20:13 Hindi kinosy | |
HINDI KINOSY
Köpden bäri hindi kinolaryna Bagyşlasam diýýän birje şygrymy. Henizem ýadymda oglankam görlen "Baju-Bawra", "Jenap-420". "Hindi kinolaryn köpräk getiriñ!" Ýalbarardyk kinoçymyz Aryba. Ýolda-yzda hiñlenerdik ses goşup: "Men barýaryn Bombeýe, Iş tapylmaz meñ ýala, Tapylmasa nädeýin Özüm ýaly garyba!" Etrabyñ çägine hindi kinosy geläýdigi eşidilerdi şo bada. Kartma-kart gatnadyp, Hökman şol gije Görerdiler ony üç-dört obada. Ol döwürde jeññellikdi töerek Obalañ arasy yrakdy-yrak. Kino kartlaryny gatnadýan adam Görnerdi gözmüze Göroglyçarak. Aýallar-a aglap için egserdi, Bozulardy hatda käbir erkekler... ...Hindi kinosy bar sesin eşitsem, Aglanym ýatlaýan menem entekler: Jahyllyk döwrümdi. Görüp "Sangamy" Saklanyp bilmändim, dostlam gülşüpdi. Añansoñlar meniñ yşkdan ýanýanym, Neçüýn aglanyma olar düşüpdi. Hindi kinosyndan şu setirleri Umyt bilen gowşurypdym bir gyza: "Meñ söýgime dagam erär, Meñ söýgime daşam erär. Irde-giçde señ kalbyñda Maña bolan söýgi dörär!" Hut guýa gaçana dönüpdi hatym, Ýagşy-ýaman jogap almandym yza. ...Hol gün gördüm ýene hindi kinosyn, Kinoñ ady başga, Waka ozalky: Ezýän hem ezilýän, Söýgi, aýralyk, Ýanbermez aklawjy Goldaýan halky. Nämüçindir indi öñküler ýaly, Aglasym gelenok, awanok bagrym. Belki, duýgularym kütelişendir... ...Garaz, ýazdym niýet edinen şygrym... Hemra ŞIROW. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |