipdir altyn tabak öňüne. «Iý, donum» diýipdir mekirje şahyr, Çalaja ýylgyryp, garap ýeňine. Bizem şol husyt dek adamçylygy, Ölçeýän bolmalyň wezipe bilen. Dokçulykda azar adam gylygy, Ynsaby çalyşmaň, hapysa bilen. ÝATLAMALAR Kalbym käte azar berýär tomusda, Ajy ýatlamalar üstümden gülýär. Ejizleýän, basmarlaýar gam-gussa, Şonda-da durmuşda ýaşasyň gelýär. Maňa balyn hödür edýär balçylar. «Git» diýýärler Gara deňziň boýuna. «Saglygyňy dikelt, keýpiň açylar, Tomaşa eýleseň gülroýyna». Men durmuşda kän dostlary ýitirdim, Olaryň öwezin doljak zat barmy? Olar bilen kän meýlisde oturdym, Gökden sepeleýän ýagyşmy, garmy? Onsoň Gara deňiz ýa-da ak deňiz, Peýda etmez deňizleriň gülşeni. Herdem agşam gulagyma gelip dur, Dostlarymyň jedelleri, gülşeni. Dostlar gaýdyp gelmez, boldy boljagyn, Gezýän dirilikde, şükür edeýin. Ýatlamalar geçmişim hem geljegim, Men olardan gaçyp, nirä gideýin? GOJA OÝLANÝAR Suratyny alyp köne hramyň, Daglaryň üstünden syryldy duman. Içinde ýatan dek, haşamly jamyň, Güne owsun atýar, durna göz Sewan. Alysda dumanly daglar görünýär, Guşlar dury suwda kakýar heşelle. Ukusyz adam dek, bulut gerinýär, Köne ýyl öwrümde, bu-da kyrk çille. Ybadathanada ýüz ýaşly goja, Ararat dagyna intizar bakýar. Dodaklary tebsireýär çalaja, Kim bilýär, kalbynda nämeler gopýar. Salyhatly goja oturdy synym, Çaýkanyp ýatyrdy buýsançly Sewan. «Görýärmiň hol, dagy?», dyglady, inim, Ararat has golaý geldi şo zaman. ÝATLAMA Geçeni ýatlamak ynsana kada, Menem iller ýaly şol kada maýyl. Ýelýürek jahyldym seniň husnuňa, Badyhowa göwün bolanda maýyl. Arzuw kyldym-bahar bolsam bagyňda, Gözlerimde çakdy otly ýyldyrym. Iki dünýä sygmady bir gursaga, Hasabyn kim berer köýen ýyllaryň? Onuň üçin senden soralmaz hasap, Menem özüm üçin çykarman kanun. Ýyllar hem etjegin soraman eder Höküm bolar eken beýle-de zabun. «Ölseň-de mazara bile giderin», Diýip, batly sözläp goýduň azara. Dirilikde aýry dünýäde ýaşan Ölende sygarmy ýeke mazara. Kä durýaň gaşymda, ýüzüňde ünji, Ümürli howadan gaýyp gelýäň-de, Hyýalymda ýaşasa-da ruhuň, Saňa orun ýokdur meniň dünýämde. Ýöne, ýolda-yzda göräýsem käte Üýtgeýän, köne dert gozgaýar meger. Ýogsam, terk edilen dünýäni ýatlap, Beýle, lowlap-lowlap ýanmazdyň, jiger! Wagt ýüreklere salýar sowuklyk, Şonda-da käýarym gaýnaýan-daşýan. Guwanýan dünýäde seň barlygyňa, Ýyllar daşlaşdykça sen golaýlaşýaň. GARAGUM Diýýän sözlerime gulak goý, gardaş, Suw meniň gamymdyr, topragym – tenim. Garagumuň reňkine çalymdaş, Meniň güne ýanan goňras bedenim. Ýedi gat toprakdan nem syzyp ýatan, Sazagyň köküdirr meniň damarym. Seň gara synaňa gül ýazyp ýatan, Bol suwly derýamdyr altyn kemerim. Çopan ody ýaly közürgär durar, Maňa meşgeş beren gara gözleriň. Hernä meňzesem-de, seniň howaň dek, Guraksy bolmasyn diýýän sözlerim. Tebigatyň ýaly ketjak häsiýeti Bilmedim, neneňsi rowa görüpsiň?! Sen näme berseň-de, beren zadyňy, Ene süýdi bilen garyp beripsiň. 1976. DAG HEM ADAM Daglar adamlara meňzeş bolýandyr, Olaň hem içinde beýgi-pesi bar. Tebigat daşlara, çal gaýalara, Terjimehalyny keşdeläp ýazýar. Ony okap bilýär aňly adamlar, Aňsyzlar aňmazlar beýle zatlary. Saňa gürrüň berer nuhuň döwründen, Ýagyşyňdyr ýagmyryň alamatlary. Bu joşgunly, akar suw ýaly durmuş, Daşa ýazýar ynsan terjimehalyn. Dag ýaly adamlar daýanyp daga, Göterip ýör uly iliň ykbalyn. 1977. TOPRAK Gadymy Anteýiň aýagyn diräp, Gyssanan çagynda güýç alan ýeri, Süňňüm seniň bilen mäkäm badaşan, Nämäni tutaýyn senden ileri. Oýarýarsyň säher bilen ukudan, Daň jemalyn ýüze sylmak ýagşy-la! Gülleriň gözüňi deşip barýandyr, Maýsalaň ezilýär bahar ýagşyna. Egni gök begresli tekiz meýdanlaň Ak bagtym ýalydyr ak atyzlaryň. Alyslar ýagtylýar geljegim ýaly, Gol bulap çagyrýar ogul-gyzlaryň. Maýa botlan düzler gitmez gözümden, Göbek ganym siňen guba çägeler, Seniň şöhratyňa des-deň şägirtdir, Ak saçly atalar, gyzmaç agalar. Tylla güýzüň ýüzi ýaly nurana, Pähimdar Keýmiriň hatap galasy. Daraýy sährama giňden düşelen, Ýüz ýaşly mamamyň dokan palasy. Ýüz ýaşly sazaklar gülländir patrap, ýigdelendir ýüz müň ýaşan Garagum. Äpet güneş ýylgyryp dur depäde, Salyhatly çölüm, hazynaly hum. Akar suw buz eder mele synaňy, Otly ýalyn öper çypar tomusda. Güýzde eçilersiň, Ýatyber gyşda Ak garyň astynda elwan öwüsse. Göwnüm diýýä ýaşaýarkaň dünýäde, Ýer ýaly agras bol, ýer dek ýerlegin. Beýik zat hakynda gürlegin beýik, Agras zat hakynda agras gürlegin. Saňa dil ýetiren ömür ýalkanmaz, Durmuş derýa bolsa, toprak sakadyr. Namysym, paýhasym, bu gadymy Ýer Hemme nesil üçin birdir, Ýekedir. 1978. MEN HEM DAÝHAN Galamym polatdan ýasalan azal, Meýdanym ak kagyz, pikirim däne. Sözlerim ýoldaşym, yhlasym ýagyş, Şonuň üçin menem meňzeş daýhana. Gök asman astynda seniň meýdanyň, Bolçulyk nuruny saçýar saýaňa. Meň bar dünýäm ýumruk ýaly ýüregim, Ähli ekin ýerim sygýar aýama. Seniň ekin ýeriň hasylly dünýä, Jylawy eliňde bulanyk derýaň. Men ekin ýerimi gyzgyn ýürekden Gaýnap çykýan çeşmelerden suwarýan. Sen ýagyş isleýäň gülgün baharda, Tomus yssy gerek, bu-da bir kada. Dokmäde güöz gelse, derlär ýagyrnyň, Şahyr bilen daýhan dogan dünýäde. Meň keýpim çag bolsa, kalbym lälezar, Tomus düşer eger gaýnasa ganym. Men hem adamlara iýmit paýlaýan, Şygarym halallyk, Goşgy ynsabym. GAL, KÖŇLÜM Gel, köňlüm çykaly, meýdan çagyrýar, Bakaýyn birsalym günüň dogşuna. Ýürek ýukalypdyr, saçlar agarýar, Ezileýin baharyň ak ýagşyna. Diňläýin birsalym gudratly sazyn, Telbe kalbym, diňe bir şoňa sygyn. Guýsun gursagyma şirin owazyn, Söksün damarlary bogunma-bogun. Ýyldyz ýaly balkyldaýan gözleri Gözläýin baharda, bagra basaýyn Sylaýyn ýüzüme daňyň ak süýdün, Guşlaryň sesine gulak asaýyn. Päklik – bu bahardan alandyr nusga, Terlik – bu bahara eýlenen mukam. Sadalyk baharyň eziz dogany, Duýdum bu zatlary heniz oglankam. (Käte ylham gelýä, şoňa-da şükür), Setirlem ýyldyz dek lowurdap ýansyn. Guşlardan ir turup, okaýyn şygyr, Gije demin alan meýdan oýansyn. ÖMÜR Baharda zeminiň ýüzi nurana, Tomus çabyradýar gyzgyn howruny. Güýz gözüň dokunýar, gyş ýer agarýar, Şeýleräk pasyllaň edýän öwrümi. Ýöne bir-birinden üzňe däl olar, Baharyň goýnunda tomsuň gory bar. Aladaňdan çigrek düşýär meýdana, Güýzüň gujagynda gyşyň gary bar. Gyşyň synasynda ýaşaýar bahar, Ýaşyl öýmesini orap başyna. Ýene-de pasyllar çalyşar durar, Ýyllar perzendini gurşap daşyna. Pasyllar hem ýylda gaýtalanyp dur, Ynsanyň ömri-de şoňa çalymdaş. Gyzy enesini ýatladyp dursa, Ogly kakasyna eder çalymdaş. TEBIGAT Tebigatdan çanak-çanaklap aldyk, Çemçeläbem gaýtarmadyk yzyna. Açgözlükden gujak-gujaklap aldyk, Penjeläbem gaýtarmadyk yzyna. Suw seňrikden agdy, soňun saýmadyk, Adam öz janyna salýar wehimi. Şeýle eder ýaly, beýle baýmydyk, Ýitdi derman ot-çöpleriň tohumy. Gözüm düşdi ýazda gury seline, «Ýekeje düýp hiç-le» diýse-de bolar. Bir zady ýitirseň, onuň ýerine, Başgasyny tapyp, goýsa-da bolar. Sähramdan, ýaýlamdan ýitse gözellik, Ony kim göterip, ýerinde goýsun? Ol ýyllarmy, özümizem gözeldik, Tebigatam garrap ýörmükä eýsem? Tokaý çapylanda şaha döwüler, Şahalaryň hersi bir nyşanlydyr. biliň, tebigaty zapýalap bolar, Ýöne aldap bolmaz, olam janlydyr. * * * Ömrümde barlykdan guduramadym, Ýoksuzlygam bezär eken adamy. Märekäň öňünde ýadyrgamadym Sebäp özüm aýtdym, aýtjak zadymy. Çagalygym geçip giden ahwaldyr, Oglanlygmy welin, uruş talady. Jahyllygym oňly bolanam däldir, Garaz, ýaşlykdyr-da bir gyz halady. Otuzymda ak göründi çekgämden, Kyrk ýaşda un sepildi saçyma. «Görüň, gowy şahyr çykdy pekgeden», Diýen boldy, geçdilerem daşyma. Ýogsam, gemre baglan duýgularymyň Bir ujundan gädip alybermeli. Hasaby ýok, gören görgülerimiň, Söz dagy agzyňa gelibermeli. Şükür, gaçýan-a ýok, dodak çöwürip, Aýlawda aýlanýan güýjüme görä. Bir gün harmanymy ýele sowuryp, Baha keserler-dä çäjine görä. PARZ Diýýärler: «Adama dört zat parzdyr», Birinjiden, iýer ýaly nan gerek. Bular gadymýetden gelýän wagyzdyr, Ikinjiden, geýer ýaly don gerek. Ýazda ýazlap, gyşda üşemez ýaly, Üçünjiden, ýaşar ýaly jaý gerek. Soňundan ýeňsäňi gaşamaz ýaly, Dördünjiden her adama taý gerek. Bu heniz dokuzyň düzüňligi däl, Galan zady özüň gazanmalysyň. Bu däli göwüniň arzuwlygy däl, Uly güjüm ýaly ýazynmalysyň. Şondan soň tanarlar kimiň kimdigin, Şeýdip taplanýandyr oglan neresse. Tiz bildir giňmi, dar göwün sandygyň, Iniň halal bolsun, lebziň arassa. Onsoň ogluňa-da dört zat parzdyr, Onsoň, onsoň geçer gider gyzyňa. Ah, bu durmuş ýarylmadyk garpyzdyr, Gutarma ýok, parzlaryň yzyna. * * * Şahyrlary bölüp-büçüp ýörüs biz, Birisi-hä epik, birisi lirik. Ýa-ha gedem ýa-da gaty görip biz, Olar