02:29 Gürsüldi | |
GÜRSÜLDI
Gel, gyz! Gursagyña gulagym goýup Señ ýüregiñ gürsüldisin diñlaýin! Bil, gyz! Bu dünýäde men seni sõýüp Aýdym boldum, Munda näme diñläýin?! "Gürs-gürs, Gürs-gürs, Şu sõýüşiñ bes! Meniñ sõýgim älem içre ders dälmi?!" Diýip zenan kalby owaz edende, Çensiz hyjuw dõräp gitdi bedende. Ýõne sõygi atly päk rysgalyñy Abat sakla munda Pes tut päliñi! Diýip õz õzüme ýüzlendim, ýene, Şygyrlarymy bagyşlap ýar şanyna. Bagt maña ajap ykbal berjekmiş, Düşünip hak sõýgä garaşýanyma. Gürs-gürs, Gürs-gürs, Sars, ýüregim, sars! Bagtyñ üçin hozanak bol gursakda. Sõýgiñ bagt diýen pynhan mülküne Biz ikimiz gol tutuşyp barsak-da. Çenden bimar bolmaz ýaly hulkuña Gel, sõwer ýar, Bir silkine silkine! Aýñalaly çakdanaşa joşgundan, Arasynda paýhasa-da ýer goýup. Gõýä, bedew kimin seniñ yşkyñdan, Huzuryñda men segreýip-segreýip. Sersepiliñ biri boldum, Ynanyñ, Indi maña yşkdan humar diýýärler Her kes bu zamanda sõýgä ser berjek, Juda-juda seýrekdigin duýýarlar. Has TÜRKMEN. "Beýik Türkmenbaşy Nesli" gazeti, 2007. "Garagum" žurnaly, 2009 ý | |
|
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |