07:24

Halkyñ oý-pikirlerini garjaşdyrmañ!

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 670 | Добавил: Moderator | Теги: Geldimyrat Seýidow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Haweran  
411
Beýlekileriñ näme ýazanyny okamandyryn. Awtoryñ ünsi çekmek isleýän temasy hakda K.Hallynyñ saýta goýlan "Öçe başlady" atly "goşgusynyñ" aşagynda şeýle teswiri galdyrypdym:

Awtor "Demirler asmanda ganatlap uçar" diýip sitata alan setirini Magtymguly atamyzyň haýsy goşgusyna salgylanyp aldyka? Başga bellik gerekmes. Diňe awtoram däl, eger meniň şu belligimi awtora nähak igenme hasap etjegi bar bolsa, onda şuny okap oturan okyjylar häzirki güne çenli Magtymguly Pyragynyň çap bolan goşgular kitaplarynyň içinde şu setir gabat gelýän haýsydyr bir goşgyny görkezip biljegi barmy?
Özümizçe Magtymguly ýasamalyň, gadyrdanlar. Onuň bize diňe galdyryp giden mirasy-da ýeterlik. Galdyrmadyk, ýazmadyk zadyny şoň setiri diýip sitata almak nämäniň alamaty?!..

0
3 Injener  
1
Bilýäňmi nämäň alamaty? "Мöjek gelýä, möjek gelýä" diýip ýalan sözleýän çopanyň goýnuna iň soňunda hakykatdan hem möjek gelse, eýýäm oňa hiç kim уnananok. Magtymguly Руragynyñ goşgusy diýip, interneti şyrpotrepdan doldursaň, iň soňynda hakyky Magtymgula duşup, onuñ Magtymgulydygyna-da hiç kim ynananok... uzagyndan...

0
2 Injener  
1
Mende Magtymgulyň goşgular kitaby bardy öň, şony köp okaýardym, ýöne ýokarda agzalan setirler meniň hem ýadymda ýok.

"Çöllerde gurt galmaz,
Suw başy lolyhana öwrüler"...

Şu setirler hem makaladaky agzalan şygyrdan dälmi? Eger şeýle bolsa Magtymgulyň ysam gelenok ol goşgudan. Belki, dogrudan hem bir "dalbaýok" goşguçy prikol tutýan bolaýmasa..?

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Bally Hajynyñ bir aýdymynda eşidipdim ýokarky birinji bendi. 98-2000-leriñ zapisi bolmaly.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň köpüsiniň awtorlyk meselesi onuň edebi mirasyny öwrenýänleriň dogrudanan uly problemasy. Şunuň bilen baglanyşykly onuň awtorlygy-dälligi çözülmedik şygyrlaram, ilki onuň adyna berlip, indi başga şahyrlara berlen şygyrlaram, başga eserlerde berlip, "muňa Magtymgulynyňky hem diýilýär" diýip ýaňzydyp geçilýän şygyrlaram bar (Göroglydaky "Aýrylmadymy" şygry). Pyragy atamyzyň awtorlygy ikigümanly şeýle şygyrlary ýüzlerçe.
Emma golýazmalardan ýa-da başga çeşmeden däl-de, 30-40 ýyl mundan öň bir dikdurma aýdymçynyň repertuaryndan çykan "Demirläp uçar" şygry hünürmenler
tarapyndanam, sowatly okyjylar tarapyndanam Pyragy atamyzyňky hasap edilmändi we ony şahyryň mirasyna girizmek barada gürrüň hem bolup bilmez.
Şu ýagdaýda ýokary okuw jaýynda ylym alan Kerim Hallyýewiň myny bilmezligi, elbetde, gynandyryjy ýagdaý.
Şu tip aýdymlaryň giň ýaýramagyna ýene bir düşündirişem bar.
Yzagalak jemagatlar, göýdük akyllar, primitiw aň-düşünjeler esasan täsinlige, gudrata, mugjyza garaşýarlar, olara dünýäni mantykly düşündirmelerden we ylmy delillerden beter jadylama, keramat görkezme, geljegi görme ýaly hadysalar has güýçli täsir edýär. Olara Pyragy atamyzyň mirasyndaky haýran galdyrýan ägirt ensiklopedik bilimi, dil ussatlygy, maýyl ediji duýgular dünýäsi ýa ruhlandyryryjy ahlak güýji möhüm däl-de, hakyky ýa-da ýokardaky ýaly toslanan weliligi gymmatly. Primitiw görgülijikleri tolgundyryp joşa getirýän - şol "öňünden aýdypdyr"-lar. "Pyragy atamyz gidroelektrik stansiýalaryny öňünden aýdypdyr, uçary-dikuçary öňünden aýdypdyr,
Kowidi, ABŞ-nyň syýasatyny öňünden aýdypdyr..." Howa, ýene nämeler?

Käbir din alymlarynyň pikirine görä irki jemagatlaryň şonuň ýaly ýöntemligini göz öňünde tutup, Allatagala öňki perişdelere (aýratynam Musa) köp mugjyza beripdir, soňkulara adamzadyň paýhasa has ýykgyn edýändigi üçin az mugjyza (meselem, hezreti Isa) beripdir. Taryhy taýdan onçakly gadymy bolmadyk yslam dininiň pygamberine bolsa, köp alymlaryň pikirine görä, mugjyza görkezmeklik eýýäm döwrebap hasaplanmandyr. Pygamberimiziň el bilen Aýy bölmegi, köp ulamalaryň pikiriçe, Kuranda göçme manyda aýdylan, bu diňe illýuziýa bolupdyr ýa asla bolmandyr. Mahlasy, "Ine, Kuran - munuň özi mugjyza-keramat, ine, Pygamber - munuň özi, onuň ahlagy, kemaly, sözleri - mugjyza-keramat, şundan soň isle ynanyň, bolmasa başaşak gidiň, emma mugjyza ýok, siz gadymy adamlar däl" diýildigi.
Pyragy atamyz barada hem şeýle: ine, onuň hakyky şygyrlary, ine, şahsyýeti-kemaly, ine, dürdäne paýhasy, ine, gyzyla gaplaýmaly sözleri, köşekli düýä çalşylan kitaby, şondan soň onuň beýikligini ykrar ediň, hormatlaň ýa-da öz işiňiz, emma ol uçaram, GES-em, Kowidem öňünden aýtmandyr, onda beýle öňünden görüjilik güýji bolmandyr, bu onda hem, hiç kimde hem ýok. Žýul Wern ýaly şol siwilizasiýanyň içinde ýaşap, okasaň-öwrenseň progresi öňünden aýdyp bolýar, ýogsam bolanok.

Özüm üçin-ä Pyragynyň garaşsyz milli döwletimizi diňe bir öňünden görmän, galamy we başaran serişdeleri arkaly munuň ugrunda göreşendigi möhüm. Ondan täsinje, emma gerekmejek keramatlara garaşamok.

0
6 Балканов  
1505
"Demirleriň ganatlap uçmagy", "Her öýde bir tamdyryň bolmagy", "Magtymguly meni lýeňňä dakdylar, Ýa deňleşdir, ýa ýeňseňä dyk dünýä" diýilýän jümleler beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň diwanlarynyň hiç birinde duşmaýandygyny we onuň stilistikasyna hem-de leksikasyna gabat gelmeýändigini diňe dilçi alaymlar däl, bagşylaryň hem aglabasy ykrar edýärler.
Rus dilinde неосведомленность (bihabarsyzlyk) we бездарность (körzehinlik) awtorlaryň käbirini oňaýsyz ýagdaýa eltýär. Meniň pikirimçe, dörediji adam öz eserinde başga bir awtoryň jümlesini getirende, hökman çeşmesine salgylanmaly. Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy awtorlaryň eserleri ulanylanda has hem çynlakaý çemeleşmeli.
Bütindünýä boýunça ýaýran "Folk-histori" akym edebiýatda, taryhda, ylymda, dinde haşal ot ýaly ýaýran. Onuň maksady--ata-baba gelýän däp-dessurlary, taryhy, edebiýaty, medeniýeti, din taglymatyny, ylymda ýalan açyşlar edip halkyň aňyny bulaşdyrmak.
Aý näme, "Tokaý otla, at gazan" diýenmişler, her kim öz ýörelgesi bilen çorba çykjak bolýandyr-da.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]