tankytçydan gitmezmi irip. Aşyklary bölüp bolarmy heý-de, Nirede bolsa-da, aşyk aşykdyr. Könemi täzemi garaz, her öýde Gapy-da gapydyr, işik işikdir. Söýgini-de bölüp bolarmy heý-de, Ir gelsin, giç gelsin söýgi-söýgüdir. Söýgi däldir biri bolsa biwepa, Ikinjiniň çekýän derdi gaýgydyr. Şuny-da aýdaýyn ýeri gelende, Gysgamy, uzynmy ädim-ädimdir. Içinde erbedi bolaýanda-da, Adam haýwan däldir, adam adamdyr. Ynsaby, halaly ýa-da nesibi, Ikä, üçe bölüp-büçüp bolarmy. Niçik böljek haram bilen nebisi, Heý guşlar ganatsyz uçup bilermi/ Adymyzam birdir haçsyz ýa haçly, Zöhre-hä Zöhredir, Tahyr-da Tahyr. Käsi ejiz bolar, käbiri güýçli Zandy şahyr bolsa, şahyr-şahyrdyr. SEPGIT Ak köpükler suwda akja okara, Şahyr başga deňeşdirme tapmady. Argyn aýaz ornun berdi bahara, Bu köne hasapdan ýylyň sepgidi. Bu sepgitde köne derdiň gozganar, Seni bogun-bogun söker bu howa. Käte ýagar, käte meýdan tozgalar, Sähel ahmal bolsaň, ýykar bu howa. Howa günde telim gezek bozular, Bu sepgitde ýaranmak kyn janyňa. Ýogynyň inçelip, inçäň üzüler, Besdir, şahyr, indi setir sanama. Tagamyny bilmek üçin naharyň, Ondan gerk-gäbe doýmak gerek däl. Garaz, gürrüňi kän goja şahyryň, Ah dostlar, ýüregem öňki ýürek däl. ADAM OGLY Dostum, beter süýji bolma, Ýalap-ýalap ýok ederler. Dostum, beter ajy bolma, Dura-bara zäk ederler. Dostum, beter giňem bolma, suw durmaýan aryk akmaz. Dostum, beter daram bolma, Işigiňden hiç kim bakmaz. Bolma beter şahandazam, Bilmeýänler telbe diýer. Çaklap aýdar gurrandazam, Pazyl görse, selme diýer. Bolma beter tarhandöker, Bolma beter eli gysyk. Ýagyş ýagsa, toprak çöker, Takyr ýerde biter kösük. diýseler-de bu-da parz, Goňşyňa kän dileg salma. Süňk dostuňa berme karz, Süňk dostuňdan karz alma. AKTOKAÝDA HYÝALYM GÜRGENE GÖZÜM DÜŞDI Şükür, alhamdylalla, Gürgene gözüm düşdi. Ýa bu düýşümmi walla, Gorgana gözüm düşdi. Ýagşa ýordum pälimi, Il goldady ýolumy, Bu pukara halymy, Sorgana gözüm düşdi. Geldimki zyýarata, Galmadym kyýamata, Medet ber, kyblam ata, Bargana gözüm düşdi. Öwüsýär saba ýeli, Apalap nowça güli, Adalatdan bir gyly, Ýargana gözüm düşdi. Söküp dagy-deräni, Gördüm Mazanderany, Ýüze sylyp Gurhany, Ýörgene gözüm düşdi. Arkaçdan hem Helesden Gelen kändi alysdan, Salam ilden-ulusdan, Diýgene gözüm düşdi. Sahawat bar ömründe, Keramat ar gubrunda, Magtymgulyň huzrunda, Durgana gözüm düşdi. AÝYRMA Halallyk hemram bolsun, Imanymdan aýyrma. Aýdymym dünýäm bolsun, Ynamymdan aýyrma. Ýagşylyga zamana, Göwnüm gitmez gümana, Gark bolaýyn ummana, Ummanymdan aýyrma. Aýbym bolsa ýaşyrman Diý ýüzüme çoh, arman, Aslym türkmen-musulman, Ymmatymdan aýyrma. Aktokaý Käbäň künji, Köňlüň hazyna-genji, Külli türkmen buýsanjy, Adatymdan aýyrma. Göwnüm tereň pälimmpes, Mazaryndan geler ses, Magtymgulyň mukaddes, Asmanyndan aýyrma. ÝOL BER, GÜRGEN ÇAÝY... Ýol ber, Gürgen çaýy, towlanyp akma, Çyrpynma hanadan çykanyň galar. Owalam ýaraly janymy ýakma, Atyňy säpjedip, çapanyň galar. Eý, köne güzerim bolşuňa haýran, Ogluň Türkmensähra eýlesin seýran, Agaç köprüleri edip wes-weýran, Göwün köprüsini ýykanyň galar. Ýagşy niýet bilen üstüňe barýan, Men Garaşsyz dünýä aslyma barýan, Oguz han, Görogly neslime barýan, Ýa gözüň gidýärmi, bakanyň galar. Besdir, haýbat atma, gorkman silinden, Zyýarata barýan sowul ýolumdan, Däli Gürgen hany, gaýt päliňden, Arman, diriň-diriň bökeniň galar. Ýa begenip, senem joşup akýaňmy? Kenaryňa sygman daşyp akýaňmy? Owazyma owaz goşup akýaňmy? Gel, onda akaly akanyň galar. «JAÝY» DIÝDILER Şükür, gözüm düşdi, ata Diýara, Kimsi ýegen, kimsi daýy diýdiler. Göklüginden orulmasyn biýara. «Ogly tüýs daýymyň taýy» diýdiler. Garagöz jahyllar özüme meňzeş, Owadan gözeller gyzyma meňzeş, Urbasy bar yzym yzyma meňzeş, «Bu-da Taňryň beren paýy» diýdiler. Atamyň ýaşynda eglendi gözüm, Enemiň ýaşynda çygjardy ýüzüm, Uýam ýaly gyzlar düzümde-düzüm, «On dördi gijäniň aýy» diýdiler. Asman tutuk, Gün ýakyndy ýaşara, Çygly şemal akyp girdi içerä, Dagyň üstündäki älemgoşara, «Pyragynyň çeken ýaýy» diýdiler. Aksakgal ahuna dara-direde Diýdim: «Bu mazary, özi nirede?!» «Ruhy ýer bilen asman arada, Jennetdir Pyragyň jaýy» diýdiler. AGLA GÖWNÜM Agla, göwnüm, aglanyňa degýändir, Sojap-sojap, içiň çekip aglagyn. Gussa tüssä dönüp, seni bogýandyr, Albaý bulap, dyza çöküp aglagyn. Agla, göwnüm, bir neresse çaga men, Şükür, gözüm düşdi, Gürgen çaýa meň Şudur gadym ýurdy ata-babalaň, Goý, il görsün, depä çykyp aglagyn. Babamyň kerwene goş uran ýeri, Atamyň elguşun uçuran ýeri, Ejemiň ýaşlygyn geçiren ýeri, Ýyldyrym dek çakmak çakyp aglagyn. Gözýaşym dolandyr Gürgen çaýyna, Syn edýän Pyragyň gören aýyna, Şükür Alla, bu-da düşdi paýyma, Begenjiňden Käbä bakyp aglagyn. Ulynyň agysy daglaryň sili, Yzyna akdyrar derýaýy – Nili, Şahyr Aktokaýa çökerdi ili, Diriň-diriň göge böküp aglagyn. SALAM DIÝGEÝ SEN (Dädem Durdy gojugyň sargydy) Oglum, gider bolsaň, däli Gürgene Kowum-gardaşlara salam diýgeý sen. Eger ýoluň düşüp, barsaň gorgana, Tanyş-bilişlere salam diýgeý sen. ömür salym segsen üçi sermedi, Şükür, ogul-gyzym daşym germedi, Başym näme gördi, näme görmedi, Bar garyndaşlara salam diýgeý sen. Aýlan sonarlara, dädeň ýaşlygyn Görersiň, köşegim, didäň ýaşlagyn, Kim bilýär pasylyň güýzmi – gyşlygyn, «Hüw-hak» derwüşlere salam diýgeý sen. Owal-ahyr doýan barmy panydan, Çigrekli gijeler ýyldyz sanadan, Başam barmagymy gara gan eden, Gyýylçak daşlara salam diýgeý sen. Gözüň ýaşar düýbün iýseň soganyň, Aman-esenmikä daýy-ýegenim, Bir garyndan çykan aýal doganym, Aýatda bar bolsa, salam diýgeý sen. Ol garyp atamyň mazaryn tapsaň, Huzuryna baryp, dyzyňy epseň, Başujunda düýnäp, gumundan öpseň, Müjewür başlara salam diýgeý sen. Çyn döwran dolandy garran çagymda, Garga uçdy, bilbil