GUMRY
Näziklige gaplap kalbym,
Sen ýene geldiňmi, gumry?!
Men pahyry goýman ýalňyz,
Sen ýene geldiňmi, gumry?!
Periň güneş deý enaýy,
Guş barmy sen deý mylaýym.
Nirede galdyrdyň taýyň,
Sen ýeke geldiňmi, gumry?!
Ömrümiň bagty ýaly sen,
Köňlümiň ýagty ýazy sen,
Sözümiň magtaýany sen,
Sen ýene geldiňmi, gumry?!
Ýüzüň biz sary öwür-de,
Aýlan, pasyrda, gowurda,
Gamgyn şahyra höwürdeş,
Sen ýene geldiňmi, gumry?!
Men seni söýmäýin neneň?!
Derdinişsem seniň bilen.
Ýada düşýär garyp enem,
Sen şony bildiňmi, gumry?!
Säherler gel, gijara gel,
Bil, birleşse biçäreler,
Galkynar göwni jaý olar,
Soň ýene gelewer, gumry?!
Gurbandurdy ORAZOW.