16:59 Göwnüm | |
GÖWNÜM
Umman ýaly giñdi göwnim, Arassady kir-kimirden. Öñýeten oklap, daş-kesek, Geçip gitdi her hal, her dem. Göwnümi çökeren daglar, Ýöne ýerden döremedi. Kesekleri kän siñdirdim, Wah,şol daşlar eremedi. Ýalanlardan, ýañsylardan, Çökdi gitdi, näzik göwnüm. Birmahalky şol giñ göwnim, Ýatladyp dur, aýna döwgün. Göwnim göýä döwüljek deý, Ýatladyp dur, aýna döwgün. Ömrüm boýy ýüklendigi, Şol daşlardan çökdi göwnüm. Öz göwnime daş atana, Jogap bermän daşlar bilen. Çekip ýörin agyr ýüki, Gara gözde, ýaşlar bilen... | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||