gondy bagymda, Ýaşlygym ýatandyr Soňudagynda, Indiki ýaşlara salam diýgeý sen. Ýatdy apy-tupan, sowuldy syrgyn, Eý, ýary-ýaranlar, biz munda gurgun. Duz nesibäm çekse, bararyn bir gün, Ýakyna-daşlara salam diýgeý sen. KYBLAM PYRAGY Ýaka tutup sygynaýyn bir saňa, Pygamber syratly babam, Pyragy. Ylhamyňdan birje owurt bersene, Synyňdan tutaýyn käbäm, Pyragy. Dogulsaň-da şu topragyň üstünde, Pelek gezdi mydam seniň kastyňda, Kiçeldiň, çeýneldiň azyň astynda, Daglary ýandyrar nalaň, Pyragy. Aşjemalyň suwuň içmişem gana, Gyzylbaýyr kimi salmaz heýjana, Ýagşylyga üýtgäp barýar zamana, Ýazlaga çykandyr obam, Pyragy. Abasarda doldy şahyr peýmany, Atyldy çarýana akyl peýkamy, Diwanyň saýyldy şygyr Gurhany, Yhlasym, höwesim namam, Pyragy. Degirmeniň ak daşynyň dişi sen, Süleýmanyň ýüzüginiň gaşy sen, Käbäň çokunylýan gara daşy sen, Ýüzüme sylaýyn kyblam, Pyragy. Meňli gyz gyzlaryň perisi ýaly, Gürgeniň sonarly deresi ýaly, Her şygryň gurhanyň süresi ýaly, Saňa sejde edýär balaň, Pyragy. ZYÝARATYŇ KABUL BOLSUN Bu güne-de düşjek eken gözümiz «Zyýaratyň kabul bolsun!» diýdiňiz. Eý, Taňrym, gör, näme gördi gözümiz, «Zyýaratyň kabul bolsun!» diýdiňiz. Pyragyň gubruna düşdi nazarym, Adam munda tolkuny dek Hazaryň, Bu syrat köprüsi – ynsan güzeriň, «Zyýaratyň kabul bolsun!» diýdiňiz. Bu ýürek urunyp kän berdi azar, Ah, dünýäm, geçmişe aýlagyn nazar, Türkmenleriň tugy bu goşa mazar, «Zyýaratyň kabul bolsun!» diýdiňiz. Goýun-guzy ýaly sataşdy janlar, Didara intizar aýry ýaşanlar, Uzyn donly, aksakgally işanlar, «Zyýaratyň kabul bolsun!» diýdiňiz. Ýüzüňizi saba ýeli ýelpesin, Bizi sylanlary Hudaý ýalkasyn, Garyndaşlar hemmä taňyrýalkasyn, «Zyýaratyň kabul bolsun!» diýdiňiz. GÖRDÜM Şükür alla, täleýimde bar eken, Käbämiň jägildän ojagyň gördüm. Ýazdylar öňümde uly desterhan, Ejem janyň açan saçagyn gördüm. MYHMANÇYLYKDA Aý ýokardan bakýar, gülýaka ýalak, Gadymy mesgeni ata-babalaň. Ýazyldy desterhan, çekildi tabak, Okarada çemçe batmaz agaran. Nurdan dury, mahmal ýaly gijeler, Öýke-kinäň ýer teýine gömüler. – Nirelisiň? – diýmez saňa gojalar, – Kimlerden bolarsyň? – diýip soralar. Sözi çekip durmaz, eýle-beýleräk, Soň yzarlar seniň ilen-çalanyňy. Nätjek, gumlularyň däbi şeýleräk, Kim bilen gudasyň, kimi alanňy. Sözleriň bataýsa maňyzlaryna, Ataňy-babaňy ýadyňa salar. Ýogsam, suw alan dek agyzlaryna, Göwnüň üçin ýöne ýylgyran bolar. Bu uly synagdyr, göniňden gelseň, Ondan abraý bilen geçäýmek kyndyr. Ahyry diýerler: «Olardan bolsaň, Öz-ä, tohumyndan adamn çykýandyr». Açyk asman gyzyl köz ýaly ýanar, Ýyldyzly çägeler oňa göz eder. – Myhman ataňdanam uludyr, iner Alyber – diýer-de, çemçe uzadar. Şonda oýlanarsyň, durmarsyň geňläp, Gylyjyň gynyny kesmeýänine. Akyl ýetirersiň, böwrüňi diňläp, Adamyň hossardan kösenýänine. Ýylgaý Durdyýew. | |
|
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |